• Baş Sahypa
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • "...GAÝYNENEMEM BIR ENEM" ÝA-DA TÜRKMEN MAŞGALASYNDA GAÝYNENÄNIŇ ORNY BARADA PIKIR ÝÖRETMELER

"...GAÝYNENEMEM BIR ENEM" ÝA-DA TÜRKMEN MAŞGALASYNDA GAÝYNENÄNIŇ ORNY BARADA PIKIR ÝÖRETMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (86 Ses)

Gaýynene diýlende her bir türkmen maşgalasynyň öýüniň gelşigi, törüniň bezegi, akylly, parasatly, süýji-lezzetli tagamlary bişirmegiň ussady, eli çeper, öý hojalygyny hemme tarapdan alyp barmagy başarýan, birnäçe çagany dogrup, ony ösdürip, il halar edip, terbiýeläp ýetişdirip, ogluny öýerip, gyzyny çykaryp, agtykly, uly maşgalanyň eýesi, durmuş kämilligini bolan zenan gözüň öňüne gelýär. Türkmen halkynyň köp gaýyneneleri, beýleki halklaryň gaýyneneleri bilen deňeşdirlende örän artykmaç, nusga alarlyk diýip hasap edýärin. Olar her bir oglunyň, gyzynyň durmuşyň haýsy "basgançakdadygyna" garaman bagtly, asuda, agzibir durmuşy ugrunda janlaryny aýaman el, gerek bolsa maddy kömeklerini bermäge çalyşýarlar. Ogullarynyň gelnini edil gyzy ýaly kabul edip, gerek ýerinde hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde, çaga ösdürmekde, oňa terbiýe bermekde öz baý durmuş tejribesini paýlaşyp, gerek ýerinde bolsa hojalyk işlerini ýerine ýetirmäge kömekleşip, uly maşgalany agzybirlikde saklamany başarýarlar. Şular ýaly gaýyneneleriň gelinleri olaryň gadyryny bilip, edil eneli-gyz ýaly mähirli-mylakatly aragatnaşygy saklap we biri-birine duýgudaşlyk edip agzibirlikde ýaşaýarlar. Olar ýaly maşgalanyň daşyndan guwanýarsyň we höwes edýärsiň. Ýöne ýerden "gaýynly gelin-gapakly gazan" diýlip, gaýynenäniň öýüň gulply-açarydygyny görkezýän pähimler dörän däldir.

Ýöne gynansagam, kähalatlarda gaýynenäniň nädogry garaýşy we hereketi netijesinde maşgalada ýüze çykýan soraglary çözmekde kynçylyk we düşünişmezlik döreýän ýagdaýlary az bolanok.

…Ýaş ene çagasy syrkawlap, öýüne maşgala lukmanyny çagyrýar. Bir ýaşyna ýetmedik çagasynyň üç gün bäri syrkawdygyny we gyzdyrýandygyny, gyzgyny peseldiji dermanlaryň peýda bermeýändigini aýdýar. Lukman goşmaça soraglary berip we çagany hemmetaraplaýyn barlap, şol wagt gerek bolan lukmançylyk kömegini berýär. Ol çaganyň öýkeniniň sowuklandygyny, gijikdirmän hassahana bejergisini almalydygyny düşündirip, hassahana ýollanma ýazýar we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini çagyrjakdygyny aýdýar. Çaganyň ejesi öýde başga maşgala agzalarynyň ýokdugyny, olar gelenden soň gitjekdigini aýdyp, lukmançylyk kömegini çagyrmaklykdan boýun gaçyrýar. Gepiň gysgasy, çaga şol gün öýde galýar. Ertesi şol çaga agyr ýagdaýda gaýragoýulmasyz lukmançylyk gullugy bilen çagalar hassahanasynyň reanimasiýa bölümine getirilýär…

"Näme üçin wagtynda hassahana gelmediňiz?" diýen soraga, ýaş ene: "Gaýynenem göwnemedi" diýip jogap berýär.

