• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • MAŞGALADAKY ZULUMLYK BARADA KÄBIR FAKTLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MAŞGALADAKY ZULUMLYK BARADA KÄBIR FAKTLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (37 Ses)

Siz maşgalada edilýän zulumlyk barada nämeleri bilýärsiňiz? Belki-de, siz ýa-da beýleki maşgala agzalaryňyz zulumlygyň şeýle görnüşine sezewar bolansyňyz? Eýsem, maşgaladaky zulumlyk näme?

Maşgaladaky zulumlyk maşgalanyň içinde bolup geçip, ol birnäçe görnüşde ýüze çykyp bilýär. Köp adamlar zulum etmäni, diňe adamyň bedenine şikes ýetirme bilen häsiýetlendirilýän zorluk diýip hasaplaýar. Zulumlygyň dürli görnüşleri diňe urulýan we ejir çekýän adama däl, onuň hemme maşgala agzalaryna we ýaşaýan jemgyýetine öz oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Köplenç maşgaladaky zulumlyk jynslaryň arasynda ýüze çykyp, esasan erkek adamlaryň aýallara gönükdirilen zulumlygy syn edilýändir. Bu ýagdaýda, tebigy ejizligi we köplenç sosial basgançagyň pes derejelerini eýeleýändigi sebäpli, aýallar zulumlygyň esasy pidasy bolýarlar. Ýöne maşgalada edilýän zulumlyk aýallardan başga-da, beýleki maşgala agzalaryna gönükdirilip bilinýär, meselem çagalara, maşgala bile yaşaýan garry ene-atalara. Kä wagtlar aýalyň özem maşgala agzalarynyň garşysyna zulumediji tärleri ulanyp biler. Maşgalada duş gelýän zulumlygyň mysallary:

► Urmak, depmek, şapbatlamak, teniňi yakmak, pyçaklamak ya-da maşgala agzasyny atyp öldürmek;

► Mertebesini peseltmek, kemsitmek, sebäpsiz günakärlemek;

► Haýbat atmak, gorkuzmak;

► Aýal-gyzlary, çagalary zor bilen jynsy gatnaşyklara mejbur etmek;

► Aýal-gyzlary daşyna çykarmazlyk, olara garyndaşyny görmäni gadagan etmek, zorluk bilen öýde saklamak, işlemegi gadagan etmek;

► Maddy kömekden we emosional gollawdam mahrum etme howpy bilen gorkuzma;

► Maşgalanyň iýmite mätäçligine garamazdan, maşgalabaşynyň alan aýlygyny öz islegine görä (meselem, alkogol içgileri içme, keýp çekme) harç etmegi;

► Adamyny öz islegine garşy işletmek we onuň iş hakyny alyp galmak;

► Gyz çagalary oglan çagalara garaňda az moçberde we hiltaýdan pes iýmitlendirmek. Olary esasy sosial hukuklaryndan (meselem, bilim almak, işlemek) mahrum etmek.

Maşgalada duş gelýän zulumlyk üç görnüşde ýüze çykyp bilýär:

► Eger bir adam beýleki adamy urup tenine şikes ýetirse, bu fisiki zulumlyk bolýar.

► Eger bir adam beýleki adamy kemsitse, haýbat atsa, mertebesini peseltse, ýekelese, äsgermese – onda bu emosional taýdan zorluk etme bolýar.

► Eger bir adam beýleki adamy zorluk bilen jynsy gatnaşyklara mejbur etse – onda bu jynsy zorluk bolýar.

Maşgalada hökümini ýöredýän zorluk etme, öz ýaýbaňlanyş häsiýetine baglylykda birnäçe tapgyrdan ybaratdyr.

Zorluk etme birinji gezek ýüze çykanda, hiç bir zada degişli edilmeýän, bir aýratyn waka ýaly görünýär. Köp ýagdaýlarda, zorluk etme birnäçe gezek bolup geçse, onda ol şeýle gaýtalanýan tapgyrlara eýe bolýar:

1. Bir gezek zulumlygyň pidasy bolan aýal indiki gezeklere garaşyp taýýarlyk görüp başlaýar. Köp çatynjalarda "asuda dowür" (uruşsyz, söwuşsiz) gysgalyp ugraýar. Aýalyň "gözüniň ody" alnandansoň, ol erkek adamynyň doly gözegçiligine düşýär, erkek adam üçin bu ýagdaýda ýagdaýyň üýtgejekdigi barada wada bermeklik zerurlygy aradan aýrylýar.

