• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • GÖWRELILIK BARADA 8 SANY INKÄR EDILEN TOSLAMALAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK BARADA 8 SANY INKÄR EDILEN TOSLAMALAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (60 Ses)

Sen ýaş adam bolup, megerem maşgala agzalaňdan we dost-ýarlaňdan göwreliligiň döreýşi, onuň öňüniň alynşy barada her hili çapraz gelýän gürrüňleri eşiden bolsaň gerek.

Ýöne eşidýän maglumatyň dogrudygyny barlamak üçin ynamly çeşmelere ýüzlenmek zerurdyr. Biz şu ýerde boş gürrüň bilen hakykatyň arasyny açmak maksady bilen birnäçe giňden ýaýran göwrelilik ýagdaýy baradaky düşünjeleri inkär etdik.

Toslama 1: Ilkinji jynsy gatnaşykda göwreli bolup bilmeýärsiň.

Hakykat: Ilkinji gezek bolsun ýa-da ellinji gezek, seniň jynsy gatnaşykda göwreli bolma ähtimallygyň derejesi birmeňzeşdir. Hatda gyzda öň aýbaşy bolmadyk hem bolsa, onuň ilkinji aýbaşysynyň ýakynda başlanjakdygy ahmaldyr. Şeýle ýagdaýda gyzda jynsy öýjükleri eýýäm emele gelip başlap, jynsy gatnaşyk arkaly göwreliligiň döräp biljekdigini aňladýandyr.

Toslama 2: Zenanlar aýbaşynyň dowamynda göwreli bolup bilmeýärler.

Hakykat: Köp aýallarda aýal jyns öýjükleri aýbaşylary başlandan takmynan 12-14 gün soň emele gelýär. Käbirlerinde bu hasapdan ir ýa-da gijräk bolup geçýär. Spermotozoidiň bedende 7 güne çenli ýaşap bilýändigini hem unutmaly däldir. Bu bolsa aýal jyns öýjükleriniň jynsy gatnaşykdan soň 7 günüň içinde emele gelen halatynda, sende çaga galyp bilme mümkinçiliginiň döreýändigini aňladýandyr.

Toslama 3: Jynsy gatnaşykdan soň jynshanany ýuwmak göwreliligiň öňüni alyp bilýär.

Hakykat: Jynshanany ýuwmak göwreliligiň öňüni alman, gaýta oňa ýol açýar. Jynshanany ýuwmagyň ýörite usuly ulanylanda uzyn turbajykly ýumşak rezin suw çüýşesiniň turbajygy jynshananyň içine salynýar. Çüýşe gysylan wagty suw jynshananyň iň aňyrsyna çenli pürkülýär. Eger zenan jynsy gatnaşykdan soň derrew şeýle ýuwunsa, pürkülen suwuň güýji spermany zenanyň içine has itekläp, göwrelilige eltip bilýär. Hakykat ýüzünde beýle ýuwunmak asla maslahat berilmeýär. Sebäbi bu jynshananyň tebigy Ph (turşylyk-aşgar deňagramlylygy) balansyny bozup, ýokançlyklaryň döremegine eltip bilýär. Jynshana yzygiderli bölüp çykarýan suwuklygynyň kömegi bilen öz-özüni tebigy taýdan arassalap durýar.

Toslama 4: Erkek eýakulýasiýadan (döli dökmek) öň ujydyny çykarsa çaga galmaýar.

Hakykat: Erkek jyns agzasynyň gyjyndyrylan wagty ondan dölden öňki suwuklyk – prekam bölünip çykýar. Iňlis dilinde "pre-cum" sözi "dökülmeden öňki" diýen manyny berýär. Prekam hem düzüminde spermotozoid saklap bilýär. Ýumurtgajygy tohumlandyrmak üçin bolsa ýekeje spermotozoid ýeterlikdir. Ýetginjeklere eýakulýasiýa erk etmek we ujydy wagtynda çekmek has kyn bolup bilýär. Netijede, dölüň jynshananyň içine dökülme ýa-da agzyna baryp ýetme töwekgelçiligi artýar. Döli dökmezden öň ujydy çykarmak siziň we ýoldaşyňyzyň ulanýan ýeke-täk kontrasepsiýa usulyňyz bolmaly däldir. Esasan hem, göwreliligiň öňüni almanyň has netijeli usullary barka. Galyberse-de, ujydy öň çykarmanyň seni jynsy ýokançlyklardan goramaýandygyny ýatda saklamaly.

