Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSY TERBIÝE HAÇAN BAŞLANMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (31 Ses)

"Eje sen meni dükandan hem almansyň öýdýän. Hiç hili dükan dagam ýok, çagalar ýatgyda ulalýar ekeni. Men şu gün mekdepde eşitdim" diýip, meniň 10 ýaşly oglum uly bir açyşy habar berýän ýaly, maňa çynlakaý äheňde habar berdi. Hawa, bu maglumat oňa uly açyşy aňladýardy, men bolsam öz döreden aldawymy nädip aklajagymy bilmän, adamymyň ýüzüne seretdim. Eger birnäçe wagt öň berlen soraga men hakykata ýakyn jogap tapan bolsam, bu wagt beýle oňaýsyzlyk duýmazdym we oglumyň ynamyndan gaçmazdym..."

"Sen – oglanjyk, a sen – gyzjagaz!"

Türkmen maşgalalarynda ösýän oglanjygyň we gyzjagazyň jynsy jähtden maşgalada we jemgyýetde özüni alyp barmagyň kadalary çagalykdan terbiýelenýär. Oňa başgaça, gender häsiýetlendirmeleri diýilýär.

Gyzjagaz ulalyp uly gyza öwrülmeli, soň bir maşgalanyň gelni bolmaly. Ony mylakatly, sabyrly, hemme öý hojalygyň hysyrdyly işlerinden baş alyp çykmany başarjak maşgala höküminde, onuň geljegini nazara alyp terbiýeleýärler.

Türkmen maşgalasynda oglanjyk – döwletliligiň başy. Ol ene-atasynyň binýady, maşgalanyň geljegi. Oglanjyk mert, özdiýenli, geljekde maşgalabaşy bolmaga kömek etjek häsiýetleri özünde jemlejek şahsyýet bolup ýetişmeli.

Ene-atanyň maşgalada, öý hojalygynda gyzjagaza we oglanjyga berýän terbiýesiniň şu meýillere görä aýratynlykly bolýandygy hemmämize mälimdir.

Jynsy terbiýe haçan berlip başlamaly?

Köp ene-atalar (köp türkmen maşgalalarynda oňa aslada üns berlenok) jynsy terbiýe jynsy kämillik döwri başlanandan soň berlip başlanmaly diýip pikir edýärler. Bu nädogrymyka diýip pikir edýärin. Dogry, 6-7 ýaşly çagaňyza kitaby açyp jyns agzalarynyň gurluşy barada düşündiriş bermegiň geregi ýokdur. Ýöne seksual terbiýäniň umumy ruhy terbiýäniň bir bölegi bolup durýandygyny we jynsy terbiýede çaganyň her ýaşy üçin öz aýratynlyklarynyň bardygyny bolsa bilmek peýdalymyka diýýärin.

3-6 ýaş

Kiçijik oglanjyklarda ilkinji ereksiýanyň döremegi syn edilýär. Takmynan 3 ýaşa çenli çagalarda utanma duýgusy bolmaýar. Şu ýaşda olarda jynsy agzalaryna bolan gyzyklanma döreýär. Eger çagaňyzyň öz daşky jyns agzalaryny elläp synlaýandygyny görseňiz, ony utandyrmaň. Çagajyk utanç hereket edýändigini bilmeýär, şonuň üçin onuň ünsüni oýnawaç oýnama ýa-da multfilm görmek bilen sowma dogry bolar.

5 ýaşdan soň çagalarda, has hem oglanjykda garşydaş jynsa bolan gyzyklanma döräp başlaýar, ol beden gurluşynyň aýratynlyklaryna üns bermäge çalyşýar. Çagalar bagynda meýdan edilýän gaba (gorşoga) Nazarjyk bilen bir ýerde oturan Aýnajyk, öz daşky jyns agzalarynyň deň däldigi barada çaga soragyny ejesine berip biler. Şeýle soraglaryň döremegi bilen siziň çagaňyza jynsy terbiýäni başlamagyň wagtynyň gelendigini bilmelidir. "Bilemok", "Gyzjagaz bir utanmaly, seretmeli hem däl" diýen ýaly jogaplaryňyzyň çaganyň özüçe ýalan many çykarmagyny mejbur edip biler. "Oglanjyklar we gyzjagazlar aýry ýerden buşugýarlar. Oglanjyklarda jüllüjek bar, gyzjagazlarda bolsa güljagaz" diýen ýaly hakykata ýakyn maglumat bermek çaga üçin düşnükli bolarmyka diýip pikir edýärin.

Görşümiz ýaly, edil 6 ýaşdan soň çagalarda jynsyna görä (oglanjyk ýa-da gyzjagaz) özüni kabul etmek başarnygy döreýär. Oglanjyk özüniň kakasyna meňzeşdigini, gyzjagaz bolsa ejesine meňzeşdigini aňlamaga ukyply bolýar. Çaganyň nireden alynýandygy barada gyzyklanma hem edil şu ýaşda döräp başlaýar.