2. Ýene zorluk etme (fiziki, emosional, jynsy zorluk).

3. Asuda döwür (erkek adam günäsini boýnuna alanok, özüni alyp barşyna sebäp tapýar ýa-da tersine, günasini boýnuna alýar, ötünç soraýar, indi gaýtalamajakdygyny wada berýär).

4. Barha ösýän dartgynlylyk (gahar-gazap, jedelleşmek, günäkerlemek, söz bilen göwne degmek).

Maşgaladaky zulumlygyň sebäpleri

Gyzlar we oglanlar çagalyk döwründen maşgalada nädogry terbiýe alyp, durmuşa zorluk etmä getirip bilýän endikler bilen gadam basýarlar. Biziň jemgyýetimizde, bar bolan jemgyýetçilik düşünjelere we däp-dessurlara baglylykda, erkek oglanlar maşgalada esasy orny eýeleýji äheňde terbiýelenýär. Gyz maşgala, durmuşda erkek oglanlara garaşly bolma, erkegiň hemme diýenini çykgynsyz ýerine ýetirme düzgüninde terbiýe berme häsiýetliligi degişlidir. Maşgala zulumlygy – aýallaryň durmuşyny gözegçilikde saklamak we olaryň ykdysady we sosial taýdan özgermegine ýardam berip biljek hukuklaryndan mahrum etmek uçin ulanylýan sosial "gural" bolup durýandyr.

Zulumlygyň döremek howpuny ýokarlandyrýan faktorlar

Eger aýal çagalyk döwründe zulumlyga sezewar bolan bolsa, onda onuň uly durmuşynda hem zulumlygyň pidasy bolma töwekgelligi artýandyr. Erkek oglan kiçilikde zorluga sezewar bolan bolsa, onda ulalanda özüniň hem zulum ediji bolup ýetişmegi ähtimaldyr. Köp adamlar zulumlygy döredýän faktorlara alkogol, neşe, stress, pulsuzlyk, gowrelilik, gabanmak duýgulary ýaly sebäpleri degişli edýärler. Ýone bu faktorlar zorlugyň düýp sebäbi bolup bilenoklar. Hawa, erkek adam serhoş bolanda aýalyny gabanyp zorluk görkeziji hereketleri edip biler. Ýone erkek öz duýgularyny başgaça görkezip bilmese, onda ýokardaky bellenýän faktoralar zorluga getirip we ony möwjedip bilerler.

Zulum etmä getirýän düýp sebäpler

Maşgaladaky zorluga garşy onuň düýp sebäplerini seljermän göreşip bolmaz. Eger:

► Erklilige we şahsy azatlyga bolan hukuk jemgyýetde we maşgalada deň derejede bölünmedik bolsa;

► Adamlara düşündirme we kynçylyklary zorluksyz çözmek ukyby ýetmese;

► Aýallaryň pul gazanjynyň barlygyna garamazdan, ykdysady taýdan erkeklere garaşly bolmaly diýlen düşünjeliligi saklanyp galsa;

► Aýal we çagalar erkek adamlaryň "hususylygy" we olaryň doly ygtyýarynda bolmaly diýlen düşünje bolsa;

► Jemgyýet tarapyndan, şaýatlaryň, dost-ýarlaryň, garyndaşlaryň, goňşylaryň zorluga biperwaý garamaklary we onuň öňüni almak we duruzmak ugrunda hiç bir çäre görmezligi ýaly jemgyýetçilik aýratynlyklary saklanyp galsa, maşgaladaky zulumlylyk ahwalatyna garşy göreşme uly kynçylyklara duçar bolup biler.

Maşgaladaky zorlugyň getirýän netijeleri

Zulum etme diňe bir aýal-gyzlaryň durmuşyna "awy gatman", maşgaladaky çagalara we bütin jemgyýete hem örän oňaysyz tasirini ýetirýär.

