Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GÖWRELILIK NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

jynsy terbiyeGöwrelilik – bu kontrasepsiýa serişdelerini ulanmazdan geçirilýän jynsy gatnaşyklar netijesinde tohum öýjüginiň emele gelip, ýatgyda 10 akuşer aýyň (285 gün) dowamynda çaganyň ösmegidir. Göwrelilik doly göterlende ýetik çagany dogma bilen, ýagny dogum bilen gutarýandyr. Ýöne käbir çynlakaý sebäplere görä, dörän göwrelilik dürli möhletlerde (esasan 22 hepdä çenli) düşüp biler ýa-da ýatgynyň içindäki düwünçek ösmän biler. Şeýle hem 22 hepdeden soň, 37 hepdä çenli göwrelilik wagtyndan öňki dogum bilen tamamlanyp bilýändir.

Goragsyz jynsy gatnaşyklaryň aýal öýjükleriň emele gelýän (owulýasiýa) wagtynda – aýbaşy halkasynyň ortasynda geçirilmegi göwreliligiň döremegi üçin oňaýly şertdir. Şonuň üçin hem, kontrasepsiýa serişdeleri we göwreliligiň galmagy üçin oňaýly bolýan günler barada her bir jübütler habarly bolmalydyrlar.

  • 946 gezek okalan