• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • EKSTRAKORPORAL TOHUMLANDYRMA: AÝALA PEÝDALY MASLAHATLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EKSTRAKORPORAL TOHUMLANDYRMA: AÝALA PEÝDALY MASLAHATLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (13 Ses)

EKT

Uzak wagtdan bäri çaga isläp, birnäçe bejergilerden haýyr tapman oz çagalaryny dünýä indirmegi arzuw edýän çatynjalary maksadyna ýetirýän ekstrakorporal tohumlandyrma (EKT) usulydyr. Ýatgy boşlugyna tohumlandyrylan düwünçek goýlan badyna, zenany göwreliligiň alamatlaryna degişli soraglar biynjalyk edip başlaýar.

Emeli tohumlandyrmadan soň göwreliligi anyklamak

Göwreliligiň ilkinji alamatlary düwünçek ýatgynyň içki gatlagyna goýlandan 7-nji gün ýüze çykyp başlaýar. Düwünçegiň daşky perdejiginiň horion gonadotropin gormonyny emele getirmegi wajyp alamat bolup durýandyr we bu gormonyň derejesi gowreliligiň ösmegi bilen gün geçdigiçe ýokarlanmalydyr. Ajöze damardan alnan ganyň derňewi esasynda lukman göwreliligiň bardygy we onuň ösüş aýratynlyklary barada netije çykarýar. Tohumlandyrylan öýjük ýatga ýerleşdirilenden soň, adamyň horion gonadotropin (AHG) gormony 12-14- nji gün barlanylýar. Kada boýünça bu gormonyň ösüş derejesi her 2-3 gunden barlanmalydyr. AHG-niň kadaly mukdary göwredäki düwünçegiň sagdyn ösmeginiň görkezijisi bolýar.

EKT-dan 14 gün geçenden soň göwrelilige synaglary (testler) ulanyp bolýandyr, ýöne olaryň has takyk görkeziji bolup bilmeýändigini ýatda saklamalydyr. Aşakdaky ýagdaýlarda takyksyzlyklar döräp biler:

↪ Düwünçek ýatga ýelmeşjek bolanda AHG-nyň derejesi ösýär, ýone ol soňundan ýelmeşip bilmän düşýär.

↪ EKT-dan öň tohumlanmanyň tizlenmegi uçin zenana emeli AHG gormony goýberilýär. Birinji edilen testiň, ol gormonyň mukdarynyň ganda saklanandygy sebäpli göwrelilik barada ýalan habar bermegi mümkindir.

Irki möhletde örän möhüm barlagyň biri hem ultrases barlagydyr. Bu barlag köpdüwünçekli we ýatgydan daşky, turbada dörän göwreliligi anyklamaga uly mümkinçilik berýär.

Göwreliligi saklamaga kömek edýän serişdeler

EKT-dan soň, aýala göwreliligi saklamaga, onuň kadaly ösmegini üpjün etmäge kömek etjek derman serişdeleri belleýärler.

Witaminler – foliý turşulygy düwünçegiň nerw turbajygynyň nädogry ösmeginiň öňüni alýar, hemme dokumalaryň, ulgamlaýyn agzalaryň dogry ösmegine ýardam berýär, düwünçegiň özbaşdak düşmeginiň öňüni alýar. Şeýle hem, göwreliniň ýagdaýyna baglylykda witamin-mineral toplumlaryny saklaýan serişdeler lukmanyň bellemegi bilen maslahat berlip biler.

Gormon serişde – esasan progesteron gormonynyň serişdeleri ulanylýar. Ol düwünçegiň ýatga berk ýapyşmagyna, göwreliligiň göterilmegine, ýatgynyň myşsalarynyň dartylmagyny peseltmäge kömek berýändir we lukmanyň gözegçiligi bilen göwreliligiň 16-20-nji hepdesine çenli bellenilip bilinýändir.

Gany suwuklandyrýan dermanlar – zenan EKT ýoly bilen göwreli bolan bolsa, bu serişdeleri ulanmak zerur bolup durýandyr, sebäbi tohumlanmany tijendirmek uçin ulanylan gormonal serişdeler ganyň goýalmagyny we gan lagtalaryň emele gelme howpuny döredip bilýändirler. Bu maksat üçin esasan fraksiparin serişdesi lukmanyň bellän mukdarynda deriniň aşagyna göýberilýändir.

