• Baş Sahypa
• Makalalar
• Sagdyn durmuş
• Umumy
• NÄME SEBÄPDEN ADAMLAR BIRI-BIRINI KEMSIDÝÄRLER?

NÄME SEBÄPDEN ADAMLAR BIRI-BIRINI KEMSIDÝÄRLER?

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (32 Ses)

Bu häsiýet wagtal-wagtal adamlaryň köpüsinde ýüze çykýar: kimdir biriniň mertebesini peseltmek, onuň kemçiligini ulaldyp görkezmek, göwnüne degmek ýa-da özgäniň eden işiniň ähmiýetini peseltmek. Şeýle adamlara, megerem siz öz ýaşaýan jaýyňyzda, dükanda nobata durkaňyz, jemgyýetçilik transportynda, iş ýeriňizde ýygy duşýan bolsaňyz gerek. Aragatnaşyklaryň seýle görnüşini maşgalada hem synlama bolýandyr.

Käbir adamlar üçin özgäniň gymmatyny gaçyryp, ony tankytlama häsiýetini saklamak, aragatnaşyk saklamagyň ýeke-täk nusgasyna öwrülýär. Üstesine-de, olar özüni alyp barşynyň nädogrudygyny hem aňmaýarlar, meseläniň başga çözgüdiniň bardygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärler.

KIŞINIŇ GYMMATYNY GAÇYRMA NÄME SEBÄPDEN ÝÜZE ÇYKÝAR?

Gymmatyny gaçyrma ýa-da bigadyrlyk – biziň psihikamyzyň gorag mehanizmidir. Bir söz bilen kesgitlänimizde sowut ýa-da gabykdyr. Adamlar ömrüniň dowamynda kem-kemden bu pes häsiýet bilen örtülip başlaýar, ol näçe uzak ýaşasa, bigadyrlyk gabygy şonça hem galňaýar we agralýar. Bu häsiýet kime we näme üçin gerek?

Ol özüne pes baha berýän, içki närazylygy bilen ýaşaýan, başgalaryň üstünliklerine gözigidijilik bilen seredýän adamlar üçin, birini kemsidip içki kanagatlanmasyny ýokarlandyrmak, zerur psihologik i gorag çäresi bolup durýandyr. Bu gorag mehanizmini özleşdiren adamlar söýgi we mähir bilen ýol alyp bolýandygyna düşünmeýärler. Olar diňe güýç we mejbury sylag bilen orun alyp bolýandyr diýip pikir edýärler. Ýöne adam ilki bilen özüne hormat goýmalydyr. Näme üçin? Ynsan özüni ösýänligi, saldamly üstünliklere eýe bolýanlygy üçin ( dörediji ýol) ýa-da özgäni "kiçeldip", kemsidip, gymmatyny gaçyryp bilýänligi üçin sylap bilýär. Bu psihologiki ösüşiň haýsy ýoly aňsat? Elbetde, ikinjisi.

Geň hem bolsa, käbir adamlar bigadyrlygy, kemsitmäni öz pes mertebesini, bahasyny, ornuny belende galdyrmak üçin ulanýarlar. Ýöne olar özgäni kemsitmän, özüni – öz bilimini, başarnygyny, maksadyny, üstünliklerini peseldýärler. Bular ýaly ýagdaý, adatça, birden bir şowsuzlyga duçar bolan ýagdaýynda, özünden göwni geçmezligi üçin ulanylýar. ("Meniň bar bolup bilşim-dä şu, başga nämä garaşdyňyz? Bişow adamlaryň hem üstünligi bolarmy".)

Kemsitmäniň üsti bilen biz duýgularymyzdan hem goranýarys. "Kes sesiňi, heleý!", "Erkekler indi ownap başlapdyr!".

Adatça, pes bahany, kömegine örän mätäç bolunýan, ýöne belli bir sebäplere görä "bil baglap bilmeýän" adamlaryna hem berýärler. Şeýle hem kemsitmäni we gymmatyny gaçyrmany özüne ýakynlaşdyrmazlyk, ysnyşmazlyk we ýüregiňi açmazlyk üçin ulanýarlar. Bu ýagdaýy özüne ynamy ýok adamlar, haçanda bir wagt "ýaňagyňa şarpyk çalynanda" (Bu elbetde şeýle hem bolýar. Sebäbi oňa toplanan tejribe şaýatlyk edýär.) garaşylmadyk urgy bolmazlygy üçin ulanýarlar.