Ýene bir möhüm bellemeli zat. Jynsy terbiýäniň başynda çagalary beden arassaçylygyny saklamagyň düzgünlerine öwrenişdirmek möhümdir: suwa düşürmek, arlyklary çalyşmak, daşky jyns agzalary kadaly ýuwmak (has hem gyzjagazlar üçin möhüm), çaga ulalandan soň hajathana kagyzyny ulanmagy we daşky jyns agzalara idetmegi, içki eşikleri çalyşmagy öwretmek. Bu gigiýeniki düzgünlere uýgunlaşma geljekde jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinden goranmaga kömek edip biler.

10-12 ýaş

Bu döwürde jynsy taýdan ýetişmegiň ilkinji alamatlary peýda bolup başlaýar: goltukda we daşky jyns agzalarda gyl örtüginiň döremegi, gyzlarda süýt mäzleriniň ulalyp başlamagy. Oglanlarda döreýän gijeki "şeýtan oýnamalar" (pollýusiýa) – ygtyýarsyz dölüň bölünip çykmalary, olarda howatyrly duýgularyň döremeginiň sebäbi bolup biler. Beýle halatda bu ýagdaýyň howply däldiginiň kakasy tarapyndan düşündirilmegi zerurdyr.

Bu döwürde aýbaşylaryň başlanmagy, bu barada habarsyz gyzjagazda saglygy babatda gorkynyň döremegine getirip biler. Aýbaşynyň sebäpleri, ol döwürde özüňi alyp barmagyň we arassaçylyk çäreleriň möhümligi barada anyk maglumat bermek enäniň paýyna düşýändir. Aýbaşylary bellemek üçin kalendaryň tutulmagyny, onuň bozulmalarynda ginekolog lukmana ýüz tutulmalaryň gerekdigini gyzjagaz bilmelidir.

“Çagalar nirden emele gelýär?” diýen sorag 5 ýaşda bir äheňde, 10-12 ýaşda bolsa eýýäm başga äheňde berlip biler. 10-12 ýaşly çaga mekdepde deň-duşlaryndan, teleýaýlymlardan, kinofilmlerden belli bir maglumaty alyp, özüçe düşünip biler. Eger şeýle sorag berilse, gyzaryp we utanyp erteki otarmagyň geregi ýokmuka diýip pikir edýärin. Çagada entek ululara mahsus seksual hyýallar ýok, oňa diňe umumy maglumat alma ýeterlik. Bu soraga takmynan şeýle jogap bermek (meniň pikirimçe) ýeterlikmikä diýýärin: "Eje we kaka biri-birini gowy görende, kaka ejä kiçijik tohum öýjügini berýär we ejäniň içinde kiçijik çagajyk ösüp, wagty gelende çykýar". Bu maglumat oňa ýeterlik, çaga dogrumynyň tehnikasynyň gürrüň berilmegini ol sizden talap etmez.

13-15 ýaş

Bedende möwç alýan gormonal üýtgeşmeler jynsy islegiň, jynslaryň biri-birine bolan gyzyklanmasynyň ösmegine getirip bilýär. Ýetginjek özüniň şahsyýet höküminde görülmegini isleýär. Bu döwür ene-atalaryň has ünsli, çagasyna ýakyn bolmagyny talap edýär. Bu meselede ene-atalardan soň, mekdebiň berjek kömegi hem wajypdyr.

Gynansak hem, biziň ýetginjeklerimiziň köpüsiniň öz jynsy anatomiýasyny bilmezligi, şonuň ýaly-da göwreliligiň döremegi üçin şertleriň aýdylyp geçilmezligi jynsy gatnaşyklaryň ir başlanmagyna we islenilmedik, ýetginjeklik göwreliliginiň ýüze çykmagynyň sebäbi bolýar. Aýal lukmany höküminde men 15 ýaşly gyzjagazlar bilen gürrüňdeşlik geçirimde, olaryň jyns agzalary barada bilimleriniň ýoklugyny bilip geň galypdym. Näme üçin olara mekdep dersi ýürek ulgamy, böwrekler barada maglumar berip, jyns agzalary barada maglumat bermeýär? Öz jynsy we önelgelilik ulgamynyň fiziologiki işini bilmeýän ýetginjek göwrelilikden goranyp bilermi? Jynsy gatnaşyklaryň jogapkärçiligine düşünip bilermi? Bu meselede kim esasy işleri geçirmeli – lukmanlarmy ýa-da mugallymlar?

Meniň pikirimçe, 15-16 ýaşdan soň ene-ata ýetginjek çagasyna abortyň saglyk üçin howplulygy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň bardygy barada maglumat bermeli. Maglumat alan ýetginjek pikirlenip, öz hereketlerine dogry baha bermäge mümkinçilik alýamyka diýip pikir edýärin, bilmezlik – hemişe ýerliksiz islegi, ýalňyşlyklary döredýär.

Çaganyň terbiýesi, edil şonuň ýaly-da jynsy terbiýesi ene-ata bilen ýakynlygy, ynamlylygy, takatlylygy, ünsi talap edýär. Bu babatda ilkinji maslahatçylar köçe, nätanyş adamlar bolman, maşgala we mekdep bolmalydyr.

Awtor: Hatyja Babaýewa, ginekolog wraçy

  • 4948 gezek okalan