Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
NÄÇERÄK ALKOGOLLY IÇGINI IÇIP MAŞYN SÜRÜP BOLÝAR?
Alkogolly içgileriň içilip, maşyn sürmäge rugsat berilýän mukdary ýokdur. Içilýän mukdaryna garamazdan, alkogol içgilerini kabul edip, maşyn sürmäge rugsat berilmeýär!
Adamyň ganyndaky alkogolyň mukdary % o (promille) kesgitlenip, bu görkeziji bir zadyň müňden bir bölegini häsiýetlendirýändir. Eýýäm alkogolyň ujypsyz 0,3-0,5 promille mukdary ýagtylyk çeşmesiniň (çyraly gelýän maşynyň) tizligini we ol bilen aralygy kesgitleme ukybyny gowşadýar.0,5-0,8 promillede gözüň dürli ýagtylyk çeşmelerini aýyl-saýyl etmegi kynlaşyp, gyzyl reňki saýgarma ukyby peselýär. Eýýäm, 1-2 promillede maşyny sürmek ukyby ýitirilýär.
Serhoşlygyň derejesi adamyň beden agramyna, jynsyna (aýallar, basym serhoş bolýarlar), ýaşyna, saglyk ýagdaýyna görä her adamda dürli bolýandyr we maşyn sürmek üçin alkogolyň howpsuz mukdaryny kesgitlemek mümkin däldir. Maşyn sürýän serhoş adam özüne we daşyndakylara uly howp salýar we adam ölümçiligine sebäp bolup bilýär.
Eger sen alkogolly içgini kabul eden bolsaň, onda maşyn sürmegin!
- 492 gezek okalan