Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÝÖRITELEŞDIRILEN GÖRNÜŞLI MEKDEP EŞIGI NÄHILI BOLMALY?

  • Mälikmyrat Myradow
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (17 Ses)

Siziň öz mekdebe geýen mekdep egin-eşigiňiz ýadyňyza düşýärmi? Belki, siziň ýadyňyza düşýändir, ýöne siz ony gowy görýärdiňizmi? Megerem, köplenç ýagdaýda siziň berjek jogabyňyz ýetginjekleriň berýän "ýok" diýen jogaby bilen deň bolar. Ýaşlar düzgünleri, berk tutulmagy we gözegçiligi halamaýarlar (seret makala "Ene-atalara maslahat: Çagany nädip ýaramaz toparlardan goramaly?"). Ýörite saýlanan mekdep eşigi – bu gözegçiligiň we terbiýelemegiň bir görnüşidir, şonuň üçin ýetginjekleriň köpüsi ony ýakmaga-da taýýar.

Siziň ýadyňyzdamy, öň rus we türkmen bölümlerinde okaýan okuwçylaryň ýörite mekdep eşigi meňzeşmidi? Rus bölüminde okaýan gyzlar üçin ýokarsy ak gysga köýnekdi (bluzka), türkmen bölüminde okaýan gyzlar bolsa uzyn ýaşyl köýnek, üstünden ak öňlük geýýärdiler. Oglanlar bolsa penjek geýýärdiler. Käbir mekdepler öz aýratyn egin-eşiklerini ulanýardylar. Mysal üçin, goýy gyzyl reňkdäki egin-eşik, ýaşyl reňkdäki matadan tikilen ýubkalar, kürtekçe we ak gysga köýnek ýa-da dörtburç suratly matadan tikilen ýubkalar we penjekler. Okuwçylaryň egin-eşigini görüp, çaganyň haýsy mekdepde okaýanyny we näçinji synpdadygyny aýdyp bolýardy.

Ýörite mekdep eşigi näderejede wajyp bolup, okuwçylar, ene-atalar we mugallymlar üçin onuň nähili ähmiýeti bär?

Ýörite saýlanan mekdep eşigi nireden gelip çykdy?

Taryhyň belli bir wagtyna çenli mekdepler, institutlar we umuman, bilim berýän edaralar diňe oglanlar üçin açyk bolup, onuň düzgün-tertibi örän berkdi, käbir ýagdaýlarda olar harby ýa-da dini häsiýetlidi. Bilim ilatyň ýokary gatlagyna elýeterdi, şonuň üçin ýörite egin-eşik aýratyn häsiýetlidi. Ony görüp, adamyň talypdygyny ýa-da baý maşgaladandygyny kesgitläp bolýardy.

Ilkinji ýörite mekdep eşigi Pifagoryň mekdebinde grekler tarapyndan girizildi. Oglanlar gysga jalbar geýýärdiler we ýeňil bezelen şaý-sepleri dakynýp, üstünden bolsa bölek küti mata ýapynýardylar. Gadymy Gresiýada diňe erkin we gurply grekler mekdebe gidip bilýärdiler, soňra bolsa gimnaziýada okuwyny dowam edýärdiler. Ýörite mekdep eşigi Ýaponiýada hem hökmany düzgündi. Ol bu ýurduň aristokratik däpleri bilen baglydy.

Başga gadymy siwilizasiýalarda – Rimde, Müsürde, Hytaýda ýörite mekdep eşigi aslynda-da ýokdy, sebäbi az adamyň okamaga mümkinçiligi bardy. Diňe harby gullukçylar, şeýle hem harby taýýarlygy geçýän çagalar aýratyn egin-eşigi bilen saýlanýardylar.

Ýöriteleşdirilen görnüşli egin-eşigi geýmek nämä gerek?

Her bir adam ýöriteleşdirilen görnüşli mekdep eşiginiň ähmiýetine we wajyplygyna düşünmelidir.

► Ýeke-täk görnüşde kabul edilen ýörite mekdep eşigi deňleşdirýän häsiýetlidir.

Hemme çagalaryň bilim almaly bolýandygy sebäpli, okuwçylary deňleşdirmek maksady bilen ýörite mekdep eşiginiň girizilmegi barada karar kabul edilýär. Siz mekdebe baranyňyzda, başga çagalaryň nähili geýnendigine seredýärsiňiz we siziň çagaňyzy geýindirişiňiz bilen deňeşdirýärsiňiz. Bu hiç bir ýagdaýda-da esasy maksada – bilim almaklyga päsgel bermeli däldir. Emma gymmat bahaly eşigi hemme adamlaryň satyn almaga güýçleri ýetmeýär, adamlaryň köpüsi göriplik etmän hem bilmeýär, şonuň üçin, meselem, Hytaýda ýörite mekdep eşigi hemmeler üçin deň we bir matadan tikilýär. Hemmeler şol bir ýerdäki ýöriteleşdirilen dükanlardan ýörite eşigi almalydyrlar. Şeýlelikde, kimiň baýdygy, kimiň garypdygy görnüp duranok, hemme çaga bolsa gowy okamaga çalyşýar.

► Ýöriteleşdirilen görnüşdäki mekdep eşigi özüňi alyp barmakda belli bir kadalary öwredýär.

