Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÝETGINJEKLER DÜNÝÄSI: DAŞKY KEŞBIŇ ÜÝTGEMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (34 Ses)

Jyns taýdan kämilleşme döwründe bolup geçýän esasy üýtgeşmelerden başga, ýetginjek gyzlar we oglanlar öz deň-duşlarynyň öz daşky keşplerine bolan garaýyşlaryny üýtgedýändiklerini belläp başlaýarlar. Çünki syratly we görmegeý keşp – özüňe ünsi çekmegiň we garşydaş jyns tarapdan halanyp saýlanmagyň bir usuly bolup durýar ahyryn.

Beden gurluşynyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe direg-hereketlendiriş ulgamynyň myşsalara garanyňda uly depginde ösýändigi sebäpli, ýetginjek oglanlaryň beden gurluşynda tagaşyksyzlyk duýlup bilner.

Ýetginjek oglanlar bu döwürde beden myşsalaryny ösdürmek üçin we dostlaryna, esasanda gyzlara batyr ýigit höküminde görünmeklik maksady bilen trenažor zalyna gatnap başlaýarlar. Bu türgenleşikleriň netijeli bolmagy üçin siz tälim berýän türgeniňiz bilen maslahatlaşyp, beden myşsalarynyň haýsy toparlarynyň üstünde işlemeklik babatda peýdaly görkezmeleri alyp bilersiňiz.

Ýetginjek oglanlary myşsalary ösdürip, syratly, daýaw görünme islegi alada goýsa, gyzlar öz beden agramlary barada has hem aladalanýarlar. Sorag etmeleriň görkezişi ýaly, okuwçy gyzlaryň agramynyň kadadan üýtgemändigine garamazdan, olaryň 22-33%-i horlanmak islegini bildirýärler Bedende bolup geçýän endokrin üýtgeşmeleri netijesinde, ýag gatlagynyň we myşsalaryň agramy ýokarlanyp, köp gyzlaryň, esasan hem 13-15 ýaş aralygynda bedeniniň biraz "tegelenmegi", butlaryň, ýanbaşyň ýognamagy mümkindir. Eger sizde beden syratyňyzy gowulandyrmak islegi dörän bolsa, onda bedeniň belli bir bölegini düzetmek üçin niýetlenen fiziki maşklar topary bilen meşgullanyp bolar. Meselem, tigir sürmek butlaryň inçelmegine kömek edip bilse, suwda ýüzme hemme beden myşsalarynyň çeýeligini gazanmaga mümkinçilik döredip bilýändir.

Kadaly agram ugrunda göreş

Eger gyz uzyn ýa-da iri süňkli bolsa, onuň agramy boýy gysga we göwresi kiçiräk bolan boýdaşlaryndan uly bolar. Ondan başga-da, gyzyň agramynyň aýbaşynyň öňsyrasyndaky günler ýokarlanyp bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Köp gyzlar hakykatda artykmaç agramlary bolmasa-da, agram almaklykdan gorkup, berhiz tutýarlar. Her kaloriýany hasaplamak, özüňiziň halaýan önümleriňizi iýmekden saklanmak, olar barada gijelerine arzuw etmeklik- beden üçin stress bolup, beden emeli açlykdan goranmak üçin ýene agram almaga başlaýar. Üznüksiz berhiz tutmalar, ýaşaýyş üçin zerur iýmitiň mukdaryndan hem ýüz döndürme, beden üçin howply bolan anoreksiýa (tapdan düşme) keseliniň döremegine getirip biler. Beden agramynyň kadadan peseldilmeginiň bedende ýüze çykyp biljek ençeme bozulmalaryň (aýbaşynyň kesilmegi, iýmit-siňdiriş agzalaryň keselleri) sebäbi bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Köp adamlar horlanmak isleseler, diňe günde iýýän iýmitleriniň sanyny azaldýarlar. Kabul edilýän iýmitden alynýan kuwwatlylyk çeşmesiniň mukdary bilen hereket etmeler netijesinde olary sarp etme derejesi deň gelmedik ýagdaýynda, artykmaç agramyň ýüze çykmagy mümkindir. Gyzlaryň diňe bu ýönekeý düzgüni özleşdirip ýatda saklamagy zerurdyr.

Eger siz hakykatdan hem özüňizde artykmaç agramlylyk bilen bagly kynçylyklary duýýan bolsaňyz, berhiz öwreniji lukmanlar bilen maslahatlaşmak peýdaly bolup biler.

