• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • ŞAHSY PIKIR: TÜRKMENISTANLY OGLANLARA AÝBAŞY BARADA BILMEK HÖKMANMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ŞAHSY PIKIR: TÜRKMENISTANLY OGLANLARA AÝBAŞY BARADA BILMEK HÖKMANMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

aybasy barada bilmekAýbaşa degişli soraglar her aýal-gyzyň öz durmuşyna degişli gyzyklanmalarynyň saldamly bölegini düzýär. Her aýal-gyz öz aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny, geliş häsiýetini, beden özgermelerini gowy bilýär. Aýal-gyzlar öz aýbaşy günleri, şol döwürde özlerini duýuşlary barada özara gepleşip, bir-birlerine peýdaly maslahatlary berýärler. Galyberse-de, zenanlyk raýdaşlygy şol aýratyn günlerde biri-birine goldaw bermäge kömek berýär. Arassaçylyk gigiýena serişdesi, agyry bolanda agyryny aýryjy gerdejigi her aýal-gyz jorasy bilen paýlaşmaga taýyn. Aýbaşy wagty keýpiň üýtgemegine hem joralar gowy düşünip, keýpiňi göteriji şokolad bilen paýlaşyp bilerler.

Ýöne aýbaşy barada türkmenistanly oglanlara bilmek hökmanmy? Bu soragda olaryň bilimsizligi zenanlar bilen gatnaşygyna täsirini ýetirip bilermi?

 Aýbaşy barada oglanlar näme pikir edýär?

Meniň pikirimçe, Türkmen oglanlaryň arasynda aýbaşy babatda olaryň pikirleriniň tapawutlanýandygyny görkezýär. Olaryň aglaba bölegi aýbaşy barada anyk bilmegiň gereginiň ýokdugy barada ynamly bolsalar, oglanlaryň köpüsi bilimleriniň bardygyny, ýöne ol barada aýdyp ýörmegi artykmaç görýändiklerini belleýärler. Şeýle hem, meniň synlarym aýbaşy barada açyk söhbet etmelerde hiç hili aýratynlygy görmeýän oglanlaryň bardygyny hem görkezýär. Olar aýbaşy wagty gyzlara goldaw berilmegine düşünýändiklerini belleýärler.

Döwür uýtgeýär

Öňler jemgyýetimizde aýbaşy we aýbaşydan öň döreýän alamatlar barada açyk aýtmak aýyp, gelşiksiz hasaplanýardy. Ol barada hatda lukman bilen hem gyzarman sözleşmek kyndy. Häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Internet ulgamy we aýbaşy wagty ulanylýan gigiýena serişdeleriniň mahabatlandyrylmasy bu temany adamlara dürli tarapdan açyk äşgär etmäge mümkinçilik berdi.

Elbetde, her aý gaýtalanýan aýbaşynyň gelendigi barada töwerekdäkileri habarly etmegiň gelşiksiz boljagy belli. Nämede bolsa, aýbaşy "gyzlar dünýäsiniň" aýratynlygy we "pynhan syry" bolup durýär.

Ýöne oglanlaryň hem aýbaşy barada dogry biliminiň bolmagynyň möhümligi ikiuçsyzdyr. Näme üçin möhüm?

↪ Aýbaşy barada dogry bilim alan uly ýetginjek ýaşly oglan öz gyz deň-duşlaryna düşünme bilen garar. Gyz partadaşynyň okuw torbasynyň içindäki gigiýeniki serişdesini ýa-da tötänlikde gan tegmili bilen hapalanan köýnegini görende (onuň ýaly ýagdaý hem bolýar), geň galmaz we aýyplamaz. Tersine, oňa goldaw bermäge isleg bildirer.

↪ Aýbaşy barada dogry bilimi bolan ýigit öz halaýan gyzynyň ýa-da gelniniň belli günler keýpiniň, özüni düýşunyň üýtgeýändiginden habarly bolar. Ony şol günler agyr öý iş-hysyrdylaryndan, aladalardan gorap saklamaga ymtylar.

↪ Aýbaşy barada dogry bilimi bolan erkek adam iş kollektiwinde işdeş aýal-gyzlara düşünme bilen garar. Bu aýratynlyga düşünýän ýolbaşçy erkek adam bolsa iş düzgünini dogry meýilleşdirmäge ymtylar.

Aýbaşy barada bilimliligi olara ene-ata, mekdep bermelidir. Onda hem, aýbaşy hadysasy gyz-gelinde her aý gaýtalanýan "aýyp" ahwalat ýaly düşündirilmän, aýal saglygynyň wajyp görkezijisi we geljekde nesil öndürmäge mümkinçilik berýän ajaýyp fiziologiki hadysa ýaly düşündirilmelidir.

Türkmenistanly lukman

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 1626 gezek okalan