• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • AÝBAŞY BOZULMALARY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERIŞ AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝBAŞY BOZULMALARY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERIŞ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (75 Ses)

Aýbaşy bozulmalarynyň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagy iň ýygy duş gelýän ginekologiki bozulmalar bolup durýandyr. Adatça aýbaşy halkasynyň bozulmagy aýalyň bedeninde ýüze çykan näsazlyklardan habar berip, lukmanyň maslahatyny talap edýändir. Aýbaşy bozulmalary beden gormonlarynyň işläp çykarylmagynyň üýtgemegine bagly diýlip hasaplansa hem, bu bozulma hemişe jyns gormonlaryna bagly bolup hem durmaýar. Onuň sebäpleri galkan şekilli mäziň, böwreküsti mäziň ýa-da gipofiz mäziniň işiniň üýtgemeleri görnüşinde hem ýüze çykyp bilýändir.

Aýbaşy näme?

Aýbaşy halkasy jyns gormonlarynyň täsiri bilen jyns agzalarynda üýtgäp durýan fiziologiki hadysalaryndan ybaratdyr. Aýbaşy gan akmalary tamamlanandan soň, estrogen (esasan estradiol) gormonynyň täsiri bilen ýatgynyň işjeň gatlagynyň ösüp galyňlaşmagy bolup geçýändir.

Aýal jyns öýjüginiň emele gelýän döwründe (owulýasiýa), follikulyň ýarylmagy netijesinde estradiolyň derejesi peselip başlasa hem, täze emele gelen sary bedenjik ýene onuň derejesini ýokarlandyrýar we progesteron gormonyny hem bölüp çykaryp başlaýar. Bu iki gormonyň täsiri bilen ýatgynyň içki gatlagy döräp biljek göwreliligi kabul etmek üçin taýynlanyp başlaýar.

Eger göwrelilik we düwünçegiň ýatga berkemegi bolup geçmese, sary bedenjik 12-14 günden öz "ýaşaýşyny" tamamlaýar we şol netijesinde estradiol we progesteron gormonynyň derejesi peselýär. Bu gormonlaryň täsiriniň ýitendigi sebäpli ýatgynyň içki gatlagy üýtgeýär: gan damarlarynyň gysylmagy we içki gatlagyň sypyrlyp aýrylmasy, ýagny aýbaşy gan akmalary başlanýar. Şeýdip bir aýbaşy halkasy tamamlanyp, täzesi başlanýar.

Aýbaşy barada bilmeli görkezijiler

► Aýbaşynyň ilkinji gezek başlamaly wagty-ýaşalýan klimat guşaklyga baglylykda, 9-14 ýaş (biziň guşaklygymyz üçin 11-14 ýaş);

► Gyzjagazda aýbaşy başlanandan soň 1,5-2 ýylyň dowamynda kadalaşmalydyr;

► Eger aýbaşy 15-16 ýaşda gelmese, hökman lukmana ýüz tutulmalydyr;

► Aýbaşy döwri bölünip çykýan ganyň bolmaly kadaly mukdary – 80-100ml;

► Aýbaşynyň kadaly dowamlylygy – 3-5 gün;

► Aýbaşy halkasynyň (aýbaşynyň gelen gününden indiki aýbaşynyň başlanjak gününe çenli aralyk) dowamlylygy – 25 günden gysga we 35 günden dowamly bolmaly däldir.

Aýbaşysyz döwürler

Aýalyň ömründe aýbaşy jynsy kämillik döwrüne çenli, göwrelilik we çaga emdirýän döwründe (hemişe däl) we aýbaşydan galma döwründe bolmaýar.

Ýatda saklaň! Göwrelilik döwründe jyns agzalardan ganyň gelmegi düwünçegiň düşme howpunyň, çaganyň 35-36 hepdä çenli wagtyndan öň dogma howpunyň, çaganyň kadaly ýerleşýän ýoldaşynyň wagtyndan öň gopmagynyň ýa-da aşakda, gyralaýyn ýerleşýän çaga ýoldaşynyň sypyrylmagynyň alamatlary höküminde ýüze çykyp, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap edýändir.