Durmuşdan ýene bir mysal

…Aýal-gyzlar lukmanynyň kabul ediş otagynda lukmanyň uly möhletli göwreli zenanyň arzyny diňläp, gözegçilikden geçirip, wagtyndan öň dogma howpunyň alamatlarynyň bardygyny hem-de getirip biljek hogsanlyklaryny düşündirip, şol howpy aradan aýyrmak üçin hassahana ýollanma berende, göwreli zenan hassahana gitmekligi gaýynenesiniň göwnemejekdigini aýdyp, bejergiden ýüz döndürýär. Käbir şonuň ýaly ýagdaýlarda gelinleriň gaýyneneleri lukmanyň ýanyna gelip, lukmanyň jan edip düşündirişini diňlemän, diňlese-de düşünmedik bolup, "Biz hem göwreli bolup, näçe çaga dogurdyk, beýle zat ýokdy, Hudaý bardyr, Hudaý kömek eder" diýip, lukmana diýmesiz sözleri aýdyp, gelinlerine bejergi aldyrmanlygy sebäpli, göwreliligiň pajygaly ýagdaýlara getirýän halatlary az däl…

Eger bu ýagdaýlarda durmuş tejribesini toplan, köpi gören, parasatly gaýynene çagasy syrkaw gelnini ýa-da göwreli gelnini köşeşdirip, "hassahana gitmeli giýlen bolsa, gitmeli bolarda" diýip, wagtynda garşylyk görkezmän alada eden bolsa, bu ýagdaýlaryň netijesi gowulyk bilen gutarmaly ahyryn.

Lukmanlar "gaýnym goýbermedi", "spiral goýduranymy gaýnym bilmesin" diýen ýaly sözleri gelinlerden häli-şindi eşidýärler.

Gaýyneneleriň getirýän käbir negatiw täsirini durmuşdaky başga ýagdaýlary nazara almanyňda-da, diňe lukmanlaryň gündelik işinde ýüzbe-ýüz bolýan şular ýaly mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly.

Bu ýagdaýlary okanyňdan soň, sorag yzyna sorag gelip çykýar. Näme üçin gelinleriň, esasan hem öýdeş gelinleriniň çözmeli meselesini gaýyneneleri çözmäge çalyşýar? Bolmasa gelnini, ogluny, agtygyny gaty gowy görüp, olara gereginden artyk hossarlyk edýärmikä? Biziň mysallarymyzda gaýynene ýaş çaganyň, ýagny agtygynyň, göwreli gelniniň garamatyny öz üstüne alýar. Näme üçin ýokarda görkezilen gerekli pursatlarda gelinleriň öz aladalaryny çözmäge ygtyýarlary ýok? Hany, gaýynenäniň ogly-çaganyň kakasy, göwreli gelniň adamsy? Näme üçin gaýynenäniň ogly näsag çagasynyň, göwreli gelniniň garamatyny çözmekde gapdalda dur? Ol ejem oglumyka? Ogly işlimi? Ýa-da ogly, gelni gaty ýaş bolup, öz çözmeli soraglaryny ejeleriniň çözerine garaşýarlarmykan? Biziň türkmençiligimizde şeýle bolmalymyka? Şeýle ýagdaý gadymdan gelýän adatmyka, ýazylmadyk düzgünmikä?... Soraglary näçe dowam etseň, edip oturmaly.

