• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BAGRYMYZ BARADA ALADA: ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BAGRYMYZ BARADA ALADA: ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (32 Ses)

Türkmen halkymyzyň edebi dil sandygy söz baýlygyny özünde saklap, asyrlaryň dowamyndan bu günki günlere ýetipdir. Elbet-de şahandaz ata-babalarymyzdan gelýän, nakyllar, parasatly sözler, aýtgylar olaryň ylymdan habarly bolandyklaryny aýdyňlaşdyrýandyr. Türkmen dilimizde "bagyr awusy", "bagra basmak", "bagryň badaşmak", "bagryňy ýakmak", "gara bagyr", "bagrymdan önen bala" ýaly durnukly söz düzümleriniň ulanylşyna gepleşigimizde ýygy-ýygydan duş gelýäris. Şeýle hem bolsa, bu sözleriň göçme manyda getirilýändigini hemmämiz bilýändiris. Çaganyň enesiniň içinde, bagyr astynda 9 aýlap göterilip ýagty jahana gelýändigi hem anyk zat. Hut şu jähtden "bagrymdan önen bala" ýaly frazeologizmler hem döräpdir.

Bedeniň "himiki zawody"

Bagyr – bu adam bedeninde iň uly mäzleriň biri bolup, onuň agramy bir ýarym kilograma barabardyr. Bagyrda bolup geçýän himiki hadysalary, onuň ýerine ýetirýän fiziologiki işlerini göz öňünde tutsaň, ol bedenimizdäki bir himiki zawod mysalydyr.

Bagyr beden üçin wajyp köpdürli işleri amala aşyrýandyr:

► zäherli maddalary zyýansyzlandyryp, alkogoly dargydýandyr;

► bedene düşýän iýmit önümleri peýdaly maddalara we kuwwatlylyk çeşmesine öwürýär;

► bedeniň kuwwatlylygyny üpjün etmek üçin witaminleriň, minerallaryň we uglewodlaryň ätiýaçlyk toplanmalaryny döredýändir;

► beloklary öndürýär;

► gan lagtalanyş ulgamyň işini kadalaşdyrýar;

► ýaglaryň we holesteriniň derejesine gözegçilik edýär;

► ýokançlyklara garşy göreşmäge kömek edýär.

Bagryň ajaýyp häsiýetleriniň biri hem, onuň öz-özünden dikelmäge ukyplylygynyň bolmagydyr. Bagryň bir bölegi aýrylanda hem, birnäçe hepdäniň dowamynda onuň öňki ululygynda we görnüşinde dikelmegi bolup geçýändir. Ýöne şeýle hadysa ýaramaz iýmit, gözegçiliksiz kabul edilýän dermanlar, alkogol bilen agram salynmaýan bagryň dokumasynda bolup geçip biler.

Bagryň dürli sebäplere görä şikeslenmegi onuň dokumasynda alawlama hadysasynyň, ýag bilen dolma we ulalma ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolýar. Onda birleşdiriji dokumanyň emele gelip, soňundan sirroza we agzanyň ölmegine getirip bilýändir.

Üns bermeli alamatlar

Hut şu sebäpden, adaty bolmadyk alamatlaryň ýüze çykan ýagdaýyna hem üns bermek zerurdyr:

♦ ysgynsyzlyk;

♦ çalt ýadamak;

♦ ýürek bulanmak;

♦ işdäsizlik;

♦ sag gapyrga astynda döreýän agyrylar;

♦ deriniň gijilemegi.

Hemmämize belli sarylama we peşewiň hem-de täretiň reňkiniň üýtgeme alamatlary, bagryň keselleriniň ýiti döwründe ýüze çykýandyr.

Eýsem-de, bu wajyp agzany nädip sagat ýagdaýda saklamaly? Nähili ýaşaýyş düzgünlerini ýola goýup hem-de berjaý edip bagyr sagdynlygyny gazanmaly?

Bagryň sagdynlygyny üpjün etjek 5 ädim

1. Alkogol içgilerini kabul etmegi çäklendiriň!
Biziň hemmämiz bagryň "süzgüç" kimin işleýändigini bilýäris. Alkogol içgileriniň köp mukdarynyň bolsa oňa zyýan ýetirip biljekdigi ikiuçsyzdyr. Bagryň kesellerinden ejir çekýän adamlara hatda onuň az mukdary hem howply bolup, keseli beterleşdirip biler. Beýle adamlara alkogolyň islendik mukdaryny kabul etmek hem gadagan edilýändir.

