Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GYZLARYŇ ŞAHSY ARASSAÇYLYGY BARADA PEÝDALY MASLAHATLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.97 (37 Ses)

Ýetginjeklik döwründe bedende dürli üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýag we der mäzleri has işjeňleşýär. Gyzlaryň her aý aýbaşysy gelip başlaýar. Bu döwürde şahsy arassaçylyga aýratyn uly üns berip, aşakdaky ýönekeý maslahatlary berjaý etmek möhümdir:

► Her gün daşky jyns agzalaryňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň.

► Deriňizi, ýüzüňizi arassa saklaň. Deri hapa bolsa, ýüzüňizde we endamyňyzda düwürtikler köpeler.

► Aýaklaryňyzy we goltuklaryňyzy ýygy-ýygydan ýuwuň. Ýetginjeklik döwründe bedeniň bu bölekleri has köp derläp, ýakymsyz yslar döräp biler.

► Derlemä garşy ýörite serişdeleri (antipersperantlary), hoşboý ysly atyrlary diňe suwa düşeniňizden ýa-da mazaly ýuwunanyňyzdan soň sepiniň.

► Içgi geýimleriňizi, joraplaryňyzy günde çalşyp duruň. Olaryň arassalygyna aýratyn üns beriň.

Gyzlara gigiýeniki serişdeler barada

1. Jyns agzalaryňyzy diňe mylaýym arassa suw bilen, ýokardan aşaklygyna (gasyk süňkünden artbujaga çenli) ýuwuň. Elleriňiz hem hökman arassa bolmalydyr.

Biliňiz gelende, wanna kabul etmekden, howdanlarda, ýaplarda, deňizde suwa düşmekden gaça duruň. Siz gigiýeniki dyky (tampon) ulanýan bolsaňyz hem bu düzgünleri berjaý etmelisiňiz.

2. Jyns agzalaryny ýuwmak üçin niýetlenen serişdeleri ulanmak peýdalydyr. Olar jyns agzalarynyň guraksy bolmagynyň öňüni alýarlar.

3. Jyns agzalaryny sürtgüç bilen ýuwmaň. Olar nazik nemli örtügi şikeslendirip, jyns agzalaryna dürli ýokançlyklaryň düşmegine sebäp bolup biler.

4. Süpürinmek üçin aýratyn süpürgiç ulanmaly. Ol hemişe arassa we ütüklenen bolmalydyr.

Häzirki döwürde gyzlaryň şahsy arassaçylygyny saklamaga ýardam berýän serişdeler örän köp. Aýbaşy döwründe ulanylýan prokladkalardan başga-da gündelik ulanylmaga niýetlenen prokladkalar hem satylýar. Olary her 1,5-2 sagatdan çalşyryp durmalydyr.

Günde ulanmaga niýetlenen prokladkalary her gün däl-de, aýbaşynyň başlanmagyna az wagt galanda we aýbaşy gutarandan 1-2 gün soň ulanmak maslahat berilýär.

Aýbaşy döwründe:

♦ jyns agzalaryny günde azyndan iki gezek ýuwmaly we her gezek prokladkany hem çalşyrmalydyr.

♦ prokladkanyň üçden bir bölegi dolanda hem ynamly bolmak üçin ony çalşyrmalydyr. Prokladkalary günüň dowamynda 4-5 gezek täzeläp durmaly.

♦ Gigiýeniki dykylary (tampony) her 2-4 sagatdan çalşyrmaly. Olar gan lagtasyny özüne siňdirmeýär. Şol sebäpli hem ony prokladka bilen gezekleşdirip ulanmak maslahat berilýär.

♦ gijesine tamponyň deregine prokladka ulanyň.

♦ tampon ulanylanda, arassaçylyk düzgünlerini ýatdan çykarman, hökman elleriňizi ýuwuň.

♦ durmuşa çykmadyk we jyns gatnaşyklarynda bolmadyk gyzlara tampon ulanmak maslahat berilmeýär. Gyzlyk perdesinde ýerleşýän deşijek kiçi bolup, tampony goýmakda kynçylyk ýa-da onuň ýyrtylma howpuny döredip biler.

Aýbyşy üçin serişdeler dürli-dürli bolýar. Olaryň käbiri ganyň köp mukdaryny özüne siňdirmäge niýetlenen bolsa, käbiri has az suwuklygy özüne siňdirýär. Her kim özüne laýyk prokladkalary we tamponlary saýlap almalydyr.

Arassaçylyk serişdelerindäki şertli belgiler:

2 damja – suwuklygyň az mukdaryny (2-4 gr.) özüne siňdirýär;

3 damja – suwuklygyň ortaça mukdaryny (6-9gr.) özüne siňdirýär;

4 damja – köp (9-12 gr.) suwuklygy özüne siňdirýär;

5 damja – has köp (12-15 gr.) suwuklygy özüne siňdirýär.

Aýbaşy döwründe ulanylýan arassaçylyk serişdeleri gün-günden täzelenýär, olaryň has kämilleşdirilen görnüşleri çykýar. Muňa garamazdan, şahsy arassaçylyk düzgünlerine eýerme her bir gyz üçin, umuman –  aýal maşgala üçin üýtgewsiz kada bolup, olaryň berjaý edilmegi hökmanydyr.

Muny bilmek gyzykly

Gadym döwürlerde hem gelin-gyzlar aýbaşy wagtynda dürli serişdeleri ulanypdyrlar.

• Gadymy Müsürde zenanlar tamponyň deregine papirusyň (kagyzyň bir görnüşi) has ýumşak bölegini ulanypdyrlar.

• Rimli zenanlar ýumşak ýüň togalajyklaryny ýaglap, tampon ýerine ulanypdyrlar.

• Afrikaly zenanlar ýaş bambuk agajynyň ýumşak böleklerini ulanypdyrlar.

• Keýik garaharsaňy (moh) demirgazyk halklarynyň zenanlary üçin prokladka bolup hyzmat edipdir.

• Slawýan zenanlary prokladka hökmünde esgi böleklerini ulanyp, ol wagtlarda içki eşikleriň bolmanlygy üçin, olary guşagyna daňyp gezipdirler.

  • 12963 gezek okalan