Hawa, taryhymyzdan bilşimiz ýaly, maşgala haýsy gatlaga degişli bolsa-da, geçmişde halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň üpjünjiliginiň pes, durmuşyň agyr döwründe, durmuş nogsanlyklaryny ýeňil çözmek üçin, uly maşgalanyň hemme agzalary: ogullary, gelinleri, agtyklary, ýuwurjy, baldyz bir maşgala bolup ýaşapdyrlar. Maşgalanyň içinde we daşynda bolup geçýän durmuş meselelerine, çözülmeli soraglara beýleki agzalaryň pikiri diňlense-de, diňe gaýynene-gaýynatanyň ygtyýary bolup, maşgalanyň agzibirligine, abraýyna şolar jogapkär bolupdyrlar. Şol döwrüň durmuşynyň ajysyny we süýjüsini başlaryndan geçiren, agyr durmuşda taplanan, pähimli gaýyneneleri durmuşy kynçylyklary agzibirlikde, akylly-başly çözmäni başarypdyrlar. Maşgalanyň gelinleri agyzlary ýaşmakly, sylag-hormat üçinmi ýa-da çekinjeňlikdenmi geplemäge ygtyýarlary bolmandyr. Şonuň üçin hemme zada-gowy zatmy ýa-da erbetmi kaýyl bolup ýaşapdyrlar. Ýöne süri agsaksyz bolmaz diýilşi ýaly, zannyýaman, adamkärçiliksiz, husyt gaýyneneler hem bolupdyrlar. Ol gaýyneneler gelinlerini şeýle zalymlykda saklapdyrlar. Gelin görgüliler agyr süteme çydaman, hemişelik ruhy dartgynlylygyň netijesinde bejerip bolmajak ruhy kesellere we beýleki agyr kesellere duçar bolupdyrlar. Bu ýagdaýlar agyr ýaşaýşyň alamatly döwründe, geçmişde bolan zatlar, biziň günlerimizde şular ýaly gaýyneneler ýokdur diýip tama edýärin.

"Her döwür, bir döwür" diýlip ýöne ýerden aýdylanok. Wagtyň geçmegi bilen döwür üýtgeýär. Ykdysadiýet ösýär, ylym-tehnika ösüp, ýokary derejede kämilleşýär, döwrüň adamlarynyň, esasan hem ýaşlarynyň aň-düşünjesi, dünýä, durmuşa garaýşy, oňa talaby döwrüne görä üýtgeýär. Olar köp ýerde ulularyň pikiri bilen ylalaşanoklar. Hany biziň döwrümizde uly hojalygyň gelinleriniň hemmesini bir hojalykda ýaşatjak bolup gör! Olary agzibirlikde saklamak örän kyn düşer. Her maşgalanyň özbaşdak bolup, durmuş meselelerini, öz kynçylyklaryny özleri özüçe çözesi, isleýişleri ýaly ýaşaslary gelýär. Ýöne seredip otursak, maşgalanyň durmuşy meselesini gaýynenäniň çözmesi nesilden-nesile geçip, şu günlere ýetip, mysallarymyzdan görnüşi ýaly, biziň günlerimizde-de dowam edýär. Iki-ýeke gaýyneneler öz güýçlerini harçlamaga iş-güýmenje tapman, maşgalany öz "eliniň içinde" saklap, ogluna-gelnine diýenini etdirip we öz pikirini dogry hasaplap, ýaşatjak bolup çalyşýarlar. Maşgalanyň gündelik durmuşyndaky ýüze çykýan meseleleri, agtyklaryny nähili ulaltmak, terbiýelemek, hatda nesil öndürme meselesine çenli gatyşýarlar. Şeýdip ol gaýyneneler özlerini ýaramaz tarapdan görkezýärler. Pikir edip göreliň. Her adama (gaýynenä, ogluna, gelnine) durmuş bir gezek berilýär. Kämillige ýeten ogul-gyz maşgala gurmaly, nesil öndürip, terbiýeläp ýetişdirip, ýaşamaly, jemgyýetimize öz goşandyny goşmaly, mahlasy her ýaş maşgalanyň özi öz maşgalasynyň taryhyny döretmeli. Şonuň üçin hem gaýynene kämil ogluna, gyzyna özbaşdak ýaşamaga ýol bermeli. Goý, ogly gelni bilen, gyzy giýewsi bilen durmuş ýoluny agzybir özbaşdak geçip, ýaşamany öwrensinler. Dogry, gerek ýerinde, sorasalar maslahat, kömek berip, ýalňyşlaryna düzediş bermeli. Onsoň hem belläp geçişimiz ýaly, Allatagalla her adama bir gezek ýaşamaga ömür berýar. Gaýynene-de ýaşamaly ahyryn. Ýöne nebsimiz agyrsada, biziň häzirki türkmen gaýynenelerimiziň köpüsi özleri üçin ýaşap bilenoklar. Olar çendenaşa zähmetsöýerliligi, aladaçyllygy (kiçikä-kiçi çagalarynyň, ulalansoň uly çagalarynyň, agtyklarynyň aladasy) bilen beýleki halklaryň gaýynenelerinden tapawutlylykda ýaşap, maşgalasyna çendenaşa howandarlyk edip hem-de maşgalanyň maliýe ýagdaýyna öz goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Şeýdip saglyklaryny ýitirýärler, keselländen soň keselçilik bilen göreşmeli bolýar. Ol bolsa lezzetli durmuş däl. Türkmen gaýyneneleri! Durmuşda özüňiz üçin hem ýaşajak boluň!