ASLY ÇAGALYKDAN GELIP ÇYKAN HÄSIÝET

Gymmaty gaçyrmanyň özeni çagalykda döräp başlaýar. Köplenç ata-eneleriň özleri aragatnaşygyny birek-biregi kemsitme, şonuň bilen birlikde çagasynyň kemçiligini nygtap durmak arkaly gurýarlar. Bu gatnaşygy synlap ýören körpeje ony ýaşaýşyň ýeke-täk ülňüsi höküminde kabul edýär we durmuş ýoly boýunça alyp gidýär.

Onuň üstesine-de, ata-eneler hem adam. Käbir ýagdaýlarda, olar özlerine pes baha berip, özüne ynam etmeýän we durmuşynda bolup geçýän zatlary beýle bir şowly däl diýip hasap edýän adamlara öwrülýär. Olar özge biriniň özlerinden gowy bolmagyny, üstün çykmagyny islemän uly alada galýarlar. Netijede: "Iliň çagasy çaga şekilli, sen bolsa!...", "Ýene uzyn gün oýun oýnadyňmy? Ondan öý işleriňi etmeli ekeniň!", "Tentek! Akmak! Senden hiç wagt kemally zat çykmaz!" diýen ýaly igençler ýüze çykýar.

Şeýle şertde önüp-ösen çagadan özüne ynamly, şowly, etjek işini bilýän adam kemala gelmeginiň ýerine, özüni we özgäni kemsidip, gymmatyny gaçyryp ýören oňşuksyz adam ýetişýär.

GORANMAGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI
Gadyr-gymmaty gaçyrmaga endik eden adamlar bilen özüňi nädip alyp barmaly?

Mümkin bolsa olara ýanaşmaly däl, öz durmuşyňyzdan çetleşdirmäge çalyşmaly.

Eger ol ýakyn adam bolsa, siziň täsiriňiz ähmiýetli bolup, aýdanyňyzyň diňleniljegine umydyňyz bar bolsa, öz duýgyňyz barada, şeýle hem onuň "awuly" sözleriniň siziň kalbyňyza "ýara" salýanlygyny, siziň göwnüňize degip gynandyrýandygyny düşündirmäge synanyşmaly. Nähili aragatnaşygy isleýändigiňizi duýduryp, mundan beýläk çäkden çykmazlygy talap etmeli.

Eger şeýle adamlar siziň işdeşleriňiziň arasynda bar bolsa, siz hem onuň bilen gatnaşygy dowam etmegi isleýän bolsaňyz, gadyr-gymmatyň gaçyrylan pursatyny dogry seljerip, hiç bir ýagdaýda öz hasabyňyza kabul etmeli däldigiňizi özleşdirmelidir. Bolup geçýän ýagdaýa çuňňur nazar salyp, sebäbini tapmaga çalyşmaly. Adatça, bular ýaly ýagdaýa – biri bilen ýakynlaşmaga bolan erksiz howsalaly gorky we söýgä, mähire, duýgudaşlyga mätaçlik sebäp bolýar.

ŞAHSY PIKIR

Diňe ejiz, özüne bolan ynamy ýok adamlar, öz-özüne berilýän bahanyň derejesini kişiň hasabyna galdyrýarlar. Bular ýaly adamlara diňe nebsiň agyryp, rehimiň inmelimikä diýýän. Elbetde gadyr-gymmaty, sylag-hormaty ýeterlikli derejede saklap bilmeýän adamlar bilen gatnaşykda bolmak örän agyr ýük, sebäbi sen mydama dartgynly ýagdaýda bolup, erkiňi "eliňde saklamaly" bolýar. Şonuň üçin, eger siz pes häsiýetli bigadyr adamlar bilen käbir durmuş ýagdaýlaryna görä aragatnaşyk saklamaga mejbur bolsaňyz, sabyrly bolmagy, geçirimli bolmagy, iň ýiti ýaragyňyzyň ýagşy söz bolmagyny maslahat bermek bolarmyka diýýän. Biziň ata-babalarymyz – "Ýagşy söz ýylany hininden çykarar, ýaman söz gyljy gynyndan", diýip ýöne ýere aýdan däldirler.

