Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNS AGZALARYNA HAÝSYLAR DEGIŞLI EDILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (19 Ses)

jyns agzalarynyn atlaryBelki-de sen jyns agzalary barada habarlysyň we olaryň atlaryny hem bilýän bolmagyň mümkin. Ýöne bu barada seniň bilimiňi berkitmek üçin olaryň üstünde ýene bir gezek durup geçmek artyk bolmaz diýip pikir edýäris.

Gel, ilkibaşda aýal jyns agzalary bilen tanşalyň. Aýal jyns agzalaryny, başga-ça aýdylanda aýal önelgelilik ulgamyny daşky we içki jyns agzalary we süýt mäzleri (göwüsler) düzýändir.

Daşky jyns agzalaryna çatalba güberçegi, uly we kiçi jyns dodaklary we kinnik (klitor) degişli edilýändir.

Çatalba güberçegi (lobok) – garnyň aşaky bölegi bolup, ýetginjeklik döwründe tüý örtügi bilen örtülýändir. Ondan aşakda ýumşak deri gasynlary – uly jyns dodaklary ýerleşip, olarda hem tüýler ösýändir. Uly jyns dodaklary jynshana girelgesini ýapyp, goraýjylygy ýerine ýetirýändirler. Olaryň aşagynda kiçi jyns dodaklary ýerleşip, ýokarda olar kinnigiň ýanynda birleşýändirler. Bu kiçijik agza nerw süýümlerine baý bolup, megerem aýal bedeninde iň duýgur ýer bolup galýandyr.

ayal dasky

Içki jyns agzalaryna jynshana, ýatgy, ýatgynyň turbalary we ýumurtgalyklar degişli edilýändir.

Jynshana (oňa gylaba hem diýilýär) – uzynlygy 5-9 sm. bolan, maýyşgak turba görnüşli myşsa agzasydyr. Ol daşky we içki jyns agzalaryny birleşdirýändir we ondan aýbaşy gany bölünip çykýandyr we dogrumda çaga dogulýandyr.

Jyns gatnaşygyny geçirmedik gyzlarda jynshana girelge uly bolmadyk deşijekli gyzlyk perdesi bilen ýapylandyr. Birinji jyns gatnaşygynda gyzlyk perdesi ýyrtylyp, uly bolmadyk gan akmalar (hemişe däl) ýüze çykyp bilýändir.

ayal icki

Ýatgynyň boýunjygy – myşsa agzasy bolup, jynshananyň ýokarky böleginde ýerleşýändir we ony ýatgynyň boşlugy bilen birleşdirýändir.

Ýatgy – kiçi armydyň ölçeginde we görnüşinde bolan, içi boşlukly myşsa agzasydyr. Göwrelilik döwründe düwünçek ösüp emele geljek çaga ýatgynyň içinde ýerleşip, tohumlanan öýjükden ýetişen çaga çenli ösüş tapgyryny geçýändir. Çaga ulaldygyça ýatgy hen süýnüp ulalýandyr.

Ýatgynyň turbalary – ýatgyny we ýumurtgalyklary birleşdirýän goşa agzadyr. Ýumurtgalykdan çykan aýal öýjügi ýatgynyň turbasyndan aşak düşup ýatga ýetýändir. Ýatgynyň turbasynda aýal öýjüginiň erkek öýjügi (spermatozoid) bilen tohumlanmasy bolup geçýändir. Ýumurtga öýjüginiň (tohumlananyň hem) ýatgynyň turbasyndan edýän hereketi turbanyň diwarlarynyň myşsalarynyň ýygrylmagy we nemli örtügiň kirpijekleriniň hereketi hem-de onuň içini örtýän nemiň kömegi bilen amala aşyrylýandyr.

Ýumurtgalyklar – ölçegleri 2,5x3 sm. bolan iki sany jynsy mäzidir. Olar kiçi çanaklygyň içinde, ýatgynyň iki tarapynda ýerleşýärler. Entek enesiniň içindekä gyzjagazyň ýumurtgalygynda 400-e golaý ýumurtga öýjügi emele gelýär. Jynsy ýetişme başlanandan soň we aýalyň çaga dogurma ukyby saklanýan döwründe her aý bir aýal öýjügi emele gelýändir. Ýumurtgalykda aýal jyns öýjüginiň ýetişme we çykma hadysasy owulýasiýa diýlip atlandyrylýar.