Bu serişdeler ganyň goýalma derejesini peseldip gan lagtalanmanyň öňüni alýar, düwünçegiň ýatgy diwaryna dogry ýapyşmagy we çaga ýoldaşynyň kadaly emele gelmegi üçin şert döredýär. Şeýle-de çaganyň özbaşdak düşme howpunyň öňi alynýar.

Göwrelilik ýagdaýy, esasan hem gormon bejergileriniň ulanylmagy aýalda içgatamalaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Bu ýagdaýdan dynmak üçin iýmiti kadalaşdyrmak, lukmanyň maslahaty bilen derman serişdeleri kabul etmek ýeterlikdir.

Üns beriň! Käbir ýagdaýlarda, düwünçek ýatga ýelmeşende zenanyň jynshanasyndan "çyrşak" görnüşinde gan gelip, biraz biynjalyk edenden soň öz-özünden aýrylýandyr. Bu alamatyň kadalaýyklygyna garamazdan ultrases barlagyndan geçmek maslahat berilýär.

Göwrelilik üçin peýdaly maslahatlar

EKT-dan soňky göwreliligiň alamatlary tebigy göwrelilikden üýtgeşik bolmaýar. Ýöne şeýle göwreliligiň "aýratyn şertli" bolandygy üçin, aýalyň öz gün tertibini kadalaşdyrmagy wajypdyr.

⇒ Düwünçek goýlandan soň stresslerden, fiziki agyrlyklardan gaça durmaly (bedenterbiýe, sport, öý işleri). Aşak egilmeli we agyr zat götermeli däl. Arassa howada 20-30 minut gezelenç etmek rugsat edilýär. Awtoulag sürmeli däl.

⇒ Bedeniň gyzmagyndan (sauna, hammam, wanna) gaça durmaly. Diňe duşuň aşagynda suwa düşmeli.

⇒ Üşemek bolmaýar. Sowuk suwly howuzda, deňizde suwa düşmeden saklanmaly.

⇒ Jynsy gatnaşykdan bir aý saklanmaly.

⇒ Ukynyň dowamlylygy 8-9 sagatdan az bolmaly däl, gapdallaýyn ýa-da arkanlygyna ýatmaly.

⇒ Geýýän eşigiň giň bolmaly.

⇒ Tebigy, elin, arassa önümleri kabul etmeli (konserwirlenen önümlerden gaça durmaly).

⇒ Beloga baý bolan (balyk, towuk, ýagsyz et, täze önümlerden taýýarlanan çorbalar, süýt önümleri) iýmitlere ýykgyn etmeli.

⇒ Günüň dowamynda 1,5-2 litrden az bolmadyk täze miwelerden alnan şireler, gazsyz mineral suwlar (gidrokorbonatly), kompotlar, morslar, gök çaý görnüşinde suwuklyk kabul edilmeli.

⇒ Gök önümler, miweler iýmitiňizde ýeterlik mukdarda saklanmaly.

⇒ Ýiti wirusly keseller bilen kesellemegiň öňüni almak üçin keselli adamlar bilen aragatnaşyk saklamadan gaça duruň. Adamlaryň üýşen ýerlerine (dükanlar, kinoteatr) barmaň.

EKT-dan dörän göwreliligiň aýratyn ünsi talap edýändigi sebäpli, 5-6 hepde göwrelilikden hasaba durup, lukmanyň kadaly gözegçiliginde bolmak zerurdyr. Geçirilýän barlaglar adaty göwrelilikde geçirilýänlerden tapawutlanmaýar. Köp aýallaryň pikir edişiniň tersine, şeýle göwrelilik kesarewo kesimi operasiýasyny geçirmek üçin görkezme hasaplanmaýan bolsa hem, emeli tohumlandyrmany geçirmäge görkezme bolan sebäpleri göz öňüne tutup, lukmanlar dogrumy operatiw ýoly bilen geçirip bilerler.

Awtor: Guljan Annaýewa

  • 4186 gezek okalan