• 3857 gezek okalan

Teswirler (8)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. Torum

Pikirli dogry belläpsiňiz. Her adam men, men diýip ýaşaýar. Adamlarda geçirimlik biri-biriňi sylamak ýaly adamkärçilik sypatlary ýok boldy. Bir söz az, iki söz köp, gep alyp galjak bolanoklar, şeýdip hem biri biriňi kemsitmeklik başlanýar.

1. Maral

Pikirli, su Turkmen ayallaryng biri birini kemsidvani barada hakytat yazypsyng. Size hormat! Turkmende shatlyk gormony gutardy diysegem bolarmyka diyan!

1. Pikirli

Howa, biri-biriňi kemsidiji, mertebesini peseldiji sözleri durmuşda köpçülik ýerlerinde, kä halatlarda iş ýerlerinde, ýolbaşçylaryň öz garamagyndaky işgärlerine kemsidiji sözler bilen azgyrylmagy, türkmen maşgalalarynyň köpüsiniň öýlerinde diýen...

Howa, biri-biriňi kemsidiji, mertebesini peseldiji sözleri durmuşda köpçülik ýerlerinde, kä halatlarda iş ýerlerinde, ýolbaşçylaryň öz garamagyndaky işgärlerine kemsidiji sözler bilen azgyrylmagy, türkmen maşgalalarynyň köpüsiniň öýlerinde diýen ýaly çalt-çaltdan duş gelmek bolýar. Seredip otursaň biri - biriňi kemsitme derejesine ýeter ýaly uly bahanada ýok. Jemgyýetçilik ýerlerinde, maşgalada maşgala agzalary adamçylyk edip, edaralaryň ýolbaşçysy bolsa işgäriniň ýerine ýetirmeli işini, mylakatly talap edijilik äheňinde çözülmeli meseleler, bahanalar ýaly, emma ýagdaý kemsidilmäň, bigadyrlygyň, maşgalada iki tarapyň hem açy sözler bilen „ödüni“ dökmesi ýokary derejesine baryp ýetýär. Edarada ýolbaşçy men..., maşgalada-äri-öýüň hojaýyny men, men, men...!!! Näme, köneden gelýän „diýdimzorluk“ keseli nesilden nesile geçip, biziň Bagtyýarlyk döwrümizde-de höküm sürýärmikä! ? Howa her kim öz ýerinde „lider“ boljak bolýana meňzeýär.
Dünýäde biri-biriniň gadyryny gaçyrman, kemsitmän ýaşaýan halk, döwlet barmyka?! Kä ýurtlarda bolaňda, köpçülik ýerlerde (muzeýlerde, seýil baglarda, bazarlarda, uly supermarketlerde,...) daşyndan synlasaň, ýaşaýan adamlaryň biri-birine garaýşy, gatnaşygy, hoşniýetli, mylakatly, mähirli bolup görünýär. Bir sorag bilen ýüzlenseň ýylgyryp, jogap berýärler. Bu hoşniýetli garaýyş başga halklaryň medenýetlilik derejesiniň ýokarylygyndan,şeýlemikä? Biziň halkymyzyň esasan hem gelin-gyzlarymyzyň ýüzünden „ gar“ ýagýar, gözleri bilen iýäýjek bolup, saňa edil duşmanyna sereden ýaly seredýärler. Ýüzleriniň mimiki myşsalary işlänok, iş ýerlerinde özlerini alyp baryşlary gödek, goppam, sorag bilen ýüzlenseň, degerli, netijeli söz bilen jogap berenoklar. Olaryň köpüsi öz ýerine ýetirmeli işlerini bilmänsoňlar, soragy kemsitme hasap edýärlermikän diýip pikir edýärin. Sen bir söz diýseň, onsaň biri-biriňi kemsitme başlanjak. Kemsitmeden goranjak bolsaň, sesiňi çykarman, giňlige salyp, gidibermeli bolýar. Adamlar biri-birine söýgi, mähir bilen garap, mylakatly aragatnaşykda bolup, her kim iş ýerinde öz etmeli işini bökdençsiz ýerine ýetirse, gör nähili durmuş lezzetli bolardy. Şol arzuw-hyýaly göz öňüne getirip görüň. Köp keseller degna ulgamynyň dartgynlylygy sebäpli döreýär. Şol keseller azalardy. Her adama ýaşamaga bir gezek berilen durmuş gyzykly, lezzetli bolardy.
Bigadyrlyk, kemsitme psihikamyzyň gorag mehanizmdir diýilýär. Psihikamyzy nämeden gorajak? Pisihikamyz goralanok. Gaýtam, biri-biriňe „awuly“ sözler aýdylyp, oňa hüjüm edilýär. Kesel gazanma ähtimallygy döreýär. Men-ä, biri-biriňi kemsitmekligi gorag hasap edemok. Garşydaş adamymyň adamkärçilik sypatlarynyň ýokdygyny görkezýän alamat diýip hasap edýärin Kemsitme ýagdaýlar häzirki wagtda köp duş gelýär. Ýogsam, Hudaýa şükür, ýaşaýyş durmuşymyz erbet däl, ýurt asuda, keýpine ýaşap ýörmeli. Adamlar nämeden adamkärçiliklerini ýitirýärlerkä! Biri-biri bilen basdaşlykdanmy?! Ýa-da mesçilikdenmi?! Ýa-da bedende „şatlyk gormonynyň“ işläp çykyşy ýaly, biri-biriňi „kemsitme“ gormony köpümizde artyk çykarýarmyka?!
Biri-birimizi kemsitmäge getirýän hemme sebäpleri aradan aýryp, adamkärçilik sypatlaryny özümizde jemläp, hemme ýerde ADAM boljak bolalyň! Bular meniň şahsy pikirim.

