Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

SEKSTIŇ NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (15 Ses)

27 sekstin nameBelli bolşy ýaly, sosial ulgamlarynyň aragatnaşyk serişdesi höküminde has elýeterli we amatly bolany üçin türkmenistanly ýaşlarynyň arasynda olaryň meşhurlygy günsaýyn artýar. Onuň kömegi bilen ýaşlar diňe biri-biri barada maglumat alma bilen kanagatlanman, eýsem bilmezlikden geljekde özlerini howply ýagdaýlara saljak suratlaryny hem goýýarlar.

Tehnologiýalaryň ösmegi adamzadyň durmuşynda täze mümkinçilikleri we amatlyklary döredýär. Ýöne, hemme taýagyň iki ujynyň bolşy ýaly, bu mümkinçiligi betniýetli maksat bilen hem ulanyp bolýar. Sekstiň hem şuňa mysal bolup biler.

Sekstiň diýlip, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň, ýagny, akylly telefonlaryň, elektron poçtanyň we sosial ulgamlaryň üsti bilen şahsy suratlaryň ýa-da içinde pynhan manyny saklaýan şahsy hatlaryň gönükdirilmegine aýdylýar. Sekstiň ýetginjekleriň arasynda has hem giňden ýaýrandyr.

Ýetginjeklerde öz-özüňe timar bermek, syratyna, bedenine, onuň görnüşine, gözelligine üns bermek islegi örän güýçli bolýar. Olar öz gözelligi bilen kämilleşendiklerini we garşydaş jyns üçin hem gyzyklydyklaryny bildirmek isleýärler we öz-özlerini surata düşürmäge (selfi etmek), Internet ulgamynda suratlaryny görme-görşe goýmaga, dostlaryna, joralaryna ýa-da synpdaşlaryna ugratmaga höwesli bolýarlar. Olaryň ýoldaşlary bolsa, öz gezeginde suratlary başgalar bilen paýlaşýarlar.Goýulýan suratlar has açyk seksual manyly bolup, bedeni görkezýän açyk eşiklerde surata düşülýär. Suratlar bedeni mazamlaýan, çüjeňleýän manyly bolup, geljekde suratyň eýesine köp kynçylyklary döredip biler.

Internetde seniň bedeniňe tomaşa edýän adamlaryň (olar diňe seniň dostlaryň ýa-da joralaryň däldir) aglabasy seň niýetleriň gowudygy we göwnüňiziň açykdygyna seretmezden, ol suratlary geljekde saňa garşy ulanyp bilerler.

Geljekde sen özüňe, öz başarnygyňa mynasyp okuw, iş ornuny gözläňiňde, özüňe mynasyp taý tapyp, maşgala gurmakçy bolanyňda goýlan ol suratlar sen üçin böwet, biabraýçylyk, kynçylyk döredip biler.

Psihologlaryň bellemegine görä, sekstiňe hem, edil neşe serişdelerine garaşlylygyň döreýşi ýaly garaşlylyk döräp bilýändir. Çünki seniň goýýan ýarym-ýalaňaç suratlaryň başgalardan has artyk gollanma alýandyr we sen ýene-de ondan hem açyk manyly suratlaryňy goýmaga ymtylýarsyň. Haçanda islendik surat Internetde elýeter bolan wagty-onuň nusgalaryny doly pozup aýryp bolmaýandyr.

Şonuň üçin hem, özüňi sekstiňden goramak üçin birnäçe düzgünlere eýermek seniň üçin peýdaly bolar:

↪ Suratyňy goýmakdan öň öz geljegiň barada pikir et. Okuwa girmek,iş tapmak maksatlaryň puja çykyp biler. Iş berijiler suratlary Internetden aňsatlyk bilen tapyp bilerler.

↪ Internede suratyňyzy ýüklemezden öň pikir ediň-ony soň aýryp bolmaýar.

↪ Internetdäki sahypaňyzyň içindäki zatlary görmäge çäklendirme goýuň.

Durmuşda, jemgyýetde beden gözelligi öwgä mynasyp bolsa-da, akyl-paýhasyň, bilimliligiň, adamçylygyň, başarjaňlygyň, hünärmenlik derejäniň has ýokary bahalandyrylýandygyny ýatda saklamalydyr.

  • 3247 gezek okalan