Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GYZLAR HEM, OGLANLAR ÝALY "DÖKÝÄRMI"?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

jynsy terbiye 6Jynsy gatnaşyklarda erkek adamlar "dökýär" diýen düşünje bolup, ol eýakulýasiýa we orgazm duýgusyndan habar berse, aýal maşgalalar barada şeýle diýip bolmaýar. Jynsy gatnaşyklarda oýanma netijesinde jyns ýollaryndan suwuklyk ýa-da nem gatyşykly bölünip çykmalar bolsa-da, ol aýal orgazmyň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hasaplanmaýar. Aýallarda orgazm bölünip çykmalaryň ol diýen uly mukdary bolmazdan hem ýüze çykyp bilýändir. Şonuň üçin hem, “jynsy gatnaşyklaryň soňunda aýal dökýär” diýen düşünje fiziologiýa taýdan dogry däldir.

  • 3281 gezek okalan