Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MENDE ENTEK HEM ÖZGERMELER BAŞLANOK. KEMÇILIK BARMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (15 Ses)

gic ozgermeBiziň bedenimiz we beden ösüşimiz deň däldir. Biziň birimizde özgerme alamatlary dörän bolsa, başgada olar 1-4 ýyl gijigip bilýändir. Gyzlarda jynsy özgermeler 8-13 ýaş aralygynda başlanyp bilýän bolsa, oglanlarda şeýle üýtgemeler 10-15 ýaş aralygynda ýüze çykyp bilýär.

Şeýlelikde, eger seniň dostuňda/joraňda bu üýtgemeler başlanyp, sende bildirmeýän bolsa, alada etme. Entek hemme zat öňüňdedir.

  • 3682 gezek okalan