• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ZENANLARYŇ ÖZLERI BARADA BILMELI 10 MÖHÜM MAGLUMATY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZENANLARYŇ ÖZLERI BARADA BILMELI 10 MÖHÜM MAGLUMATY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (47 Ses)

zenanlar barada maglumatMeniň öňümde oturan gelin durmuşa çykandan soň birinji gezek aýal lukmanynyň maslahatyny almak üçin gelipdi. Ýüzüni aşak salyp, utanyp we çala ýylgyryp maňa arzyny aýtmaga ymtylýardy: "Meniň aýal ugrum agyrýar we hapa gelýär. Aýbaşydan soň ol ýerde agyrylar has hem güýjeýär". Men onuň "aýal ugrum" diýip atlandyrýan ýerini, şonuň ýalyda onuň agyrýan ýerlerini aýdyňlaşdyrmak üçin sorag berýärin we aýallaryň aglaba böleginiň aýal jyns agzalaryny dogry atlandyryp bilmeýändigine göz ýetirýärin. "Aýal ugrum, aşagym" diýen ýaly salgy beriji sözleri ulanyp umumylaşdyrýarlar, ýöne bu agzalary atlandyrýan sözleriň bardygyny bilmeýärler. Tersine, näme üçindir halk arasynda zenan jyns agzalaryny kemsidiji paýyş sözleri ulanmak has ýörgün bolup, ol sözler bolsa hemmelere mälimdir.

Hawa, türkmen zenanlarynyň öz bedenleri baradaky bilim derejeleri öwerlik däl. Jyns agzalarynyň anatomiýasy babatda sowatsyzlyk, olarda ýaş boýunça we aýbaşy halkasyna baglylykda bolup geçýän üýtgeşmeler barada ýönekeý düşünjeleriniň bolmazlygy beden saglygyna zyýan ýetirip biljek ýalňyşlyklara ýol bermäge itergi berýär.

Özüň barada biraz köpräk bilmek entek hiç kime zyýan ýetirmändi. Aşakda öz bedenleri babatda aýallary gyzyklandyrýan soraglara jogaplar toplanandyr.

1. Aýal jyns agzalaryny dogry atlandyryň

Aýal jyns agzalary daşky we içki agzalara bölünýändir. Daşky jyns agzalaryna uly we kiçi jyns dodaklary (dyllyklary), kinnik degişli edilse, içki jyns agzalara jynshana, ýatgynyň boýunjygy, ýatgy we onuň iki sany goşundylary (ýumurtgalyk we ýatgy turbasy) degişli edilýändir. Edil jynshanany (ol "gylaba" diýlip hem atlandyrylýar) aýallaryň aglaba bölegi “aýal ugry” diýip hasaplaýarlar we ol barada birnäçe ýalňyş düşünjelere eýerýärler. Ýöne onuň beýle däldigine indi düşünen bolsaňyz gerek.

2. "Jynshana" diýip hasaplaýan agzaňyz hakykatda wulwadyr

Jynshana näme? Aýal çaga dogurýan wagty ony "dogrum ýollary" diýip hem atlandyrýarlar. Jynshananyň başlangyjy diýip ýalňyş hasaplanýan uly we kiçi jyns dodaklary "wulwa" ýa-da daşky jyns agzalary diýlip atlandyrylýar. Jynshana bolsa myşsalardan ybarat, uzynlygy 8-9 sm. barabar turbajyk bolup, wulwa bilen ýatgynyň boýunjygyny birleşdirýändir. Jynshananyň öňki (peşew halta bilen araçäklenýär) we yzky (göni içege bilen araçäklenýär) diwarlary bolýar.

3. Jynshana aşak düşüp bilýändir

Jynshananyň aşak düşmegi (prolaps) – bu ýatgynyň we jynshananyň diwarlarynyň aşak süýşmegi ýa-da düşmegidir. Ol edil çöwrülýän ýaly bolýar. Bu ýagdaý peşewi saklap bilmezlik kynçylygyny, çanaklyk agzalarynda sowuklama keselleriniň ýüze çykmagyny, arkada döreýän agyrylary we jyns gatnaşygy wagty peýda bolýan oňaýsyzlyklary döredip biler.