2. Dogry iýmitlenmäge çalşyň.
Ýokumlylygy pes iýmitleriň diňe bir näsag bagyr üçin däl-de, sagat bagyr öýjükleriniň dikeldijiligine, işine hem täsiri uludyr. Ýöne artykmaç ýokumly iýmit hem bagryň işine ýaramaz täsir edip biler. Bir gije-gündizde iýmit bilen kabul edilýän yagyn mukdary iýmitin 30%-ni tutmalydyr:ösümlik ýagy, balyk ýagy, zeýtun we ş.m. Kop mukdarda iri süýümleri (kletçatka) saklaýan täze we ter gök önümler, miweler, gara çörek, ýarma, däneli ösümlikler ýaly önümleri kabul etmäge çalşyň. Günde 1,5-2 l. çenli suw içiň.

3. Kadaly beden agramyny saklaň.

Eger sizde artykmaç agramlylyk bar bolsa, ondan dynmagyň aladasyny ediň. Artykmaç agramlylyk bagyr öýjüklerinde ýagyň toplanmagyna getirýär. Ýöne açlyk tutmak, berhiziň çylşyrymly görnüşlerini ulanmak, agramyňy birden ýitirmäge çalyşmak bagyr ücin uly urgy bolup biler. Şonuň üçin yzygiderli, birsydyrgyn horlanmaga çalşyň. Kadaly yagdayda, hepde-de 0.5-1 kg. çenli horlanmak yeterlikdir. Günde 30 minudyňyzy fiziki maşklara sarp ediň.

4. Zäherli himiki maddalardan daşda boluň.

Insektisitler(mör-möjekleri öldürijiler), erginler, aerozollar, himiki birleşmeler we tüsseler-şular diňe bir ýakymsyz yslary bilen däl-de, öz zäherleýji himiki düzümleri bilen hem zyýanlydyr. Olar dem alýan howamyzyň, derimiziň üsti bilen gana, ondan bolsa bagra düşüp toplanýarlar we zyýansyzlandyrylýarlar. Zäherleýji maddalaryň derejesi näçe ýokary boldugyça, şonça-da bagyr öýjüklerini şikeslendirme derejesi ýokary bolýandyr. Aerozollar ulanylandan soň otagyň içini oňat şemallatma, burny örtüjileri, ellikleri ulanma, himiki birleşmeleriň derä düşen halatynda, şol ýeri sabyn bilen oňat edip ýuwma bagry goramagyň ygtybarly çäreleri bolup hyzmat edip bilerler.

5. Dermanlary gözegçiliksiz kabul etmäň!

Derman serişdelerini, halk lukmançylygynyň melhemlerini lukmandan birugsat peýdalanmaň. Gözegçiliksiz ýa-da nädogry kabul edilen dermanlar, iýmit goşundylary bagyr öýjükleriniň zeperlenmegine getirip biler. Dermanlar barada maglumat berýän görkezmeleri öwrenip, olaryň sizin bagryňyza edip biljek täsiri babatda habardar boluň. "Bedenden doly çykarylýar" diýen ýazgyly dermanlary ulanmaga çalşyň. Derman kabul edýän wagtyňyz alkogol içgileri kabul etmekden saklanyň. Käbir dermanlar, esasan hem asetaminofeni saklaýan serişdeler, antibiotikler hiç haçan alkogol içgileri bilen kabul edilmeli däldir.

Üns beriň! A we D witaminleri bagryň işjeňligi üçin goşmaça agramlylygy döredip biler.

Bagry zeperlendiriji sebäpleriň täsirini peseltmek maksady bilen ýörite maslahat berilýän, ösümliklerden taýynlanan serişdeleri ulanmaga çalşyň. Elbet-de, olaryň ulanylmagyna görkezmeleri we tertibini lukman bellemelidir.

Derman ösümliklerinden taýynlanan serişdelerden Karsil, Legalon, Silibor, Darsil, Geparsil ýaly dermanlary maslahat berip bolar. Bu serişdeler bagyrdaky alyş-çalyş hadysalary kadalaşdyryp, onuň öýjükleriniň dikeldilmegini üpjün edýändir. Gepabene serişdesi bolsa dine bir bagra täsir etmän, öt çykaryş ýollarynyň ýagdaýyny hem kadalaşdyrýandyr. Bagryň we öt çykaryş ýollarynyň keselleriniň bejergisinde we öňüni alyş çäresi höküminde Switanok serişdesi hem giňden ulanylýandyr. Bu derman 24 sany ösümligiň goýaldylan görnüşiniň birleşmesinden ybaratdyr. Bagry goramakda ulanylýan serişdelerden Essensiale dermanyny hem bellemelidir. Bu derman bagryň alkogol we derman bilen zäherlenme ýagdaýlarynda, bagryň dowamly alawlama (gepatit) kesellerinde, dermanlar bilen bejergi çeçirlende, bagryň zäherlenmesiniň öňüni almak maksady bilen bellenilýändir.

Dogry bellenilip alnyp barylýan ýaşaýyş düzgünleri bagryň sagdynlygyny saklap, onuň uzak ýyllar bize "gulluk etmegini" üpjün edip bolar.

  • 9305 gezek okalan