Toslama 5: Dölden öň bölünip çykýan suwuklykdan göwreli bolup bolmaýar.

Hakykat: Bu suwuklyk erkekde ereksiýa dörände bölünip çykýar. Ol erkegiň peşew ýoluny arassalaýar. Eger erkek ýakynda eýakulýasiýa geçiren bolsa, peşew ýolundaky galan-gaçan spermotozoidler dölden öňki çykýan suwuklyga goşulyp bilýär. Hatda erkek ýakynda eýakulýasiýa geçirmedik hem bolsa zenan ondan göwreli bolup bilýär. Çünki käbir erkekleriň eýakulýasiýadan öň bölüp çykarýan suwuklygynda elmydama erkek jyns öýjükleri bolýar.

Toslama 6: Eger jynsy gatnaşygy dik durup geçirseň göwreli bolup bolmaýar.

Hakykat: Ýok, jynsy gatnaşygy dik durup geçirseň hem göwreli bolup bilýärsiň. Jynsy gatnaşygy nähili pozisiýada geçirseň hem, eger kontrasepsiýa usullaryny ulanmasaň, göwreli bolmak töwekgelçiliginiň ýokarlanmagyny döredýärsiň. Dartyş güýjüniň spermotozoidiň jynshanadan ýokarlygyna syýahat edip, ýatga baryp ýetmegi üçin hiç hili garşylygy ýokdur. Ýatga baranyndan soň bolsa ol ýumurtgajyk bilen birleşip bilýär. Jemläp aýtsak, çaga galmasynyň öňüni alyp bilýän pozisiýa ýokdur.

Toslama 7: Suwuň içinde (howuz, wanna we ş.m.) jynsy gatnaşygy geçirmek göwreli bolmakdan goraýar.

Hakykat: Düşekde bol, suwda bol ýa-da kosmosda, eger goragsyz jynsy gatnaşyk edýän bolsaň onda göwreli bolup bilýärsiň. Suwuň içinde bolanyňda hem prezerwatiw ýaly, haýsy hem bolsa bir kontrasepsiýa usulyny ulanmak maslahat berilýär. Howuzlaryň suwuny arassalamak üçin goşulýan himiki serişdeler prezerwatiwi gowşadyp bilýär diýen pikirler bar, emma şonda-da prezerwatiwi ulanmak ulanmazlykdan on esse peýdalydyr. Suwda aýal prezerwatiwini ulanmak has ýerlikli hasap edilýär. Sebäbi ol aňsat bedenden sypyp bilmeýär we poliuretandan ýasalýandygy üçin berk we durnukly bolýar. Suwda jynsy gatnaşygy geçirmek jyns agzalarynyň ýokançly keselleriniň döremegine ýol açyp bilýär. Şonuň üçin suwda örän seresap bolmak maslahat berilýär.

Toslama 8: Eger jynsy gatnaşykdan soň ýokary-aşak bökseň göwreli bolmaýarsyň.

Hakykat: Ýok! Bökeniň bilen sperma tutuşlaýyn jynshanadan aşak gaýdyp, çykyp bilmeýär. Eger göwreliligiň öňüni almak isleýän bolsaň, bu maksady diňe haýsy hem bolsa bir kontrasepsiýa usulyny ulanmak arkaly amala aşyryp bilersiň.

Köpüsi gülkünç bolup görünsede, göwreli bolmak barada sanardan kän toslamalar bar. Şonuň üçin hem çyn bilen ýalany seljerip bilmek örän möhümdir. Ýalana ynanyp töwekgelçilik döretmegi hiç kim hem islemeýär. Hakykaty bilmek göwreliligiň öňüni almak üçin näme etmelidigine düşünmegi aňsatlaşdyrýar we seni gereksiz gaýgy-aladadan goraýar.

Terjime eden: Şöhle Mämmedowa

  • 28265 gezek okalan