• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÄZE TEHNOLOGIÝALAR WE SAGLYK MESELELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE TEHNOLOGIÝALAR WE SAGLYK MESELELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (29 Ses)

Aragatnaşyklaryň we habarlaşmagyň täze tehnologik usullary adamlaryň has oňat okamagyna, işlemegine, täze maglumatlary almagyna, wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Emma internetiň we öýjükli aragatnaşyk serişdeleriniň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň bardygyny bilmek zerurdyr. Şu döwürde internet bilen iş salyşmaýan ýa-da öýjükli telefon ulanmaýan adamlary barmak basyp sanaýmaly diýsek ýalňyşmarys. Hemişe diýen ýaly eýesiniň ýanyndaky telefonyň we internetiň täze psihiki keselleriniň döremegine sebäp bolýandygyny lukmanlar şu wagta çenli äşgär etmändiler. Aşakda iň ýaýran we indi inkär edilmeýän kynçylyklar baradaky maglumat beýan edilendir.

 

 

Hyýaly jaň eşitme duýgusy we telefonsyz galma gorkusy

Telefonyna jaň gelmese-de, onuň sesi eşidilýän ýaly bolýar. Bedenimizde sähelçe bir sanjylama duýsak ýa-da töwerekde bir ses eşidilse, biz ony telefon jaňy bilen baglanyşdyrýarys. Bu özboluşly kesel stress netijesinde döräp, ol örän giňden ýaýran üýtgeme bolup durýandyr. Başga-da giňden ýaýran psihiki bozulmany nomofobiýa diýlip atlandyryp, bu düşünje nomobilefobiýa sözünden gysgaldylyp alnandyr. Başgaça aýdanymyzda, bu söz öýjükli telefonsyz galmakdan döreýän gorkyny aňladýandyr. Şeýle ýagdaýdan ejir çekmeýänler az-azdyr. Käbir adamlaryň telefonynyň akkumulýatory çöken bolsa, olar biraz howsala düşýärler. Emma käbirleri bolsa özüni hakyky betbagtçylyga uçran ýaly alyp barýarlar.

 

Kiberkesel

Bu bozulmanyň asyl häsýetnamasy, adamyň käbir elektron enjamlary bilen işleşende, baş aýlanma, ýürek bulanma, nirä ýöreýänini bilmezlik duýgusy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyndan ybaratdyr. Kiberkesel adalgasy eýýäm 1990-njy ýyllarda howaýy (wirtual) hakykatyň ilkinji enjamlary ulanylyp başlananda girizildi. iOS-iň täze görnüşi işlenilýänçä, iPhonyň eýeleri hem ýürek bulanma arz edýärdiler. Bu bozulma ýene-de "san deňiz keseli" ady bilen hem bellidir.

 

Facebook-gamlanmasy

Ýaşlar köplenç inernet arkaly jemgyýetçilik ulgamlarynda tanyşýarlar, bir-birleri bilen habarlaşýarlar. Näçe uzak aragatnaşyk sakladyklaryça, olaryň şonça-da keýpi bozulýar, olar köplenç gam-gussaly, aladaly bolýar. Munuň sebäbini şeýle düşündirmek bolar. Jemgyýetçilik ulgamlarynda habarlaşýan adamlar internetde özleriniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge çalyşýarlar. Olar gözel ýerlerde düşen, hemme taraplaýyn owadan suratlaryny goýý"arlar. Olara seredýän adamyň göwnüne hemmeler özünden bagtly, owadan, şadyýan ýaşaýan ýaly bolýar. Onuň dura-bara öz-özünden, ýaşaýyş durmuşyndan göwni geçip başlaýar.

 

Internet-garaşlylyk

Internete garaşly adam ondan asla çykasy gelmeýär. Internete girip bilmedik ýagdaýynda howsala düşýär. Wagtynyň köp bölegini internetde geçirýän adam durmuşyň beýleki taraplaryny ünsden düşürýar. Ol şahsy durmuşyna, işine ýer galdyrmaýar. Alymlar şeýle bozulmanyň neşekeşlige ýa-da psihiki bozulma degişli edilmeginiň dogrulygy barada ylmy çekeleşikleri alyp barýarlar.

 

Onlaýn-oýunlara garaşlylyk

Onlaýn-oýunlara garaşly bolmak has ýygy we weýran ediji kesel hasaplanylýar. Adam şeýle oýunlara gyzygyp, özüni oýnuň bir gahrymany ýaly duýýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan howaýy, oýun durmuşyna girişip, hakykatda işini, maşgalasyny ýitirýär, horlanýar, hatda öz janyna hem kast edýär.

 

Kiberhondriýa

Kiberhondriýadan ejir çekýän adam internetde keseller barada okap, olaryň köpüsiniň özünde bardygyna ynanýar. Netijede, sähelçe kellesi agyrýan bolsa-da, şeýle adam özüni agyr kesele üçran ýaly alyp barýar. Özüni ynandyryp, ol hakykatdan hem saglygyna zyýan ýetirýär, oýlap tapan keseline duçar bolýar.

 

"Google täsiri"

Şeýle keselli adam özüne hiç hili bilimiň gerek bolmajakdygyna şübhesiz ynanýar. Onuň pikiriçe, islendik maglumaty Google arkaly alyp bolýarka, haýsydyr bir zady ýatlamagyň geregi ýok. Google peýdalanýan adam başgaça pikir etse-de, onuň "Google täsirine" garşy durnuklylygy bolmaýar. Beýni bir zady ýatda saklamak üçin özüne agram salmaýar, maglumatlary bir ýerden taýýar görnüşde almaga öwrenişýär.

  • 7182 gezek okalan