Jynshananyň aşak düşmegi aýallaryň aglaba böleginde duş gelýär. Düzgün bolşy ýaly, ol gaýraüzülmeli geçen dogrumdan soň, ýatgyny aýyrma operasiýasyndan soň (gisterektomiýa), beden agramynyň artmagy bilen we aýbaşydan galma döwründe ýüze çykyp bilýändir. Aýallaryň köpüsi bu barada aýtmadan utanýarlar, ýöne sizde şeýle alamatlar bar bolsa, lukmana ýüz tutmak hökmandyr.

4. Aýallarda hem "ereksiýa" bolýar

Kinnik (klitor) – aýallarda ösmedik ujyt bolup, düwünçegiň emele geliş ewolýusiýasyna salgylansak, bu iki agzanyň gurluşy biri-birinden tapawutlanmaýar. Aýal jyns gatnaşygynda gyjynan wagty kinnigiň daşky böleginiň gan damarlaryna gan gelip, ol edil ujydyň gönelşi ýaly, köplenç öz adaty ölçeginden iki esse ulalýandyr.

5. Siz jynshanadan buşukmaýarsyňyz

Köpler ony bilýärler. Ýa-da siz bilmeýärsiňizmi? Uretra (peşew çykaryş kanalynyň daşky deşigi) kinnigiň aşagynda ýerleşip, peşew şol ýerden bölünip çykýar.

6. Jynshananyň diwarlary epinlerden ybaratdyrlar

Jynshananyň diwarlary epinlerden ybarat bolup, olar ýagdaýa görä giňelmäge we gysylmaga ukyplydyrlar (meselem, dogrum wagty ýa-da jynsy gatnaşyklar mahaly). Düzgün bolşy ýaly, jynshananyň diwarlary biri-birine gysylandyr, bu bolsa aýal jyns agzalaryna zyýanly ýokançlyklaryň düşmegine garşy goraglylygy döredýändir. Ýöne onuň içine lukmançylyk abzaly ýa-da gigiýeniki serişde salnan wagty onuň diwarlary giňemäge ukyplydyrlar. Jynshananyň diwarlarynyň ýygrylmaga ukyplylygynyň saklanýandygy sebäpli, onuň aşa giňelmeginden gorkmagyň geregi ýokdur. Jynshanany saklaýan myşsalary türgenleşdirmek we onuň diwarlarynyň çeýeligini gazanmak üçin A. Kegeliň maşklaryny ýerine ýetirmek peýdaly bolup biler. Çünki jynshana diwarlarynyň ýygrylmagynyň jynsy gatnaşyklaryny lezzetli geçirmäge mümkinçilik döredýändigini ýatda saklamalydyr.

7. Jynshananyň özüne mahsus ysy bolýar

Jynshananyň özüne mahsus ysy bolup, oňa tebigy feromonlar diýilýär we bu yslar tebigatda garşydaş jynsy özüňe çekmäge kömek berýändirler. Biziň köpümiz jynshanany hapa ýer höküminde kabul edýäris, hakykatdan bolsa ol ýörite bakteriýalaryň (laktobakteriýalar) täsiri bilen öz-özüni arassalaýandyr. Esassyz kosmetiki serişdeleriň ulanylmagy, jynshananyň içiniň ýuwlup durmagy (aýallaryň köpüsi şeýle etmegi halaýarlar) peýdaly bakteriýalaryň ýuwulmagy we zyýanly ýokançlyklaryň köpelmegi üçin şert döredýär. Elbetde, günüň dowamynda daşky jyns agzalaryny ýuwup arassa saklama, aýbaşy wagty gigiýeniki çäreleri has hem ýygy geçirmek öz möhümliligini saklaýan düzgünlerdir.

Başga tarapdan bolsa, jynshanada ýiti ysyň döremegi jynshananyň kadaly mikroflorasynyň bozulandygyndan habar berip biler. Eger jynshanada turşy gatygyň, balygyň, demriň ysy ýaly yslar peýda bolan bolsa, sebäplerini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmak wajypdyr.

8. Jynshana hemişe gury bolmaýar

Jynshana hemişe gury bolmaýar we ondan bölünip çykýan nemiň häsiýeti aýbaşy halkasynyň gününe we gormonal üýtgeşmelere baglylykda üýtgäp bilýändir. Aýbaşydan soň 2-3 gün ak nem gatyşyk bölünip çykmalar bolup aýrylyp, aýbaşy halkasynyň ortasynda, aýal jyns öýjükleri emele gelýän wagty bu bölünip çykmalar ak, dury, süýnýan nem görnüşinde ýüze çykyp bilýändir. Ýene-de aýbaşydan 4-5 gün öň ak, dury, suwjumak nem syn edilip bilner.