Agyryly aýbaşy

Köplenç agyryly aýbaşynyň sebäbi höküminde biologiki işjeň maddalar bolan prostaglandinleri belläp bolar. Ganyň aňsat bölünip çykmagy üçin olar ýatgynyň gysylmagyny amala aşyryar. Özüňi ýyly saklama, ýyly wannany kabul etme, agyrsyzlandyryjy we damar gysylmalaryny aýyryjy derman serişdeleri kabul etme (parasetamol, no-şpa we baş.) bu ýaramaz alamatdan dynmaga kömek edip biler. Eger bu çäreler netijesiz bolanynda, lukman barlagdan soň, aýbaşy günleri size prostaglandinleriň derejesini peseldýän serişdeleri belläp biler.

Eger agyryly aýbaşylar 35 ýaşdan soň ýüze çyksa, onda ginekologiki keseller bolan endometriozy, polipi, ýatgynyň miomasyny inkär etmek üçin lukmanyň barlagyndan geçmek möhümdir.

Köp gelýän aýbaşy

Eger siz gigiýeniki serişdeleri her 1-1,5 sagatdan çalyşýan bolsaňyz, gan uly gan lagtalary häsiýetli bölünip çykýan bolsa we aýbaşy bir hepde we ondan hem uzak dowam edýän bolsa, aýbaşynyň köp gelýändigi barada aýdyp bolar.

Aýbaşy ýaňy başlan döwründe ýa-da aýbaşydan galma döwrüne gadam basýan aýallarda gormon üýtgemeleri esasynda şeýle bozulmanyň döremegi häsiýetli bolup biler. Ýöne onda hem lukmanyň maslahatyny almak wajypdyr.

Başga ýagdaýlarda aýbaşynyň köp gelmegi ýatgynyň miomasy, endometrioz, ýatgynyň nemli gatlagynyň alawlamasy, aýal jyns gormonlarynyň sazlaşykly bölünip çykmagynyň bozulmasy, ýatgynyň nemli gatlagynyň polipi, lagtalanyş ukybyny peseldýän ganyň keselleri sebäpli ýüze çykyp biler.

Göwreliligiň öňüni almak maksady bilen ýatga goýulýan serişdeler – spiral hem aýbaşynyň köp gelmeginiň sebäbi bolup biler. Şeýle bolanda bu barada hökman lukmana habar bermelidir. Häzirki wagtda aýbaşy gan akmalary azaltmaga (esasan hem gormon bozulmalarynda we ýatgynyň miomasy sebäpli ýüze çykanda) mümkinçilik berýän spirallaryň görnüşleri (Mirena) görkezme bilen ulanylýandyr.

Az gelýän aýbaşy

Eger bölünip çykýan ganyň mukdary az (80 ml. az) bolup, ol iki günden gysga dowam etse, onda aýbaşynyň az gelýändigi barada aýdyp bolar. Umuman alanyňda, onuň howply tarapy ýokdur. Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri kabul edilende, aýbaşydan galma döwrüniň başlanýan wagty, beden agramynyň birden üýtgemegi netijesinde (ony hem gormonal üýtgemeleri döredýär) aýbaşynyň az gelmegi syn edilip biliner.

Ýöne aýbaşynyň az gelmegi abort ýa-da dogrumdan soň ýatgynyň içiniň arassalanmagy netijesinde ýüze çykan bolsa, hökman lukmana ýüz tutmalydyr. Çünki ýatgynyň diwarlarynyň sepleşmegi ýa-da ýumurtgalyklaryň işiniň bozulmalary beýle alamatyň sebäbi bolup, gormon serişdeleriniň bellenilmegini ýa-da hirurgiki bejergini talap edip biler.

Kadasyz gelýän aýbaşy

Dowamlylygy kadaly diýip hasaplanýan aýbaşy halkasy 24-48 sagat aratapawudy bilen her 28 günden gelýändir. Ondan has gysga (25 gün) we has dowamly aýbaşy halkasy ( 32-34 gün) bozulma hasaplanmaýar.

Eger aýbaşy halkasy bu görkezijilerden üýtgese, onda dowamlylygy kadasyz aýbaşy halkasy barada aýdyp bolar. Ýaňy aýbaşysy başlan ýaş gyzlarda aýbaşylar 1-2 ýyldan kadalaşyp, ynjalyksyzlyga esas ýokdur. Aýbaşydan galma döwrüniň başlanmagy bilen hem aýbaşylar kadasyz bolup biler. Beýle ýagdaýda lukman gözegçilik edip, progestin gormonlaryny belli bir tertipde belläp biler.