Dowamy

1. Lukman

Hormatly Rahat!

Elbetde, siz mamla.Ene-ata öz çagasyny iliň gowsuna, göreldelisine,abraýlysyna kybapdaş edip terbiýelejek bolup çalyşýar.
Makalada bu meseläni açyp görkezýän awtor, bu ýagdaýy başga nukdaýnazardan görkezmek...

Hormatly Rahat!

Elbetde, siz mamla.Ene-ata öz çagasyny iliň gowsuna, göreldelisine,abraýlysyna kybapdaş edip terbiýelejek bolup çalyşýar.
Makalada bu meseläni açyp görkezýän awtor, bu ýagdaýy başga nukdaýnazardan görkezmek isleýär.Ol başgany kemsitme häsiýetiniň çagalykdan gözbaşyny alyp biljek çeşmesini aýdyňlaşdyrmaga çalyşýar.Hemme maşgalanyň edara ediliş we ýaşaýyş modeli birmeňzeş däl.
"Sen samsyk, asla hiç kimçe bolmaýaň", "Sen göňşyň ogly Amança (Serdarça, Nuryça) ýok.Sen akmak!", "Sen bir başa gelen bela, maşgalada hiç kime hem meňzäňok"...Ene-ata terbiýesi bilen düşünilmeýän çagany kemsitme arkaly terbiýelemegiň arasynda inçe araçäk bar.Psihologlaryň bellemegine görä, günüň-gününe özüne gönükdirilen närazylygy we igenji eşidip ulalýan çagada psihologiki ösüşiň üç görnüşi ýüze çykyp biler:biri makalada beýan edilýän " özüňi alyp barşyň modeli", özüne ynamsyz, hemişe özüni günäkär düýýan adam ýa-da adamlaryň pikirine, garaýşyna biparh garaýan adam.
Şu ýerde men M. Gorkiniň bir sözüni ýatlasym gelýär:" Eger günüň güni adama sen "jojuk" diýip dursalar, günleriň bir güni onuň dogrudanda horkuldamagy mümkin".
Aýdylanlar meniň öz pikirim.Bu barada elbetde her kimiň öz pikiri bardyr.

Dowamy

1. Tokar

Mowzukda aýdylýan pikirler has dogrusyny aýtsam durmuş basgançagynda duş gelýän pes adamlar öň hem bolupdyr, häzir hem bar, soňam bolar.Ýöne, kyn hem bolsa ol adamlar bilen baryşmaly, görüşmeli,ýaşaşmaly adamlara Hudaý medet bersin. Biziň...