Gürrüň gowy, ýagny hakyky gaýyneneler hakynda gitdi. Bu gaýynenelere hormat, hem şöhrat! Olaryň öňünde başymyzy egýäris.

Ýöne durmuşda ogluny gelninden gabanyp, gelni bilen basdaş gaýyneneli maşgalalar hem bar. Bu mowzuk bolsa eýýäm başga gürrüňdeşligi talap edýär.

P. S. Hormatly okyjylar! Ýazylanlar meniň şahsy pikirim bolup, olary beýan etmek bilen, men göwne degmegi maksat edinmän, müňlerçe türkmen gaýyneneleriniň durmuş tertibini üýtgetmäge synanşyk etdim. Makalada keserip duran soraglara öz pikir-garaýşyňyzy ýazarsyňyz we öz durmuş tejribäňiz bilen paýlaşarsyňyz diýip tama edýärin.

  • 6494 gezek okalan

Teswirler (49)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Garsak

Halayyk baran yerin bilen bolmaly.senin ejen birinin gayyny, senin gayynyn birinin mahriban ejesi . Her zadyn iki ujy bar. GOLDAYANYZMY..... . . . . .

 
  1. Okyjy

Waheý! Ýene ady ýaman gaýynenedä! Şol gaýyneneleri ýepbekläp ýörmäňdä. Yzgytsyz gelinler hakynda-da söz açaýyňda! Seretseň olaram akja jüýje däldirä!

 
  1. Okyjy.

Gaýyneneleriň halanmaýany diňe biziň Orta Aziýa ýurtlaryndamyka diýýärin. Sebäbi gelinleri bilen bile ýaşaýarlar. Başga ýurtlarda olar çagalaryndan aýry, özbäşdak ýaşaýarlar. Şonuň üçin olar şeýle bir köteklenip barylanok. Gelinleriň öz eli, öz...

Gaýyneneleriň halanmaýany diňe biziň Orta Aziýa ýurtlaryndamyka diýýärin. Sebäbi gelinleri bilen bile ýaşaýarlar. Başga ýurtlarda olar çagalaryndan aýry, özbäşdak ýaşaýarlar. Şonuň üçin olar şeýle bir köteklenip barylanok. Gelinleriň öz eli, öz ýakasy, duşuşanlarynda hem biri biri bilen gaty gadyrly.

Dowamy
 
  1. Gartaşan.

Gaýynn-gelin agzybir ýaşajak bolsa, sylanşyk, arkalaşyk iki tarapdan hem deň sazlaşykda bolmaly. Şol deňagramlylygy saklap bilmeseň, haýsy hem bolsa bir tarapa gaýdýar. Soňy onsaň birek birekden gaty görmä, agzalalyga, öýkeleşige ýazýar......