Bedendäki gyl örtügi

Çagalykdan ýetginjeklige geçýän döwürden başlap, oglanlaryň we gyzlaryň bedenleriniň dürli böleklerinde gyl örtügi emele gelip başlaýar:

► Erkekler üçin ýüzündäki gyl örtügini syrmak köp ýurtlarda däpdir, başga ýerlerde bolsa sakgal ösdürmek- paýhasyň we buýsanjyň alamatydyr. Murty we sakgaly ösdürip-ösdürmezlik – her adamyň öz işidir. Esasy zat – siziň özüňizi rahat duýma duýgyňyzdyr.

► Gyzlaryň aglaba bölegi goltuklarynyň aşagynda, gasyklarynda we aýaklarynda ösýän gyl örtügi barada alada edýärler. Gyzlar olardan dynmak üçin ýörite päkiden ýa-da kremden peýdalanýarlar, epilýasiýanyň dürli usullaryny ulanýarlar, başgalary bolsa saçlara degmezligi dogry hasaplaýarlar.

Köp medenýetlerde oglan sakgaldyr murtuny syrýan bolsa, ol jynsy kämillige ýeten diýip hasaplanylýar.

Deriniň ýagdaýy

Düwürtik – ähli ýetginjekleri alada goýýan kynçylykdyr, şonuň üçin:

♦ Deriniň arassaçylygyna üns beriň- ony hapalanmadan goramak üçin ýuzüňiziň we bedeniňiziň derisini arassa saklaň. Has gowy arassalamak üçin ýörite gellerden, sabynlardan ýa-da arassalaýjy losýonlardan peýdalanmak bolar.

♦ Deriňizi artyk hem guratmaň, ýagny ol özüniň tebigy goranyş ýag gatlagyny ýitirip, başga deri bilen bagly kynçylyklaryň hem ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

♦ Eger sizi deri bilen bagly kynçylyklar gaty aladalandyrýan bolsa, wagt ýitirmaň dermatolog lukmanyna ýüz tutuň.

Içki geýim

Içki geýimi dogry saýlamak saglyk üçin wajyp bolup, biziň özümizi rahat düýşymyz hem oňa bagly bolup durýandyr.

Dogry saýlanan içki geýimiň nesil öndürme agzalarynyň saglygyny goramaga kömek edýändigine üns bermek gerekdir:

• Ýetginjek oglanlara mydama suwa düşme üçin niýetlenen içki geýimi (plawka) geýmek maslahat berilmeýär. Saglygy goramak üçin, ýetginjek ýigitlere adaty we tebigy önümlerden tikilen içki geýim geýmek peýdalydyr. Şonuň bilen birlik-de, içki geýimi saklaýan rezin gaty bir jebis hem bolmaly däldir.

• Gyzlara saglyk bilen bagly kynçylyklary döredip biljek "stringi" ýygy-ýygydan geýmek maslahat berilmeýär. Eger siz olary geýmek isleseňiz, olar tebigy matadan tikilen hem-de siziň ölçegiňize laýyk bolsun (kiçi bolmasyn!) we eger mümkin bolsa ony 6 sagatdan uzak geýmeden saklanyň.

• Göwüslik (býusgalter/lifçik) gyzlaryň geýim-gejiminiň bir möhüm bölegi bolup durýar. Ölçegi we görnüşi laýyk bolan göwüsligi saýlamak has hem zerurdyr. Onuň üçin, göwüsligin rezini geçýän ýerden, döş kapasasynyň aýlawyny ölçemek üçin "santimetr" ölçeg lentasyny ulanyň, soňra ol sana "5" goşuň. Soňra döş kapasasynyň aýlawyny göwüsleriň üstünden ölçäň. Eger alnan sanlaryň ikisi hem deň bolsa, onda 0 ölçegli "AA" göwüslik gerek, eger ölçegleriň tapawudy "1" bolsa, onda ölçegi 1 (A), "2" bolsa, ölçegi 2 (B), "3" bolsa ölçegi 3 (C) göwüslik gerekdir.

Göwüsligi ölçegi we görnüşi boýunça dogry saýlamak, onuň daşky owadanlygyndan has hem wajypdyr. Süýt mäziniň saglygy – gyzyň göwüsliginiň rahatlygyna we göwüsligiň süýt mäzlerinde kadaly gan aýlanşygyny saklamaga zyýan ýetirmezligine baglydyr.

  • 6530 gezek okalan