• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • HIMIKI SERIŞDELERI (AEROZOL, BOÝAGLAR) YSGAMAK ÖLÜME GETIRIP BILÝÄRMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

HIMIKI SERIŞDELERI (AEROZOL, BOÝAGLAR) YSGAMAK ÖLÜME GETIRIP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

him ser ysgamakHimiki serişdeleri (aerozol, öýi arassalaýyş serişdeler, boýaglar, ýelimler, lak we baş.) ysgap, keýp alma häsiýetine toksikomaniýa diýilýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, toksikomaniýa neşä öwrenişmeleriň iň agyr görnüşi hasaplanýar. Ysgalýan himiki serişdeleriň elýeterliligi we onuň bilen kiçi ýaşly ýetginjekleriň meşgullanýandygy ony has hem howply edýändir. Toksikomanlaryň ortaça ýaşy 10-15 ýaşdyr.

Himiki serişdeleri ysgamak bedeniň zäherlenmegine we zäherlenme serhoşlygyň döremegine getirýär. Ysgamak üçin ulanylýan himiki serişdeleriň görnüşine baglylykda zäherleýji serhoşlyk dürli alamatlar bilen ýüze çykyp biler: bokurdagyň gijemegi, üsgürmek, görejiň giňelmegi, sözleýşiň we ýöreýşiň bozulmagy, keýpiköklük, göze dürli gorkunç ýa-da tersine, gülkünç şekilleriň görünmegi, gulaga sesleriň gelmegi, kellagyrylar, ýürek bulanma, gaýtarma.

Toksikomaniýa öz gaýraüzülmeleri bilen howplydyr. Himiki serişdeleriň mukdarynyň aşa köp düşmegi ölüme getirip bilýändir. Himiki serişdeleriň yzygider ulanylmagy dowamly beden zäherlenmesine getirip, akyl taýdan üýtgemelere we yza galmalara tutgaýlaryň döremegine sezewar edýär. Bu alamatlar beýni öýjükleriniň üýtgemegi bilen düşündirilýändir. Ondan başga-da, himiki serişdeler iýmit siňdiriş ulgamyna, bagra, böwreklere hem zäherleýji täsirini ýetirip, olarda döreýän dowamly üýtgemeler wagtyň geçmegi bilen ölüme getirip bilýändir.

  • 1372 gezek okalan