Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GYZLARDA NÄME ÜÇIN AÝBAŞY (MENSTRUASIÝA) BAŞLANÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

4 menstruasiya sebabiJynsy ýetişmäniň başlanmagy bilen ýumurtgalyklarda her aýda bir tohum öýjügi emele gelýär. Haçanda şol aýal tohum öýjügi spermatozoid bilen tohumlanman ýatga düşende biraz wagtdan dargaýandyr. Şol bir wagtyň özünde hem ýatgynyň içki gatlagy hem sypyrlyp, gan damarlardan gan gelip başlaýandyr. Şeýdip aýbaşy başlanýandyr.

Aýbaşynyň gelen birinji güni, ýagny aýbaşy halkasynyň birinji güni ýumurtgalyklarda täze tohum öýjügi ýetişip başlaýar. Aýbaşynyň 4-5-nji güni gan akmalar aýrylyp, ýatgynyň içki gatlagy dikeldilýändir, tohum öýjügi bolsa ösmegini dowam edýändir.

Takmynan aýbaşy halkasynyň 14-nji güni aýal tohum öýjügi ýetişip ýumurtgalyklaryň daşky bardasyndan çykýandyr, ýagny owulýasiýa bolup geçýändir. Aýal tohum öýjügi ýatgynyň turbasyna düşýär we ol ýerde onuň spermatozoid (erkek tohum öýjügi) bilen birleşmegi bolup geçip bilýändir (eger şol günler gyz jynsy gatnaşyk geçirip, onuň jyns agzalaryna spermatozoidler düşen bolsalar). Şonuň bilen bir wagtda ýatgynyň içki gatlagy galyňlaşyp, tohumlanan aýal öýjüginiň ýatga birleşip ösüp başlamagy üçin taýynlyk görýändir.

Eger tohumlanma bolup geçmese, onda beden ösüp ýetişen, ýöne tohumlanmadyk aýal öýjügini dargadýandyr, ýatgynyň nemli gatlagy bolsa sypyrylýandyr. Ýene aýbaşy başlanýandyr.

Aýbaşy halkasynyň şeýdip gaýtalanyp durýanyna sen düşünensiň.

Başlanan aýbaşynyň birinji gününden indiki başlanjak aýbaşynyň birinji gününe çenli aralyk bir aýbaşy halkasy hasaplanýar. Kadaly aýbaşy halkasynyň dowamlylygy 21-35 gün (ortaça 28 gün) aralygyny düzýändir.

  • 1100 gezek okalan