• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • AÝAL MASTURBASIÝASY: FAKTLAR WE TOSLAMALAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝAL MASTURBASIÝASY: FAKTLAR WE TOSLAMALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (30 Ses)

ayal masturbasiyasy

"Salam lukman! Gyz jyns agzalaryny gyjyndyryp sypalanda gyzlyk perdesine zyýan ýetirip bilermi?"

"Hormatly lukman! Men durmuşa çykmadyk gyz. Jynsy gatnaşygy başlamok. Ýöne jyns agzalaryny sypalap, gyjynma endigi mende döredi. Degişli maglumat çeşmelerinden bu ýagdaýyň "masturbasiýa" diýip atlandyrylýandygyny bildim. Ol endik meniň durmuşa çykyp, çaga dogurma mümkinçiligime zyýanyny ýetirip bilermi?"

"Salam saýtyň lukmanlary? Durmuşa çykan aýalyň masturbasiýa bilen meşgullanmagy zyýanmy? Onuň meniň adamym bilen gatnaşyklaryma zyýanyny ýetirmegi mümkinmi?"

Saýtyň okyjylaryndan gelen soraglar.

 

Biz köplenç masturbasiýa bilen meşgullanmak endigini diňe erkek adamlara degişli edýän bolsakda, onuň bilen aýallar hem meşgullanýandyr. ABŞ-da geçirlen soragnamalara görä, gyzlaryň we aýallaryň 89%-i masturbasiýa bilen meşgullanýandyr. Bu statistiki görkeziji maňa okan edebiýatymda duş geldi, ýöne ol başga ýurtlarda ol diýen aratapawut etmezmikä diýip pikir edýärin.

Masturbasiýa näme?

Masturbasiýa – bu jynsy kanagatlanma we lezzetlilige ýetmek maksady bilen jynsy agzalary ýa-da erogen nokatlary özbaşdak gyjyndyrmakdyr. Masturbasiýa wagty gyzlar ýa-da aýallar adatça kinnigi (klitor) ýa-da göwüsleri gyjyndyrýarlar. Köplenç, elýeter bolan halatynda bu maksat üçin ýörite niýetlenen "oýnawaçlar" hem ulanylýar.

Masturbasiýa bilen kim meşgullanyp bilýär?

Onuň bilen durmuşa çykmadyk gyzlar ýa-da jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan aýal maşgalalar meşgullanyp biler. Jynsy gatnaşyklary kadaly alyp baryp, öz taýlary bilen mähirli gatnaşyklary saklaýan köp aýallar we erkek adamlar hem masturbasiýa bilen meşgullanmagy dowam edýändirler.

Masturbasiýa durmuşa çykmadyk gyz üçin ilkinji seksual tejribe bolup, öz bedenini öwrenmäge kömek edýär. Ol gyzyň soňundan durmuşa çykyp jynsy gatnaşyk başlamagy we çaga dogurmagy üçin päsgelçilik, howp döretmeýär.

Masturbasiýa bilen näçe ýaşdan meşgullanyp başlaýarlar?

Kiçi çagalarda öz-özüni kanagatlandyrma synanşygy eýýäm 2-3 ýaşda döräp biler. Sebäbi şu ýaşlarda oglanjyklarda we gyzjagazlarda öz jynsy agzalaryny elläp görme, gyzyklanma islegi döreýär. Masturbasiýa bilen meşgullanma synanşygy 5-6 ýaşly gyzjagazlarda döräp biler. Oňa garamazdan, köp gyzlarda onuň bilen meşgullanma islegi 14-15 ýaşda başlanýar we ol lukmanlar tarapyndan kada hasaplanýar.

Näme üçin masturbasiýa bilen meşgullanýarlar?

Seksologlaryň bellemegine görä, aýallarda masturbasiýa:

↣ Jynsy gatnaşyklar bilen deňeşdirlende howpsuz bolýar – onuň bilen meşgullanma göwreliligi döretmeýär we jynsy gatnaşyklary bilen geçýän ýokançlyklar ýokuşmaýar;

↣ Bedende dörän seksual dartgynlylygy aýyrmaga kömek edýär. Bu has hem jynsy gatnaşyklary alyp barmaýanlar (meselem, gyz maşgala) ýa-da ýanýoldaşy bolmadyklar üçin goldaw bolup biler;

