Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN EJEME, ATAMA JYNSY GATNAŞYK GEÇIRENIMI NÄDIP AÝDAÝYN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

jynsy terbiye 2Sen ýetginjek oglan bol, gyz bol, günleriň bir güni pikirlenmelerden soň halaýan adamyň bilen jynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, iru-giç sen bu barada ene-ataň bilen gepleşmeli bolarsyň.

"Men olardan çekinýän we gorkýaryn. Ejem (kakam) meni hiç haçan bagyşlamaz" diýmegiň mümkindir. Eneň we ataň seni dünýä indirip, ulaldan we terbiýelän adamlardyr hem-de şolardan başga seni hiç kim şeýle ýakyn tanaýan we çyn ýürekden söýýän däldir. "Ýok, meni halaýan gyzym (ýigidim) söýýär" diýmegiňiz mümkin. Ýöne ol başga söýgidir.

Wagtyň geçmegi bilen olar seniň özüňi alyp barşyňdan ýa-da başga alamatlardan jynsy gatnaşykda bolýandygyňy aňlap bilerler. Sen olardan bu maglumaty gizläp, belki olara ynanmaýandygyňy görkesip, göwünlerine degersiň. Esasy zat bolsa, olaryň wagtynda saňa berip biljek peýdaly maslahatlaryndan özüňi mahrum etmegiň mümkindir. Ýigit atasy, gyz ejesi bilen açyk söhbetdeş bolsa gowy bolar. Olaryň işden we başga aladalardan dynyp, dynç alýan, arkaýyn wagty gürrüňdeşligi başlasaňyz ýerlikli bolar.

Dogry, siziň şeýle habaryňyz olary birden aljyraňlyga, gazaplyga, özlerini ýitirip, käýinçleri başlamaklaryna getirip biler. Her bir ene-ata habary ilkinji gezek kabul edip, aňlanyndan soň, köşeşip, ýagdaýa pikirlenme bilen garamaga çalyşýandyrlar. Şu ýerde ene-ataňa jynsy gatnaşyklary näme üçin başlandygyňyzy, seniň halaýan adamyňy barada maglumaty, onuň häsiýetnamasyny, seniň gatnaşyklaryň geljegi barada dürs düşündirme we bu gatnaşyklar netijesinde howply ýagdaýlaryň (meselem, islenilmedik göwrelilik we baş.) döremändigini aýtmak wajypdyr. Ene-ataňyzyň berjek maslahatlary size artykmaç bolup görünmeli däldir, çünki olar hem ýaş bolup görendirler we öz baý durmuş tejribelerine esaslanýandyrlar.

Eger bardy-geldi dürli sebäpleriň täsiri bilen sen ene-ataň bilen doly düşünişmä gelip bilmeseň, saňa düşünip, dogry maslahat berip we goldap biljek mugallymyň, garyndaşyň (meselem, daýyň, daýzaň), tanşyň bardygyny ýatdan çykarma.

  • 1975 gezek okalan