Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

OKUWA HÖWESLI ÝAŞLAR ÜÇIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

okajak.com intro

Saglyk redaksiýasy Okajak.com saýtynyň düýbüni tutujylar we dolandyryjalar bilen söhbetdeş boldy.

Bu başlangyjyňyzyň maksatlary barada aýdaýsaňyz. Websaýtyňyzda nähili maglumatlar bar?

Okajak: Türkmenistanda ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biri ýokary okuw we stipendiýa mümkinçiliklerinden bihabarlylyk. Şeýle mümkinçilikleriň örän kändigine garamazdan, dürli sebäplere görä olaryň köpüsinden halkymyz habarsyz bolup galýar.

Okajak.com-yň esasy maksady Türkmenistanyň içindäki we dünýäniň dürli ýerlerindäki okuw mümkinçiliklerini türkmen we rus dillerinde türkmen ýaşlaryna elýeter etmek. Saýtyň kömegi bilen türkmenistanlylar daşary ýurtlardaky tölegsiz we stipendiýaly okuwlar barada maglumat alyp bilýärler. Saýt ildeşlerimize aşaky maglumatlary we hyzmatlary hödürleýär:

↪ Bakalawr, Master, we PhD derejelerini almak üçin stipendiýaly okuwlar;

↪ Stipendiýaly gyşky/tomusky okuwlar;

↪ Stipendiýaly konferensiýalar we iş tejribeleri;

↪ Rezýume, ýan hat we höwesjeňlik hatyny ýazmakda we resminama tabşyrmakda kömek.

Ýaşlary siziň saýtyňyza getirjek esasy üç sebäp näme?

1. Orta mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan okuwçy biziň saýtymyzyň üsti bilen özüne elýeter bolan ýokary okuw jaýlaryny gözläp biler. Meselem, Magtymguly adyndaky Uniwersitet ýa-da Londondaky Biznes we Ykdysadyýet mekdebi.

2. Ýokary okyw jaýynda okap ýören talyp saýtdan iş tejribeleri, türgenleşikler, meýletinçilik programmalary, konferensiýalar, MA ýa-da PhD programmalary barada maglumat tapyp biler.

3. Ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyryp ýörenler hem biziň saýtymyzdan resminamalaryny üstünlikli taýýarlamakda türkmen we rus dillerinde maslahat alyp bilerler.

Türkmenistanly ýaşlary nähili ukyplary öwrenmeli we näme üçin?

Okajak: Türkmenistandaky ýaşlar internet ulgamynda dürs we netijeli gözleg etme we internetdäki maglumatlary analizleme ukyplaryny ösdürmeli. Internetde maglumatlaryň aşa köplügi sebäpli, tapmak isleýän zadyňy dogry gözlemäni başarmak möhümdir. Haçanda okuwlar ýa-da stipendiýalar barada gözleg edeniňde, belli-belli sözleri ulanmagy we okuw jaýynyň ähli talaplaryny mazaly barlamagy bilmeli.

Biz saýtymyzda dürli uniwersitetler, stipendiýalar we okuwlar barada möhüm maglumatlary goýýarys. Ýaşlar öz kwalifikasiýalaryna laýyk gelýän okuwlary gözläp we saýlap bilýärler. Biziň toparymyz hem elmydama olara kömek etmäge taýýar. Käwagt okuwa resminama tabşyrmak prosesi düşnüksiz gelip bilýär. Bize şular ýaly meseleler ýa-da şahsy konsultasiýa barada ýygy-ýygydan soraglar gelip gowuşýar. Biz hemişe kömek etmäge şat. Bize soraglaryňyzy websaýtymyzdaky emailden ugradyp bilersiňiz.

Ministrlikler ýa-da döwlet guramalary bilen işleşmegi maksat edinýärsiňizmi?

Okajak: Biz saýtymyzda Bilim Ministrliginiň çykarýan okuwa kabul ediş maglumatlaryny goýýarys. Bizde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary barada hem maglumatlar (resminamalar, synaglar barada maglumatlar, tabşyryş seneleri, we ş.m) bar. Biz öz ýurdumyzdaky, şol sanda daşary ýurtlardaky döwlet guramalary we bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge örän şat bolarys. Bilim almak mümkinçilikleri, resminama tabşyryş seneleri, we talap edilýän zatlar barada Bilim Ministrliginden dowamly täzelik alyp durmak gowy bolardy. Çünki biziň ählimiziň hem maksadymyz bir: her bir adama bilim almaga mümkinçilik döretmek.

  • 558 gezek okalan