Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

PORNOGRAFIÝA SYN ETMEK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

32 porno syn etmekAlymlaryň bellemegine görä, eýýäm 10 ýaşdan çaga pornografiýa degişli kinofilmleri, žurnallary seretmäge gyzyklanma bildirýär. Eger ýetginjek öz maşgalasynda, gurşawynda (meselem, mekdep)  jynsy terbiýä, jynsy gatnaşyklara degişli öz soraglaryna doly jogap alyp bilmese, ol ony başga çeşmelerden (pornofilmlerden, Internetden) gözlemäge çalyşýar. Has ýakyndan we açyk alnan şekiller, ýalaňaç aýallaryň we erkekleriň bedeni, açyk geçirilýän jynsy gatnaşyklar ýetginjegiň  entek doly kemala gelip, bekeşmedik  ruhy dünýäsine  täsir edip, olara bolan garaşlylygy döredip biler.

Elbetde, sen porno şekilli filmlere tomaşa edip öz bilesigelijiligiňi kanagatlandyryp bilersiň, ýöne olara tomaşa edip  lezzet almak seniň gündelik durmuşyň manysyna öwrülse, bu geljekde seniň durmuşyňa täsirini ýetirip biler.

Pornografiýa yzygiderli, ýygy-ýygydan seretmek hem, edil neşe serişdelerine endik edilşi ýaly:

↪ Kem-kemden garaşlylygy döredýär;

↪ Ony has köp görmäge isleg döredýär;

↪ Hakyky durmuşda garşydaş jyns bilen gatnaşyklary kynlaşdyrýar;

↪ Durmuşda başlanjak jynsy gatnaşyklary kynlaşdyrýar.

Porno manyly kinofilmlerde ýörite artistler çykyş edýärler we ol jynsy gatnaşyklar durmuşdakydan düýpgöter tapawutlanýar. Ol ýerde  aýal bilen erkek adamyň arasynda duýgular görkezilmeýär, jynsy gatnaşyklar has ýoýulan bolýar: erkek jyns agzalary orta  görkezijilerden has uly edilip, aýal jyns agzalary bolsa  has "üýtgedilen, gözelleşdirilen" ýagdaýda görkezilýär. Durmuşda geçirilýän jynsy gatnaşyklar öz dowamlylygy boýunça hem tapawutlanýandyrlar.

Pornografiýa aşa köp  syn etme we ondan lezzet almak (meselem, masturbasiýa netijesinde), kem-kemden öwrenişme döredýär we geljekde garşydaş jyns bilen gatnaşyklary  hem has kynlaşdyryp bilýändir. Çünki  pornofilme seredip, sen oturan ýeriňden lezzetli duýgulara tiz ýetip bilýärsiň, durmuşda bolsa sen hakyky halaýan adamyňy tapmaly we ony özüňi halar ýaly etmek üçin ençeme  jepakeşligi görkezmeli bolýar.

Lukmanlar pornografiýa juda köp we  yzygiderli  syn edilmeginiň durmuşda jynsy gowşaklyga getirip bilýändigini belleýärler.

  • 3144 gezek okalan