Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

POLLÝUSIÝA ÝA-DA "ŞEÝTAN OÝNAMA" NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (26 Ses)

Megerem, "pollusiýa" sözüniň näme aňladýandygyny hemme erkek adamlar bilmeýän hem bolsa, bu ýagdaýy jynsy kämilleşme döwründen soň olaryň köpüsi başyndan geçiren bolmagy mümkin. Türkmençilikde, esasan hem ýetginjekleri oňaýsyzlyga salýan bu ýagdaýy "şeýtan oýnama" diýip hem atlandyrýarlar.

Pollýusiýa – bu ýetginjeklerde we erkek adamlarda, jynsy gatnaşyga we masturbasiýa bagly bolmazdan tohumlyk suwuklygynyň ygtyýarsyz bölünip çykmagydyr. Erkek adamlarda pollýusiýa köplenç gijelerine ýüze çykyp, erotiki häsiýetli düýşleriň görülmegi bilen utgaşýandyr.

Ilkinji döreýän pollýusiýalar ýetginjekleriň kämillik ýaşyna (12-15 ýaş) ýetmegi bilen başlanyp, düýbünden käbir erkek adamlarda 50-60 ýaşda geçip gidýändir. Bu fiziologiki hadysa kada bolup, ondan howatyr almagyň ýa-da utanmagyň geregi ýokdur. Tohumlyk suwuklygyň ygtyýarsyz bölünip çykmagynyň ýygylygy her adamda dürli bolup, ol ençeme ýagdaýlara (beden gurluşy, saglyk we ýaşaýyş ýagdaýy, seksual höwesi) bagly bolup durýandyr. Hepdede 1-2 gezekden 2-3 aýda 1-2 gezek bolup geçýän pollýusiýa kada hasaplanýandyr. Juda ýygy döreýän pollusiýalar erkek adamynyň ýokary seksual işjeňliginden (satiriazis) habar berip biler.

Pollýusiýa näme üçin bolup geçýär?

Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, pollýusiýa kada hasaplanyp, jynsy agzalaryň kadaly işleýändigini aňladýan hadysa bolup durýandyr. Başgaça aýdylanda, pollýusiýa – kadaly jynsy gatnaşyklary bolmadyk ýagdaýda, jynsy gormonlaryň ýokarlanmagyna garşy gönükdirilen bedeniň goraglylyk uýgunlaşmasy bolup durýandyr.

Gündizki pollýusiýalar

Gündizki pollýusiýalar esasan ýetginjek oglanlarda ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň döremegi ýetginjeklerde jynsy gormonlaryň derejesiniň ýokary bolmagy, şonuň ýaly-da, ýokary seksual işjeňliginiň dyňzap durmagy bilen düşündirilip bilner. Olaryň ýüze çykmagy adaty sebäpler: erotiki gyjyndyrmalar (öpüşmeler, gujaklaşma, ýalaňaç teniň görülmegi) netijesinde hem, şonuň ýaly-da, güýçli duýgular, fiziki maşklary ýerine ýetirme ýaly adaty bolmadyk sebäpler netijesinde hem bolup biler.

Gijeki pollýusiýalar

Gije ýüze çykýan pollýusiýalar iň ýygy duş gelýän görnüşdir. Barlaglar gijeki pollýusiýalaryň dürli derejede erkek adamlaryň 83%-de bolup geçýändigini äşgär edýär. 20 ýaşdan soň gijeki pollýusiýalar seýrekleşip, 30 ýaşdan soň bu seýrekleşme has hem ýokarlanýandyr. Bu hadysa tohumlyk suwuklygynyň kadaly çykarylyp durulmagyny amala aşyryp, jynsy gatnaşykdan saklanma bilen bagly döreýän oňaýsyz duýgulary ýeňip geçmäge kömek edýändir.

Dürli sebäplere görä, dowamly wagt jynsy gatnaşyklary geçirmeýän erkek adamlar üçin pollýusiýa jynsy agzalarda ýygnanan döli aýyrmanyň usuly bolup durýandyr. Wagtal-wagtal, gije döreýän pollýusiýa saglyk üçin howpsyzdyr. Ol wagtlaýyn jynsy gatnaşyklaryň öwezini dolup, olaryň başlanmagy bilen ýitip gidýändir.

Pollýusiýalaryň ýygylaşmagy nämäni aňladýar?

Eger pollýusiýalaryň ýüze çykmagy ýygylaşan (kadaly jynsy gatnaşyklaryň geçirilýändigine garamazdan, her gün ýa-da günde birnäçe gezek dörese) halatynda, bu seksual bozulmalaryň döreýändiginden habar berip, seksopatolog lukmanynyň maslahatyny talap edýändir.

Ýygy döreýän pollýusiýalaryň öňüni almakda we bejermekde ýaşaýyş düzgünini kadalaşdyrmak hökmanydyr:

► Irden turup, sowuk suwly duş kabul etmeli;

► Juda ýumşak düşekde ýatmakdan saklanmaly;

► Gije köp geýinmän, basyrynman ýatmaly;

► Alkogol içgileri içmekden saklanmaly;

► Öýlänlik we agşamlyk nahardan soň ýöremeli, hereket etmeli;

► Agşamlyk nahary az mukdarda kabul etmeli;

► Lukmanyň maslahaty bilen, pollýusiýalaryň ýüze çykmagy kesilýänçä, dermanhanalarda taýyn görnüşde satylýan demriň we bromuň serişdelerini kabul etmeli.

Lukmançylyk edebiýatynda "pollýusiýa" sözi aýal seksuallygyny häsiýetlendirmekde hem ulanylyp, jynsy gatnaşyk bilen bagly bolmazdan, dürli gyjyndyrmalaryň täsiri bilen bartolin mäzlerinden we jynshanadan bölünip çykýan suwuklygyň gelmegi aňladylýar. Şeýle "pollýusiýalar" köplenç kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan aýallarda syn edilýär.

  • 7206 gezek okalan