Gaýynn-gelin agzybir ýaşajak bolsa, sylanşyk, arkalaşyk iki tarapdan hem deň sazlaşykda bolmaly. Şol deňagramlylygy saklap bilmeseň, haýsy hem bolsa bir tarapa gaýdýar. Soňy onsaň birek birekden gaty görmä, agzalalyga, öýkeleşige ýazýar... Gaýynene köpi gören adam, geçirimli bolaýmalymyka diýýärin.

Dowamy
 
  1. Gülçehre.

Gelin bilen gaýynyň gatnaşyklarynyň sazlaşygynda gelniň gaýyn atasynyň we adamsynyň uly tagallasy bolsa, olar üçin örän derwaýys bolardy. Olaryň gapdaldan seredip oturman gerekli ýerinde degerli bellik edip, maslahat bermekleri zerur.

 
  1. Okyjy.

Menä düşünýän däldirin. Näme üçin gaýyneneleri mydama kötekleýärler. Olar hakda anekdotlaryň sany köpelmese azalanak. Gaýynatalaram bardyra! Görgüli, ady ýaman gaýyneneler.

 
  1. Gartaşan.

Dogrymy aýtsam, durmuşa çykan gyz baran ýerinde täze "eje", gaýyn bolsa täze "gyza" duşmaklygy başdan geçirýärler. Şunuň bilen birlikde olar täze durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ikisi üçinem synag bolup belli bir çylşyrymlylygy talap edýär.

 
  1. Gyrmyzy.

Tesbirçi Synçy, dogry belläpsiňiz. Ýöne gaýynenede ady ýaman gaýynenedir weli, käbir gelinleriňem ýüzüni ýuwar ýaly däl. Häzirki döwürde gyzlar oglanlar bilen sylhy alyşman, halaşmana durmuş guranoklar. Menň düşünşime görä sen ýanýoldaşyňy gowy...

Tesbirçi Synçy, dogry belläpsiňiz. Ýöne gaýynenede ady ýaman gaýynenedir weli, käbir gelinleriňem ýüzüni ýuwar ýaly däl. Häzirki döwürde gyzlar oglanlar bilen sylhy alyşman, halaşmana durmuş guranoklar. Menň düşünşime görä sen ýanýoldaşyňy gowy görýän, sylaýan bolsaň, gaýynenede onuň ejesi ahyryn. Näme üçin söýgüli ýasykdaşyň ejesini ýigrenjek? Iki tarapam biri-birini sylanşykly ýaşabermeli dälmi!

Dowamy
 
  1. Okyjy.

Döwür üýtgeýär, ýaşaýyş üýtgeýär. Gynansakda, XXl-asyrdada gelin-gaýynene gatnaşygy üýtgänok. Gaýyneneleriň köpüsi "Ýuwaş gelin" kinofilmindäki ýaly. Özleremä soňky döwürde gelin bolup gaýynenelige ýetişenler.

 
  1. Synçy.

Tesbirçileriň pikirleri, garaýyşlary dürli-dürli. Tarapa bölünenler. Ýöne gürrüňi edilýänleriň ikisiem zenan maşgala: biri ene, ikinjisi eje-çagalary seredip dur, ejeleriniň enesi bilen gatnaşygyna. Gaýynenä ýygrenji nesilden-nesile geçýän...

Tesbirçileriň pikirleri, garaýyşlary dürli-dürli. Tarapa bölünenler. Ýöne gürrüňi edilýänleriň ikisiem zenan maşgala: biri ene, ikinjisi eje-çagalary seredip dur, ejeleriniň enesi bilen gatnaşygyna. Gaýynenä ýygrenji nesilden-nesile geçýän "kesele" öwürmän, "buzuň üstünde tozan arajak bolman", geçirimli bolup, agzybir ýaşamaga çalyşmaly.

Dowamy
 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location