• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • ERKEK ADAM SUW HOWDANYNDA, AÝALYŇ ÝANYNDA DÖKENDE GÖWRELI BOLUP BILÝÄRMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ERKEK ADAM SUW HOWDANYNDA, AÝALYŇ ÝANYNDA DÖKENDE GÖWRELI BOLUP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 5Suw howdanynda, aýalyň ýanynda erkek adamda eýakulýasiýa bolup döl dökülende aýal göwreli bolup bilmeýär. Muny lukmanlar birnäçe sebäpler bilen düşündirýärler:

↪ Spermatozoidler belli bir temperaturada (360C) ýaşamaga ukyplydyrlar;

↪ Howdandaky hlor spermatozoidler üçin dargadyjy maddadyr;

↪ Spermatozoidler suwuň garşylygyny ýeňip geçmäge we özleri aýal jyns agzalaryna düşmäge ukyply däldirler;

↪ Galyberse-de, suwda ýüzmek üçin niýetlenen eşik (kupalnik) spermatozoidlere jyns agzalaryna "girmekden" goraýandyrlar.

Ýöne başga ýagdaý barada aýdyp geçmek möhümdir: eger jynsy gatnaşyklar suwda geçirlen bolsa, göwrelilik galyp biler.

  • 1139 gezek okalan