Göwrelilik wagty jynshanadan bölünip çykmalar üýtgäp bilýändir. Aýbaşydan galma döwründe bolsa, tersine, ýumurtgalyklaryň işjeňliginiň gowşamagy netijesinde jynshananyň guraklygy aýallary biynjalyk edip biler.

Jynshanadan suwly, nem görnüşli, ysly, sarymtyl, ýaşylymtyl reňkli, köp mukdarda emele gelýän bölünip çykmalaryň peýda bolmagy, lukmana ýüz tutmaga esas bolmalydyr. Çünki olar jynshananyň dürli ýokançlyklaryň täsiri bilen ýüze çykan alawlama hadysalarynyň alamaty bolup durýandyrlar.

9. Siz "ol ýerde" hiç zat ýitirip bilmersiňiz

Aýallaryň köpüsi jynshanasynda bir zatlary (gigiýeniki tampon, şem görnüşli dermany we baş.) ýitirmekden gorkýarlar. Howatyrlanmaň! Ol ýerden hiç zatlar ýitmeýär, çünki jynshana diwarlary ýatgynyň boýunjygy bilen tamamlanýarlar we olaryň siziň bedeniňiziň başga bölekleri bilen gatnaşygy ýokdur. Jynshanaňyzyň içinde bir zat galaýan ýagdaýynda hem gorkmaň! Bedeniňizi gowşadyň hem-de biraz çygnyp galan predmeti barmaklaryňyz bilen almaga çalşyň. Ýöne bu maksat üçin hiç haçan başga zatlary, meselem jübtegi (pinset) ýa-da çemçäni ulanmakdan gaça duruň. Eger galan zady özbaşdak alyp bilmeseňiz, lukmana ýüz tutuň.

10. Aýal jynsy gatnaşygy wagty jynshanadan "dökmeýär"

Aýallaryň arasynda jynshanadan nemiň gelmegini jynsy gatnaşyklarda döreýän lezzetliligiň esasy alamaty hasaplaýanlar duş gelýär. Bu düşünjeler köplenç jynsy gatnaşyklarda gowşap we arkaýynlaşyp, lezzetliligi (orgazm) alyp başarmadyk aýallarda döreýär. Bu bolsa, jynsy gatnaşyklary wagtynda oýandyrmak üçin olaryň ýan ýoldaşlary tarapyndan ýeterlik ünsüň berilmeýändigini aňladýar.

Erkeklerden tapawutlylykda, jynsy gatnaşygy wagty ýetilýän lezzetliligiň alamatlary aýallarda başgaça ýüze çykýar: dem almanyň çaltlaşmagy, sojama, ýürek urgularyň ýygylaşmagy, ýüzüň, döşüň gyzarmagy, göwüsleriň ulalmagy, emzikleriň dyňzamagy, jynshananyň ýygrylmagy.

Jynshananyň ýygrylmagy netijesinde nem çykarýan mäzleriň işläp çykarýan nemli bölünip çykmalary bolsa ujypsyz bolup, olar aýal tarapdan duýulman hem biler. Bu bölünip çykýan nem esasan gatnaşyklarda jynshanany nemlendirip, gatnaşyklaryň agyrsyz geçirilmegini üpjün etmelidir. Şonuň üçin hem, aýallara degişlilikde, jynsy gatnaşyklarda "dökme" düşünjesi ulanylmaýar.

Dünýä edebiýatynda, aýal jynshanasy ýumşak, ýyly, syrly, ýakymly beden agzasy höküminde suratlandyrylyp, oňa aýratyn orun kesgitlenýär, çünki ol ýerden täze adam dünýä inýär. Öz bedeniňizi öwrenmekden gorkmaň we utanmaň. Bedeniňizi gowy öwrenseňiz, ol barada dogry alada etmegi hem öwrenersiňiz. Aladalaryň bolsa size köp ýakymly duýgulary peşgeş berjegi ikuçsyzdyr.

Ýazan: Selbi Myradowa

  • 17565 gezek okalan