• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • ÝAŞAÝYŞ DURMUŞ ESASLARY: ULY ÝAŞLY MEKDEP OKUWÇYLARYNA ABORT BARADAKY MAGLUMATLAR NÄDIP BERILMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÝAŞAÝYŞ DURMUŞ ESASLARY: ULY ÝAŞLY MEKDEP OKUWÇYLARYNA ABORT BARADAKY MAGLUMATLAR NÄDIP BERILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

International Planned Parenthood (IPPF) guramasy dürli ýaşdaky adamlara olaryň seksual we önelgelik saglygyna degişli maglumatlary, hyzmatlary elýeter edýan gurama. Bu guramanyň esasy maksady adamlara ylmy taýdan dogry maglumatlara esaslanyp özleri, maşgala agzalary üçin dogry çözgüdi saýlap bilmeklerine ýardam bermekdir.

IPPF "Abort barada bilim nähili berilmeli?" atly mugallymlar, ýaş adamlar bilen iş alyp barýan terbiýeçiler üçin niýetlenen gollanmany işläp düzdi Bu gollanmada ýaş adamlaryň abort barada öwrenmeli bilimi, maglumatlary barada gürrüň alnyp barylýar. Gollanmada maglumatlary dürli ýaşda bolan ýaşlar üçin adaptirläp hödürlemegiň netijeli usullary görkezilýär. Maglumatlaryň we gürrüňdeşlikleriň diňleýjileriň medeniýetine, aň-düşünjesine gorä uýtgedilip, ýerlikli berilmegi ündelýär.

Ýaş adamlara abort barada maglumat bermek nämä gerek?

Bilýarsiňizmi, her bäş aýaldan bir aýalyň göwreliligi abort bilen gutarýar!

Meýilleşdirilmedik, islenilmedik göwrelilik ýaş adamlaryň arasynda giňden ýaýran. Dünýä ýüzünde göwrelilikde, çaga dogrumynda döreýan gaýraüzülmeler 15-19 ýaşdaky ýetginjek gyzlaryň ölüminiň esasy sebäbi bolup durýar. Göwreli bolýan ýetginjek gyzlar üçin uly ýaşly aýallara garaňda howpsuz, kanun esasynda kepillendirilen abort elýeterli bolmaýar. Dünýäde ýylda 3 million abort howply şertlerde geçirilýär. Howply şertlerde geçirilen abortlar aýal-gyzlaryň saglygyna howp salýar we kähalatlarda olaryň ölümine sebäp bolýar.

Aýal-gyzlaryň saglygy, olaryň hukuklary, önelgelik saglygy barada gürrüň açylanda abort barada agzaman geçmek mümkin däl. Abort gönüden göni aýal-gyzlaryň durmuşyna, önelgelik saglygyna degişli bolup durýar. Jemgyýetde abort baradaky toslamalaryň ýaýramagy ýetginjeklerde howply ýagdaýyň we zyýanly düşünjeleriň döremegine getirýär. Gyz ýetginjekler gorkuzylyp, utandyrylyp, dogry maglumlary bermezden abort etdirmek hukugyndan mahrum edilýär. Gyzlara diskriminasiýadan, masgaralamadan azat, lukmançylyk we kanun jähtinden dogry maglumatlar berilmeli. Ýetginjekleriň abort, önelgilik saglygy barada erkin söhbet gurap bilmekleri üçin jemgyýetçilik ploşadkalary, forumlary bolmaly.

Dünýäde we biziň ýurdumyzda abort kän aýal-gyzlaryň durmuşyna täsirini ýetirýän hadysa bolup durýar.

Gollanmadaky surat:

Şu gyz näme üçin abort etdirdi?

Ol okuwyny tamamlap, durmuş arzuwlaryna, maksatlaryna ýetesi gelýär.

Ene bolmaga entek taýýar däl.

Maşgalasyndan, ýoldaşyndan goldaw ýok.

Abort baradaky sapaklar nähili geçirilmeli?

Gollanmada mugallymlaryň okuw sapaklarynda abort meselesine çemeleşmegi üçin peýdaly maslahatlar berilýär:

1. Okuwçylar bilen gürrüňdeşlikde, sapaklarda kimdir-birini masgalaramak, ýazgarmak gadagan edilmeli. Gürrüňdeşlikler biri-biriňe hormat goýmak esasynda alnyp barylmaly. Ýetginjekleriň anyk, şahsy soraglaryna gizlinlik prinsipine eýerip jogap berip biljek jemgyýetimizdäki professional guramalary, hyzmatlary barada anyk maglumat berilmeli.

2. "Näme okatmaly?" soragynyň jogaplary okuwçylardan soralsa netijeli boljak. Okuwçylaň çekinmegi mümkin, ýöne gizlinlik esasynda atlaryny ýazman, soraglaryny kagyza ýazyp mugallyma beýan edip bilerler.

3. Maglumatlar dürli toparalaryň isleglerine, talaplaryna gorä işlenilmeli. Meselem maýyp ýetginjeklerden düzülen topar üçin başgaça çemeleşme, praktiki oýunlar zerur bolup biler.

4. Mugallymlar sapaklarynda ulanýan maglumatlarynyň ylmy, lukmançylyk taýdan ygtybarlylygyny anyklaşdyrmaly.

5. Maglumatlar okuwçylaryň medeniýetine, ýaşyna görä üýtgedilmeli. Meselem, dine uýýan adamlar bilen sapak geçirilende olaryň ynançlaryny, özlerini alyp baryşlaryny göz öňünde tutmaly.

6. Bir-iki sapakda şeýle çylşyrymly ýagdaý barada kän zat gürrüň etmek mümkin däl. Şonuň üçin okuwçylara şeýle hyzmatlary hödürleýän, maglumatlary döredýän guramalaryň, toparlaryň ady we işine degişli maglumatlar paýlaşylmaly. Olar şu çeşmelerden peýdalanyp, goşmaça maglumat alyp bilmeli.

7. Mugallymlara abort meselesini çekeleşikli meselä öwürmekden gaça durmak maslahat berilýär. Hawa, abort barada dürli jemgyýetde dürli düşünjeler bolýar. Gürrüňi abortyň gowulygy ýa-da erbetligi baradaky çekeleşige öwürmek aborty başdan geçiren ýetginjek, onuň ýakynlary üçin masgaralama ýaly görnüp biler. Mugallym öz şahsy düşünjesini, duýgularyny beýan etmekden saklanyp, deňagramlylygy saklap, faktlary aýdyňlaşdyrmaly we okuwçylar üçin açyk, hormata esaslanan gürrüňdeşligi alyp barmaga şertleri döretmeli.

Çeşme: "Abort barada bilim nähili berilmeli?" gollanma
 

  • 6868 gezek okalan