Başga ýagdaýlarda kadasyz aýbaşylar owulýasiýa hadysasynyň bozulandygyndan habar berip, jyns agzalarynyň alawlama hadysalaryny ýa-da gormonal bozulmalary güman etmäge esas berýändir. Şeýle ýagdaýlarda barlagdan soň lukman tarapyndan gormon serişdeleri belli bir tertipde, sowuklama garşy serişdeler toplumy bellenilýär.

Aýbaşylaryň arasynda gan akmalar

Aýbaşylaryň arasynda gan akmalar jyns gormonlarynyň kadasyz bölünip çykmagy (estrogenleriň ýokarlanmagy we progesteronyň ýetmezçiligi), dörän göwreliligiň düşüp başlamagy, ýatgydan daşary göwreliligiň döremegi we ýatgynyň hem-de ýatgynyň boýunjygynyň howply döremeleri netijesinde ýüze çykyp, tizden-tiz lukmanyň barlagyny we bejergisini talap edýändir.

Aýbaşynyň bolmazlygy

Aýalda aýbaşy aslynda gelmän hem biler ýa-da öňler gelip, soň kesilip hem bilýär. Aýbaşynyň bolmazlygy hromosom üýtgemeleri, endokrin ulgamynyň keselleri, jyns agzalarynyň anatomiki doga bozulmalary ( ýumurtgalyklaryň, ýatgynyň, jynshananyň bolmazlygy ýa-da jynshananyň doly germewli bolmagy), şikeslenmeler, täze döremeler, alawlama ýagdaýlary, dogrumda ýa-da abortdan soň gan akmalar netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

Aýal bedeninde dogrumdan soň süýt mäzlerini çaga emdirmäge taýynlaýan prolaktin gormony işläp çykýar. Göwrelilikden we dogrumdan soňky döwürden başga döwür aýal bedeninde bu gormonyň ujypsyz mukdary bolýar. Ýöne köp ýagdaýlar we keseller sebäpli prolaktiniň derejesi ýokarlanyp, dogrumdan başga döwür hem aýalyň göwüslerinde süýdüň emele gelmeginiň we aýbaşynyň kesilmeginiň sebäbi bolup biler. Köplenç prolaktiniň derejesiniň ýokarlanmagyna sterss, açlyk, dowamly ukysyzlyk, käbir dermanlaryň kabul edilmegi getirip biler. Bu sebäpleriň aradan aýrylmagy bolsa, aýbaşynyň dikeldilmegine we süýdüň emele gelmeginiň bes edilmegine getirip bilýändir.

Ýöne käbir ýagdaýlarda prolaktiniň derejesiniň ýokarlanmagy, süýdüň emele gelmegi we aýbaşynyň kesilmegi has çynlakaý keselleriň, meselem, beýniniň täze döremeleri sebäpli ýüze çykyp biler. Köplenç bu çişler howply bolman, derman serişdeleri (prolaktiniň bölünip çykmasyny peseldýän serişdeler we baş.) ýa-da şöhle bilen bejergini, käbir ýagdaýlarda hirurgiki bejergini talap edýändir. Islendik ýagdaýlarda hem, göwüslerde süýt dörän halatlarynda lukmana ýüz tutmak zerurdyr.

Aýbaşy bozulmalarynda geçirilýän anyklaýyş usullary:

♦ Çanaklyk agzalaryň USB-ny geçirmek;

♦ Görkezme boýunça galkan şekilli mäziň we beýniniň USB-gy ýa-da rentgen barlagy;

♦ Ýatgynyň nemli gatlagyny anyklama maksady bilen gyrmak we alnan gyryndyny gistologiki barlaga ibermek;

♦ Gisteroskopiýa – ýörite abzalyň kömegi bilen ýatgynyň içini we diwarlaryny barlamak;

♦ Bedende gormonlaryň derejesini anyklamak we endokrinolog lukmanyň maslahaty;

♦ Ganyň lagtalanyş ulgamynyň barlagy;

♦ Göwreliligi anyklamak üçin synaglary (testleri) ulanmak.

  • 29426 gezek okalan