Ondan başga hem, ýumurtgalyklar jyns agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrmaga we jynsy ýetişmegiň alamatlarynyň (sesiň üýtgemegi, süýt mäzleriniň ulalmagy we başga) emele gelmegine kömek edýän jynsy gormonlary bölüp çykarýarlar. Ýumurtgalyklaryň işjeňligi aýal bedeniniň ýagdaýyna we ýaşyna baglydyr.

Erkek adamlaryň jynsy ulgamy hem daşky we içki jyns agzalaryndan ybaratdyr.

Daşky jyns agzalaryna ujyt we ýumurtga haltasy degişli edilýär.

erkek

Ujyt (ylmy dilde – penis) – erkek adamlaryň iň esasy üns berýän, adaty bolmadyk agzasydyr. Entek çaga ejesiniň göwresindekä ultrases barlagynda ujydyň barlygyny ýa-da ýoklugyny anyklap, dogjak çaganyň jynsyny kesgitläp bolýandyr.

Ujydyň kellejigi ýukajyk hereketjeň deri gasyny bilen örtülendir. Ol ujydyň pürçügi diýip atlandyrylýar. Ujydyň pürçügi "smegma" diýip atlandyrylýan ýörite suwuklygy bölüp çykarýandyr. Ol ujydy sürtülmeden we ýokançlyklardan goraýandyr.

Ujydyň adaty agza däldigini biz ýokarda agzap geçipdik. Sen uklap ýatyrkaň ýa-da irden turanyňda, şeýle-de seksual pikirleri edeniňde ujyt ulalyp gatap bilýändir. Bu ýagdaýa ereksiýa diýilýär (biz bu barada soň hem gürrüň ederis). Bu ýagdaý jynsy gyjynmada ujyda ganyň köp gelmegi bilen düşündirilýär we ganyň ujytdan yzyna gaýtmagy bilen ereksiýa ýatyşýandyr hem-de ol ýene kiçelýändir.

Ýumurtga haltajygy – içinde ýumurtgajyklary we onuň goşundylaryny saklaýan deri haltajygydyr. Ýumurtga haltajygyň bedeniň daşynda ýerleşmegi tötänden däldir: erkek öýjükleriniň kadaly emele gelmegi üçin bedeniň gyzgynlygyndan pes gyzgynlygyň bolmagy möhümdir. Ýokary temperatura (380C ýokary) spermatozoidleriň işjeňligini peseldýändir.

Içki jyns agzalaryna ýumurtgajyklar, jyns mäzi (prostata), tohum çykaryjy kanal we peşew çykaryjy kanal degişli edilýändir.

Ýumurtgajyklar – erkek jyns öýjüklerini – spermatozoidleri emele getirýän jyns mäzidir. Yumurtgajyklarda jyns gormony bolan testosteron emele gelip gana bölünip çykarylýandyr. Erkek adamlarda iki sany ýumurtgajyk bolup, olaryň biri beýlekisinden biraz aşakda ýerleşýändir.

Jyns mäzi (prostata) peşew haltanyň yzynda ýerleşýändir. Ol juda möhüm agzadyr – prostatada dölüň esasy düzümi bolan we spermatozoidlere hereket etmäge kömek edýän suwuklyk işlenilip çykarylýandyr. Ondan başga-da prostata klapanyň işini ýerine ýetirýär – ereksiýa wagty peşew haltadan çykalgany ýapýandyr.

Tohum çykaryjy kanallar – inçejik turbajyk görnüşli goşa agzadyr. Ýumurtgajyklaryň goşundylaryndan spermatozoidleri peşew çykaryjy kanala düşürmäge kömek edýändir.

Peşew çykaryjy kanal (uretra) – peşew haltadan çykyp prostatanyň we ujydyň içinden geçýän geçiriji turbajykdyr. Onuň üsti bilen hem peşew, hem döl çykarylýandyr. Elbetde, bir wagtda däldir: ujyt gönelende prostata bu kanaly peşew üçin ýapyp, döl üçin açýandyr.

Döl (tohum suwuklygy) – ujyt gönelende ondan bölünip çykýan suwuklykdyr. Ol belli bir basyş bilen çykýandyr we bu ýagdaýa eýakulýasiýa diýilýändir. Döl spermatozoidlerden we olary iýmitlendiriji hem-de hereketini üpjün ediji suwuklykdan ybaratdyr.

Elbetde, biz saňa aýal we erkek jyns agzalary barada esasy maglumaty berdik. Olara degişli başga-da köp soraglaryň sende ýüze çykmagy mümkindir. Olara degişli jogaplary hem biz saňa bermäge çalşarys.

  • 10502 gezek okalan