Liseý görnüşli mekdeplerde çagalar okuw arakesmesinden we dynç alyş günlerinden başga hemme wagtyny şol ýerde geçirýärler. Şonuň üçin mekdepde olaryň özüni alyp barşyny gözegçilikde saklamak ýeňil düşýär. Emma gündizki mekdeplerde çagalar sapakdan soň öýe gaydýarlar, mekdepden daşary olaryň özüni alyp barşyna gözegçilik etmek hem mugallymlara, hem ene-atalara kyn. Şonuň üçin ýörite mekdep eşigi okuwçylary başga raýatlardan saýlamaga, öňüňizde duranyň okuwçydygyny görkezýär, şeýle çagany tertip-düzgüne salýär. Mysal üçin, köne Şotlandiýada, St. Endrýus uniwersitetinde çagalar ýaş wagtyndan talyp bolýardylar, şondan soň birnäçe ýylyň dowamynda şol ýerde okaýardylar. Talyplar gyzyl mantiýa geýýärdiler, bu bolsa olary başga adamlaryň içinden tapawutlandyryp, ýerli satyjylara we ýaşaýjylara öňündäkiniň talypdygyny bilmäge mümkinçilik berýärdi. Şeýlelikde, talyplary ýerli barlara (kafelere) goýbermeýärdiler we olara arak satmaýardylar.

Ýörite eşik çagany ýa-da ýetginjegi goraýar.

Ýörite eşik diňe ýetginjege arak satmazlyk ýa-da gözegçilik etmek üçin däl-de, eýsem öňündäkiniň ýetginjekdigini we oňa aýratyn garaýşyň bolmalydygyny görkezýär. Şeýle hem, ýörite mekdep eşigi jana ýakymly we amatly bolmalydyr. Okuwçy onda arkaýyn hereket edip bilmeli, bökmeli, ylgamaly, hiç zat onuň hereketini çäklendirmeli däldir. Şonuň üçin hem, mekdepleriň köpüsi çagalaryň endamy dem alar ýaly we olar erkin hereket eder ýaly ýörite matalary saýlap alýarlar. Mysal üçin, Russiýanyň sebitlerinde her ýyl "mekdep" onlaýnlaryny we ses bermeleri guraýarlar. Şonda ene-atalar, mugallymlar we okuwçylar ýeke-täk ýörite mekdep eşigi üçin iň gowy görnüşi saýlap alýp, soňra ony hökmany ýörite mekdep eşigi diýip belleýärler. Emma bu sese goýma eşigiň hilini däl-de, onuň görnüşini kesgitleýär. Bu bolsa köplenç ýagdaýda öndürijileriň hili pes harydy satmagyna getirip, soňra şol tikilen ýörite mekdep eşigi gadagan edilýär.

Ýörite kabul edilen mekdep eşigine garşy delilleriň manysy we ABŞ ýaly ýurtlaryň mekdepleriniň hemmesinde ýörite eşigiň girilzilmeýänliginiň sebäpleriniň biri hem, ýörite eşik çagalaryň döredijiliginiň we hyýallarynyň ösmegine bökdençlik berýänligindedir. Biz näderejede ýörite mekdep eşiginiň çagany goraýanlygyna ynanýan bolsak, şol derejede onuň işjeň we bir ýerde oturyp bilmeýän çagalara laýyk gelmezligi hem mümkin.

Şeýlelikde, biz okuwçylara ýörite eşik saýlanymyzda aşakdaky soraglary göz öňünde tutmaly:

→ Ol çaga üçin amatlymy we ony goraýarmy?

Çaga şol eşikde erkin hereket edip bilýärmi? Onuň matasynyň düzüminde howany geçirmeýän we endamyňy gyjyndyryjy sintetika barmy? Ýörite eşik çaganyň ýaşyna laýyk gelýärmi? Başlangyç synpdaky okuwçylaryň ýörite mekdep eşiginiň ýetginjekleriňkiden tapawutly bolmalydygyny hasaba almak wajyp. Şebäbi çagalaryň ýaş boýunça endikleriniň we zerurlyklarynyň üýtgeýşi ýaly, olaryň hereketleri hem üýtgeýär. Okuwçyny mähelläniň içinden saýlap tapyp bolýarmy? Ol ýetginjeklere ýa-da uly adamlara meňzeşmi?

Ýörite eşigiň bahasy näçe we ol çagany tertip-düzgüne salýarmy?

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, adam zerurlyklara görä köp pul harç edip bilýär. Ýöne ýörite eşige köp pul sowmak gerekmi? Hasam, ol egin-eşik seniň göwnüňden turmaýan bolsa? Ýörite mekdep eşigi her ýyl, käbir ýagdaýda her çärýekde hem üýtgedilip bilinýär. Şonuň üçin üç aýdan gerek bolmajak zada şeýle köp pul tölemek gerekmikä? Başga tarapdan, eger-de bilim hemmelere elýeterli bolsa, ýörite mekdep eşigi alyp bilmezligiň garyp maşgalanyň çagalaryna mekdebe gitmäge päsgelçilik berýän ýagdaýynda, mekdep şol ýörite eşigi okuwçylar üçin almalymy?

Siz ýörite mekdep eşigi hakynda näme pikir edýärsiňiz? Ol okamaga peýda getirýärmi ýa-da zyýan berýär? Şiz ýörite saýlanan mekdep eşigine näçe pul tölemäge taýyn?

  • 5402 gezek okalan