Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSY ÖZGERIŞ NÄME WE ONUŇ MENDE ILKINJI ALAMATLARY NÄHILI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

jynsy ozgerisSeniň daşky keşbiňde üýtgeşik, düşnüksiz, ýöne seniň üçin örän gyzykly üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýüzüňdäki düwürtikler bizar etdimi? Sesiň hem üýtgäp, özüňki däl ýaly gerek?

10-15 ýaş aralygynda hemme adamlarda geçiş döwri, çagalykdan ululyga geçiş başlanýar. "Ahyryna men ulalýaryn!" diýip şatlanmagyň mümkin. Seniň ene-ataň we beýleki ulular seni çaga hasaplaýan bolsalar hem, sen we seniň deň-duşlaryň seýle pikir etmeýär.

Sen hem, seniň töweregiňdäkiler hem sende bolup geçýän özgermäni – jynsy ýetişmäni görýärler:

↪ Sesiň üýtgeýär;

↪ Deriňde ýag we der mäzleriniň işjeň işleýändigi sebäpli sende düwürtikler döräp biler;

↪ Goltuklarda we daşky jyns agzalarda tüý ösüp başlaýar, oglanlarda bolsa ýüzünde we döşünde hem ösýär. Tüýler birinde köp çyksa, beýlekide seýrek çykýar. Bu nesilyzarlaýjylyga we bedene baglydyr.

Gyzlarda göwüsler ulalyp, bedeniň daşky durky üýtgeýär – daýawlaşýar. Esasy zat bolsa – jyns agzalaryndan her aýda bir gezek gan gelmeler – aýbaşy (biliň açylmagy) başlanýar.

Oglanlaryň bolsa eginleri ýarsýar, bedeninde myşsa gatlagy ösýär, jyns agzalary üýtgäp, ösýär. Gijelerine bolsa ujytdan (penis) dölüň gelip, içki eşigiň öllenmegi bolup biler. Il arasynda bu ýagdaýa "şeýtan oýnama" diýýän bolsalar, lukmançylykda "pollýusiýa" diýip atlandyrýarlar.

Özüňde bolup geçýän özgermelerden gorkma, olara düşünmäge çalyş. Hemme uly adamlar hem bu özgermeleri başyndan geçirendirler.

  • 2953 gezek okalan