↣ Saňa öz bedeniňi (erogen nokatlary) has içgin öwrenmäge kömek edýär, bu bolsa geljekde adamyň bilen täsirli jynsy gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edip biler. Är-aýal gatnaşyklarynda hem, olary masturbasiýadan başlamak ýa-da gutarmak lezzetliligi ýokarlandyryp, biri-biriňiziň bedenini öwrenmäge we duýgur nokatlaryny bilmäge mümkinçilik döredip biler;

↣ Keýp alyp bilmeýän (orgazmy duýmaýan) aýallarda bejergi usuly höküminde seredilip bilner;

↣ Keýpiňi ýokarlandyrmaga kömek edýär, sebäbi ol keýplilik döredýän gormonlaryň –endorfinleriň işlenilip çykmagyna ýardam berýär.

Lukmançylyk edebiýatynda bellenşi ýaly, köp ginekologlar jynsy gatnaşykdan soň hem geçirlen masturbasiýanyň göwreliligiň galmagy üçin amatly şertleri döredýändigini belleýärler. Çünki ol ýagdaýda dölüň ýatga düşmegi üçin has gowy mümkinçilikler döreýär.

Masturbasiýa bilen meşgullanmagy kadaly häsiýet hasaplap bolarmy?

Geçen asyryň 60-njy ýyllaryna çenli masturbasiýa kadadan çykma höküminde seredilip, seksual bozulmalaryň alamaty hökminde kabul edilýärdi. Şol sebäpli hem, onuň saglyga howp salyp, körlüge, akyl taýdan ýetmezçilige getirip bilýändigine ynanylýardy. Elbetde, bu masturbasiýa bilen bagly gorky we utançlyk sebäpli döredilen toslamalar bolup durýandyr.

Häzirki wagtda lukmançylyk ylmy masturbasiýany sagdyn, kadaly, ýaramaz täsirsiz, fiziologiýa taýdan howpsuz häsiýet hasaplaýar.

Ýöne, eger adam onuň bilen jemgyýetçilik ýerlerinde meşgullanýan bolsa ýa-da bu isleg dowamly, üznüksiz bolup, adama gündelik işleri bilen meşgullanmaga päsgel berse, onda masturbasiýa bozulma höküminde seredilmelidir.

Masturbasiýany haýsy ýygylykda geçirmek kadaly?

Masturbasiýa bolan islegiň döremeginiň we ony geçirmegiň "kadaly" ýygylygy her adam üçin dürlidir: käbirleri onuň bilen günde birnäçe gezek meşgullansalar, käbirleri üçin hepdede ýa-da aýda bir gezek meşgullanma ýeterlikdir. Käbir adamlarda bolsa asla hem oňa bolan isleg bolman biler. Eger adamynyň onuň bilen meşgullanma islegi hemişe, dowamly bolup, oňa ýaşamaga, öz gündelik işleri bilen meşgullanmaga päsgel beren ýagdaýynda, oňa bozulma höküminde seretmelidir.

Howpsuz masturbasiýanyň düzgünleri

Masturbasiýa saglyk üçin howpsuzdyr, ýöne oňaýsyzlyklaryň öňüni almak üçin birnäçe maslahatlary göz öňüne tutmalydyr:

↪ Masturbasiýadan öň elleriňi ýuw. Hapa elleriň ýokançlyklary jyns agzalaryňa düşürip, olaryň alawlama keselleriniň döremegine sebäp bolup biler;

↪ Gyz maşgala gyzlyk perdäni ýyrtmazlyk üçin masturbasiýa wagty ellerini jynshana sokmaly däldir, gödek hereketlerden saklanmalydyr;

↪ Eger masturbasiýa üçin ýörite "oýnawaçlar" ulanýan bolsaňyz, olaryň arassalygyna göz ýetiriň;

↪ Masturbasiýadan soň jyns agzalaryňyzy ýuwuň ýa-da gigiýeniki süpürgiçleri ulanyň.

Masturbasiýanyň geçirilýänini ginekolog bilip bilermi?

Aýal maşgalany ginekolog barlanda, ol masturbasiýanyň alamatlaryny görmeýär, çünki onuň alamatlary bolmaýar. Eger siz jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan bolsaňyz, ýöne masturbasiýa netijesinde gyzlyk perdä zeper ýetiren bolsaňyz, onda ol barada ginekologa utanman aýdyň. Lukmanlar adaty masturbasiýany kadaly hasaplaýar we ol size düşünme bilen çemeleşer.

  • 10086 gezek okalan