Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSY ÝOKANÇLYKLARDAN DOLY GUTULYP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 4Lukmançylygyň we derman senagatynyň ösmegi bilen häzir jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň ençemesini bejerip bolýar – sözenek, merezýel (sifilis), trihomoniaz, hlamidioz, kandidoz, gijilewik keseli, gasyk bitliligi. Ýöne bejerginiň netijeli bolmagy üçin özwagtynda lukmana ýüz tutmak, bellenilen dermanlary belli mukdarda we dowamlylykda kabul etmek, kadaly gözegçilikde saklanmak möhümdir. Bejergileriň az bolmadyk pul serişdesini talap edýändigini hem ýatda saklamalydyr. Şeýle hem, öz-özüňe bejergi bermek, halk emleri bilen bejergi geçirmek synanşygynyň keseliň dowamly görnüşe geçip, gaýraüzülmelere getirip biljekdigini bilmelisiň.

Häzirki wagtda uçuk we adamynyň papillomawirusyny, wirusly gepatitleri doly bejerýän derman serişdeleri ýokdur. Wiruslara täsir edýän, immun ulgamyny taplandyrýan dermanlar wiruslaryň döredýän alamatyny aýyrmaga, wirusyň täsirini gowşatmaga kömek etse-de, ony bedenden doly aýyrmaýar. Edil şonuň ýaly-da, AIW-ýokanjyny doly bedenden aýyrýan derman serişdesi bu güne çenli tapylan däldir. Ýöne AIW-e garşy ulanylýan täze, wirusa garşy täsirli serişdeler onuň bedendäki mukdaryny azaltmaga kömek edip, AIDS keseliniň döremeginiň öňüni alýandyrlar. Bu dermanlar lukmanyň gözegçiliginde ömürboýy we bellenilen mukdarda kabul edilse, adamynyň durmuşynyň hilini ýokarlandyryp bilýändirler.

Jynsy ýokançlyklaryň bejergisiniň özwagtynda we doly göwrümde alynmadyk halatynda dürli gaýraüzülmelere getirip biljekdigini (jyns agzalaryň sowuklama keselleri, önelgesizlik, deriniň, nerw we ýürek ulgamynyň keselleri, bagryň sirrozy, howply döremeler we baş.) bilmelidir.

Edil şu sebäpden hem, jynsy gatnaşyklary başlama meselesine oýlanşykly garama, gatnaşyklarda goraglylyk çärelerini berjaý etmek saglygyňy goramak üçin möhüm bolup durýandyr.

  • 880 gezek okalan