• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • "GÖZEL BARDYR, GÖZELLERDEN ZYÝADA..."

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"GÖZEL BARDYR, GÖZELLERDEN ZYÝADA..."

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (25 Ses)

"Zeminiň görki – zenanlar" diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Dogrudan hem, zenan gözelligini wasp etmage dil gerek. Şeýlede bolsa, zenanlar hasam owadan bolmak üçin dürli kosmetiki serişdeleri ulanýarlar. Şeýle usullary ulanma toplumyna makiaž diýlip (fransuz "maquillage" – täzeden reňk goýma), zenanlar üçin özlerini görkezmegin usuly diýip hasaplanylýar. Eger Aşgabadyň köçelerine gezelenç etseň, onda makiažsyz gyzlaryň azlygyna göz ýetirmek bolýar. Esasan hem, söwda merkezlerine gitsek, bezenip beslenen aýal-gyzlara gabat gelmek bolýar. Eger birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanda, esasan şäher gyzlary kosmetiki serişdelerini ulanan bolsa, bu gün obalarda hem bu giňden ýaýran. Häzirki wagta bu babatda obaly gyzlaryň şäherli gyzlardan tapawudy barha azalýar.

Garward Uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglaryna görä, makiaž ulanýan zenanlar töwerekdäkiler tarapyndan has ýakymly, özüne ynamly we akylly kabul edilýärler. Dürli ýurtlarda zenanlar dürli serişdeleri ulanýarlar. Olaryň ulanylmagy pasyllaryň çalşmagy bilen, şeýlede döwrüň geçmegi bilen üýtgeýar.

Taryha gezelenç...

Aslynda makiaž biziň döwrümiziň täzeligi däl. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, Gadymy Müsürde zenanlar gözlerine sürme çalyp, dodaklaryny ýörite daşlaryň kömegi bilen gyzardypdyrlar. Gadymy Grek we Rim zenanlary hem bu babatda müsürlilerden kem galmandyrlar. Çeşmeleriň habar bermegine göra, grek we rim gözelleri gözlerine ýörite kömürleriň kömegi bilen sürme çalypdyrlar we tudyň suwuny dodaklaryny we ýaňaklaryny gyzartmak üçin ulanypdyrlar. Orta asyr Ýewropada bolsa aşa ak ýüzlilik barlylygyň, baýlygyň alamaty hasaplanypdyr. Zenanlar aşa akýüzliligi dürli usullaryň üsti bilen gazanypdyrlar. Şolaryň arasynda howply bolan, düzüminde myşýak saklaýan reňkler hem ulanylypdyr. Beýle serişderleriň howply bolmagyna garamazdan, aýal-gyzlar olary ulanmagy dowam etdiripdirler.

Kim nämäni halaýar?

Adamzadyň kämilleşmegi, tehnologiýanyň ösmegi bilen kosmetika senagaty hem görlüp-eşdilmedik derejede kämilleşdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dükanlarynda hödürlenýän kosmetiki serişdeleriniň dürliligi gözüňi gamaşdyrýar. Eger 2-3 ýyl mundan öň Türkmenistanda esasan Günbatardan we Orsýetden getirilen orta bahaly kosmetiki serişdeler ulanylsa, häzirki wagtda orta bahadan gymmadrak serişdeler hem meşhurlygy gazanyp başladylar. Zenanlar bu kosmetiki serişdeleriniň dürlüliliginden doly peýdalanýarlar. Makiažyn ulanylmagyny aýal-gyzlaryň ýaşaýan ýurtlary boýunça tapawutlandyrmak mümkin. Eger Günbatar ýurtlarynda zenanlaryň arasynda makiažyn ähli usullary meşhur bolsa, Aziýa ýurtlarynda tebigi gözellik has uly orun alýar. Tebigy gözelligi gazanmak üçin aziýaly zenanlaryň arasynda derini çyglandyrýan kremler we ýapgylar meşhur. Meselem, Parižde zenanlar doýgun reňkli pomadalary halaýarlar. Milanyň aýal-gyzlary bolsa erkeklerde höwes döredýan serişdeleri ulanmagy halaýarlar. Bu ýerde esasan saçlaryny saryýagyz reňklere boýap, kirpiklerini uzaldýarlar. Şeýle hem, milanly zenanlar gözlerini owadan etmek üçin dürli sürmeleri köp ulanýarlar. Tokialy zenanlar bolsa esasan ýaňaklaryny gyzardýan serişdeleri halaýarlar.

Türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda makiýažyň haýsy usullary meşhurlygy gazandylarka?

Görşümiz ýaly, dünýäniň bir çäginde köp ulanylýan kosmetiki serişde başga çäklerde beýle bir meşhur dal. Türkmen gyzlaryň arasynda haýsy kosmetiki serişdeler we makiýaž usullary meşhurlylygy gazandylarka? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin birnäçe türkmen ýaş gyzlaryndan soradym. Umuman aýdanyňda olaryň pikirleri köp babatda deň gelýärler. Gyzlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda, şeýle hem beýleki öňki Sowet Ýurtlarynda "Kawkaz gözelligi" ülňüsi meşhurlygy gazanýar. "Kawkaz gözeliniň" üsti bilen uzyn gara saçly, ak ýüzli gyz suratlandyrýlýar. Bu gyz gözleriniň gözelligini tapawutlandyrmak üçin uzyn sürme çalýar we ýalan kirpik bilen kirpiklerini uzaldýar. Dodaklaryny tapawutlandyrmak üçin gyzgylt reňli pomadalary ulanýar. Uzyn dyrnaklaryna bolsa dürli reňkli laklary çalyp tapawutlandyrýar. Bu gyzyň gymmat eşigi, aşa beýik ökjeli köwşi onuň barly maşgaladandygyny aňladýar. Şeýle gyza köpçülikde üns bermän geçmek mümkin däl. Çünki, ol bütin durky bilen özüne töweregindäkileriň ünsüni çekýär. Türkmen ýaş gyzlar hem bu "Kawkaz gözeli" ülňüsine meňzemek üçin elinden gelenini edýärler. Bu babatda kosmetiki serişdeler hem köpçülikleýin ulanylýar.

Näme uçin türkmen zenanlarynyň arasynda beýle ülňüler meşhurlygy gazandylar?

Bu meselani doly anyklamak, öwrenmek üçin häzirki wagta maglumatlar ýeterlik däl. Meniň çaklamagyma göra, ýurdumyzda daşary ýurt medianyň täsiri gaty uly. Ýaşlarymyzyň arasynda Günbataryň, Orsýediň, Türkiýäniň teleýaýlymlary gaty meşhur. Bu teleýaýlymlardan hem türkmen ýaşlary gözelligiň belli standartlaryny ösdürip, oňa tarap ymtylýarlar diýip çaklaýaryn. Eger ýaş gyzlar bu sypatlarda owadanlygyň standartyny görseler, ýaş oglanlar öz söýer ýarlarynyň bolmaly sypatlarynyň standartlaryny ösdürýärler. Şeýlede, Internediň elýeterli bolmagy türkmen ýaşlarynyň beýleki milletleriň ýaşlarynyň endiklerine gözegçilik edip, olara ymtylmagyna getirdi diýsek bolýar. Bu babatda hem, ýaş gyzlarymyza kawkaz gözelleriniň endikleri has özüne çekiji bolmagy mümkin. Türkmen ýaşlary hem özleriniň durky, sypaty bilen özüne ünsi çekmegi isleýärler. Şeýle hem maşgalasynyň barlylyk derejesini görkezmek isleýärler. Elbetde, yaşlaryň bary şeýle diýsek ýalňyşarys, çünki bu meselede maşgala terbiýesi hem uly täsire eýedir. Eger gyzlara hossarlary kosmetiki serişdelerini ulanmagy rugsat bermeseler, onda medianyň tasiri örän ujypsyzdyr.

Her bir zenan gözel bolmak isleýär. Kosmetika serişdeleri hem bu babatda aýrylmaz kömek bolup durýar. Bu meselede kosmetiki serişdeleriň zyýanly taraplary barada hem unutmaly däldiris. Bu serişdeleriň düzümindäki zyýanly maddaly sanasaň sogaby bar. Muňa garamazdan, zenanlar olary ulanmagy dowam etdirýärler. Emma könelerimiziň aýdyşy ýaly, ilki bilen adamyň pikirleri gözel bolsa gowy. Adamyň içki dünýäsi owadan bolsa, bu onuň bütin durkuna täsirini ýetirip, onuň daşky keşbini hem bezeýändigini unutmaly däldiris.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

(Makalanyň ady – Magtymguly Pyragynyň şygyryndan parça)

Awtor: Çynar Meredowa

  • 12905 gezek okalan