Mowzukda aýdylýan pikirler has dogrusyny aýtsam durmuş basgançagynda duş gelýän pes adamlar öň hem bolupdyr, häzir hem bar, soňam bolar.Ýöne, kyn hem bolsa ol adamlar bilen baryşmaly, görüşmeli,ýaşaşmaly adamlara Hudaý medet bersin. Biziň ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly "guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin!" Akyl, paýhas, çydamlylyk her ynsana berilmändir.

Dowamy

1. Okyjy

Dogry bellediňiz Rahat! lukmanyň şol pikirleri bilen men hem ylalaşamok. Hemme tarapdan terbiýeli çagany nusga höküminde belläp, çagaňa öwüt, terbiýe bermek, men-ä öz çagaňy kemsitmek däl diýip hasap edýärin. Gözüň bilen görmek, gulagyň bilen...

Dogry bellediňiz Rahat! lukmanyň şol pikirleri bilen men hem ylalaşamok. Hemme tarapdan terbiýeli çagany nusga höküminde belläp, çagaňa öwüt, terbiýe bermek, men-ä öz çagaňy kemsitmek däl diýip hasap edýärin. Gözüň bilen görmek, gulagyň bilen eşiden ýaly däl, onda-da çagalarda!

Dowamy

1. Rahat

Bagyshlañ welin Lukman men siziñ shu ýeriñiz bilen asla ylalashamok

" Onuň üstesine-de, ata-eneler hem adam. Käbir ýagdaýlarda, olar özlerine pes baha berip, özüne ynam etmeýän we durmuşynda bolup geçýän zatlary beýle bir şowly däl...

Bagyshlañ welin Lukman men siziñ shu ýeriñiz bilen asla ylalashamok

" Onuň üstesine-de, ata-eneler hem adam. Käbir ýagdaýlarda, olar özlerine pes baha berip, özüne ynam etmeýän we durmuşynda bolup geçýän zatlary beýle bir şowly däl diýip hasap edýän adamlara öwrülýär. Olar özge biriniň özlerinden gowy bolmagyny, üstün çykmagyny islemän uly alada galýarlar. Netijede: "Iliň çagasy çaga şekilli, sen bolsa!...", "Ýene uzyn gün oýun oýnadyňmy? Ondan öý işleriňi etmeli ekeniň!", "Tentek! Akmak! Senden hiç wagt kemally zat çykmaz!" diýen ýaly igençler ýüze çykýar.

Şeýle şertde önüp-ösen çagadan özüne ynamly, şowly, etjek işini bilýän adam kemala gelmeginiň ýerine, özüni we özgäni kemsidip, gymmatyny gaçyryp ýören oňşuksyz adam ýetişýär. "

Çaga ýokardaky sözleri diýeniñ bilen çaga gaýtam gowy boljak bolup synalshyp elinden gelenini etýär. Ene ata gowy çaga meñzesin diýip "Iliň çagasy çaga şekilli, sen bolsa!..." diýip gowy çagalary mysal getirip aýtýar muny her çaga herhili kabul edip biler. Ýöne çaga sholar ýaly diýilende gowy çagalara meñzejek bolup okaýaram, ishleýärem, öwrenýärem. Ene ata iliñ çagasy çaga çekilli diýip iliñ çagasyna görüpçilik etmek üçin aýtmaýar.Öz çagasynyñ shondan görelle alamagyny isläp aýtýar.
Sheýle terbiýe alan çagalaryñ uly adam bolup we ile goshulyp il halar adamlar bolup gidenini durmushda-da görüp ýörüs.

Dowamy

1. ýaşlukman

Kemsitmegin aslynda yatan zat elbet-de gorag mehanizmasy hasaplanyar. Birini kemsitmekden keyp alyan adamlar hem gabat gelyar. Olar adatça özünden ejizlerin maddy we fiziki yagdaylaryny kemsityarler. Beyle adamlara edyan hereketinden mydama keyp...

Kemsitmegin aslynda yatan zat elbet-de gorag mehanizmasy hasaplanyar. Birini kemsitmekden keyp alyan adamlar hem gabat gelyar. Olar adatça özünden ejizlerin maddy we fiziki yagdaylaryny kemsityarler. Beyle adamlara edyan hereketinden mydama keyp almajakdygyny, gaty uly zyyan çekip biljekdigini sapak bermelimika diyyan. "Düyeden uly pil bar." diyen pahime gulak asmak gerek.

Dowamy

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location