Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
AIW BILEN AIDS-IŇ TAPAWUDY NÄME?
AIW (adamynyň immunodefisit wirusy, rusca ВИЧ) – adama ýokuşanda AIW-ýokançlygy keseli ýüze çykýar.
AIDS (rusça СПИД) – bu AIW-ýokançlygynyň iň soňky tapgyrydyr. AIDS keselinde immun ulgamynyň bozulandygy we ýokançlyklara garşy göreşip bilmeýändigi üçin adam her dürli agyr ýokançly keseller bilen keselleýär.
AIW-ýokançlygyny göterijilikden AIDS keseli döreýänçä 5-12 ýyl wagt geçip bilýändir. Şol sebäpden hem "AIDS ýokuşyp bilýärmi?" diýen sorag ýalňyşdyr. AIW-ýokanjy ýokuşyp, köp ýyllardan soň, bejergi alynmadyk halatynda soňky tapgyra – AIDS keseline duçar edip biler.
Şonuň üçin hem, AIW-ýokançlygyny göterijilige wagtynda barlagdan geçip, kesgitlenen halatynda ömürboýy degişli, netijeli bejergini dowam etmek, adamynyň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.
- 565 gezek okalan