Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

NÄÇE ÝAŞDAN JYNSY GATNAŞYGY GEÇIRMEK HOWPSUZ HASAPLANÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

28 nace yasdan jynsy gatnasykBiz öz ýaşaýyşymyzda dürli gatnaşyklary alyp barýarys: ene-ata, dogan-garyndaşlar, boýdaşlar bilen. Biz ulalyp, kemala gelenimizden soň, bizde döreýän halama duýgusynyň täsiri bilen jynsy gatnaşygy geçirmek islegi döräp biler. Bu gatnaşyklar uly jogapkärçiligi talap edýändir.

Aýal bilen erkek adamynyň arasyndaky jyns agzalarynyň galtaşmagy arkaly geçýän gatnaşyga jynsy gatnaşyklar diýilýär.

Dürli ýurtlarda, ol ýeriň medeniýetine, däp-dessurlaryna, dini garaýyşlaryna baglylykda jynsy gatnaşygy başlamaga rugsat edilýän ýaş dürli bolup biler. Ýaşlaryň dürliligine garamazdan, lukmanlar ilkinji jynsy gatnaşyklaryň 18-21 ýaş aralygy geçirilmegini maslahat berýärler.

Lukmanlar näme üçin bu ýaş aralygyny görkezýärler? Bu ýaş aralygynda oglanyň we gyzyň endokrin ulgamy doly kadalaşýar we sazlaşykly işläp başlaýar. Bu kadalaşyk bolsa oglanyň jyns ulgamynyň doly kemala gelendigini, gyzyň bolsa aýbaşy halkasynyň kadalaşandygyny aňladýar.

Biziň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda hem, jynsy gatnaşyklary geçirmek 18 ýaşdan rugsat berilýär.

Jynsy gatnaşyklara özüni taýyn hasaplaýan oglandan hem, gyzdan hem bu gatnaşyklar uly jogapkärçiligi, ynamdarlygy talap edýändir. Oglan we gyz deň derejede öz saglygy, geljekki durmuşlary babatda, bolup biljek islenilmedik göwreliligiň öňüni almak, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklardan goranmak babatda jogapkärçiligi çekmelidir. Şeýle hem, olar kontraseptiw (göwreliligiň öňüni alýan) serişdeler barada habarly bolmalydyr.

  • 2737 gezek okalan