Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

SÖÝGI DUŞUŞYGYNDA ÖZÜŇI NÄDIP ALYP BARMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

25 soygi we dususykEger siz biri-biriňizi halap duşuşýan bolsaňyz, onda bu duşuşmalar biri-biriňiz üçin ýakymly, peýdaly, ruhy göteriji bolmalydyr. Duýguly gatnaşyklarda biri-biriň mertebesini peseltmek, üstünden gülmek, biri-biriňde ýüze çykýan kemçilikleri dostuňa ýa-da joraňa aýtmak, düşünişmezlik bolanda paýyş sözlemek ýa-da el galdyrmak (esasan oglanlara degişli) mähirli gatnaşyklary dargadyp biljek hereketlerdir.

Biri-birini halaýan adamlaryň gatnaşygy:

↪ Olara şatlyk düýgusyny bermeli we biri-biriňi sylamaga, pikirlerini diňlemäge mümkinçilik bermeli;

↪ Sahsyýet höküminde ösmäge, okuwda, gyzyklanýan işleriňizde öňe gitmäge, geljekdäki meýilleriňiziň amala aşmagy üçin mümkinçilik döretmeli;

↪ Siziň ene-ataňyzda, dost-garyndaşlaryňyzda oňaýsyzlyk, alada etmek duýgusyny döretmeli däl.

Gynansakda, ýetginjek jübütleriň aglaba bölegi gatnaşyklaryň esasy manysyny jynsy gatnaşyklardan gözleýärler. Bu ýerde esasan oglanlar köp ýalňyşlyklary göýberýärler. Oglanlaryň erkeklik gormonlaryň täsiri bilen jynsy höwesiniň ýokarlanyp, jynsy gatnaşyklary geçirmek isleginiň güýjemegi, uly erkek adamlara meňzemek ýa-da ýöne indi kämil ýigitdigini subut etmek, dostlaryň ýanynda ulalandygyňy görkezmek islegi pikirlenmezden, ýalňyş hereketleri etmäge itergi berýär. Duşuşyklarda eger gyz öpüşmäge, seniň bilen jynsy gatnaşygy geçirmäge taýyn bolmasa, ony zorluk bilen geçirmek örän uly ýalňyşlyklara getirip biler. Gyz maşgala size "Ýok!" diýse, bu sözlere edil şol manyda hem düşünmek gerekdir.

Gyz maşgalany güýç bilen jynsy gatnaşyga boýun etmek siziň aragatnaşyklarda diňe jynsy gatnaşygy isleýändigiňizi we gyza öz mähirli, söýgüli taýyňyz höküminde garamaýandygyňyzy aňladyp biler. Ýigitleriň aglabasy "Meniň bilen bolmasaň, söýýäniňe ynanmaryn. Söýýändigiňi subut et!" diýip, gyzy oňaýsyz ýagdaýa salýarlar. Hakyky söýgi, halama duýgysy, sylamak, oglany gyzy hemme erbetliklerden goramaga, ony ynjytmazlyga taýyn eder. Halaýan ýigit gyzyň mertebesini, abraýyny goramaga, onuň pikirlerini, isleglerini diňlemäge çalşar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýetginjek oglan-gyzlaryň özara gatnaşygynyň manysy jynsy ýanaşmalar, gatnaşyklar däl. Ýaş juwan adamlaryň biri-birine duýgusyny bildirmegiň örän köp dürli ýollary bardyr: her gün biri-biriň isleglerine, gyzyklanmalaryna üns bermek, sowgat bermek, okuwynda kömek bermek, gyza (ýa-da oglana) öýde iş buýrulan bolsa, biri-biriňe kömek bermek, bile kinofilme tomaşa edip, ara alyp maslahatlaşma, syýahat etmek, bile daşary ýurt dilini öwrenmek, näsaglanyňyzda biri-biriňize alada bildirmek... Görüp otursaň, biri-biriňe duýgulary bildirmäge kömek etjek hereketler örän köp.

Gatnaşyklar biri-biriňize diňe şatlyk, peýda, asudalyk getirip, şahsyýet höküminde ösmegiňize ýardam bermelidir.

  • 1089 gezek okalan