Eger maşgalada bar bolan zulumlygyň pidasy aýal bolsa, onda ol aşakdaky ýagdaýlardan ejir çekip biler:

► Beden şikeslenmeleri: döwülen suňkler, ýanyk, gözüniň aşagynyň gögermesi, açyk ýaralar, kesikler hem-de kellagyry, demgysma we endamyndaky agyrylar zulumlyk bolan wakadan soň kän wagt ezýet berip biler. Kä halatlarda şikeslenmeleriň maýyplyga hem getirmegi mümkindir.

► Psihiki-emosional kynçylyklar: hemişe gorkyda ýaşamak, depressiýa, ynamsyzlyk, özune we öz mümkinçiliklerine göwni ýetmezlik, ýekeçilik, masgaraçylyk duýgusy, öz-özuni günäkärlemek, iýmitlenmek we uky bilen bagly kynçylyklar. Zorluga çydamlylyk görkezmek maksady bilen, aýal saglygyna zeper ýetiriji, ýaramaz endikleriň kömegi bilen özüni halas etmäge ymtylýar, meselem, neşäni we alkogol içgileri kabul edip başlama ýa-da birnäçe tertipsiz jynsy gatnaşyklary alyp barmak.

► Önelgelilik saglygyna degişli kynçylyklar. Göwrelilik wagty aýala zulum etme, çaganyň wagtyndan öň dogmagy, çaga çörekçesiniň wagtyndan öň gopmagy ýaly gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup bilerler. Zorluk bilen jynsy gatnaşyklara boýun etmek islenilmedik göwreliligiň döremegine, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň ýokuşmagyna getirip bilýändir. Jynsy zorluk jynsy gatnaşyklara gorkyly, aýyp, kemsidiji hadysa ýaly garalmagyna esas döredip biler. Çagalykda başdan geçirilen jynsy zorluk oňa bolan gorkyny döredip, soňky sagdyn jynsy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna bökdençlik döredip biler.

► Ölüme getirýän beden şikeslenmeleri.

Eger maşgala zulumlygyna çagalar sezewar bolsalar ya-da olar onuň şaýaty bolsalar:

► Güýçli alaçsyzlyk, gahar, masgaraçylyk we özlerini günäli duýma duýgularyna eýe bolýarlar.

► Özlerini gaharly (agressiw) alyp barýarlar. Bu özlerini zorlukdan goramagyň esasy usuly bolup durýandyr.

► Gorkyly düýşleri görme we beýleki gorkular, gije duşeklerine buşukma (enurez), barmaklaryny sormak we beýleki emosional kynçylyklara sezewar bolýarlar. Gaça durmak maksady bilen, köpçülikde çagalar özlerini ýuwaş alyp barýarlar we başgalara gatyşanoklar.

► Beden şikeslerini alýarlar we ölüm howpy artýar.

Zorlugy başyndan geçirýän maşgalalarda çagalar kanagatly iýmitlendirilmeýärler, olar kadaly ösmeýärler, başga çagalar bilen deňeşdirilende mekdepde ýetişikleri pes bolýar. Bedeniň goraglylyk ulgamynyň gowşandygy sebäpli ýygy kesellemäge ýykgynly bolýarlar.

Maşgala zulumlygynyň ýaýbaňlanmasy jemgyýetde şu ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýar:

► Hemmeler zulum etmäni, bar bolan kynçylygy çözmek uçin giňden ulanylýan ýerlikli bir usul diýip hasaplaýarlar.

► Erkekler esasy, hökümini ýörediji jyns, aýallar olara bakna, jeza berilmäge mynasyp diýen ýaly nädogry düşünjeleriň döremegi hem-de aňda ornaşmagy.

► Zulum etme netijesinde gorkuzlan, dymmana mejbur edilen aýal-gyzlar ýa-da maşgala zorlugyň hüjümünde öldürilen aýallar jemgyýetiň durmuşyna gatnaşyp bilmeýärler.

Terjimäň originaly.

  • 7767 gezek okalan