• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • IŞLEÝÄN ZENANLAR AÝBAŞY BARADA ARKAÝYN GÜRLÄP BILÝÄRLERMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IŞLEÝÄN ZENANLAR AÝBAŞY BARADA ARKAÝYN GÜRLÄP BILÝÄRLERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

is we aybasyIki ýyl mundan öň Culture Machine atly Mumbaý şereketi habarlar mediýasynyň baş mowzugyna öwrüldi. Bu şereket zenanlara aýbaşylarynyň ilkinji günlerinde her aýda iki gün jogap berýändigini yglan etdi we Hindistandaky ähli şereketleri şeýle etmäge çagyrdy.

YouGov Omnibus ylmy barlag işiniň netijelerine görä, aýbaşynyň ilkinji günleriniň ynjalyksyzlygyny başdan geçirýän işgär zenanlaryň 57%-i agyrylaryň iş etmekde uly kynçylyk döredýändigini tassykladylar. Her on aýalyň üçüsi başlygyna agyrynyň hakyky sebäbini aýdyp bilmeýär.

Pikirsoraşma gatnaşan aýallaryň üçden bir böleginden gowragy aýbaşy agyrylarynyň gönüden-göni işleýşine täsir edýändigine we ünsüňi jemlemegi kynlaşdyrýandygyna ynanýarlar. Her bäş aýaldan biri işde gysga wagtlyk arakesmelere çykyp durýan eken. Her üç aýaldan biri bolsa, aýbaşy günlerinde işden ýa ir gaýdýar ýa-da işe gitmeýär ekeni.

Aýbaşy döwrüniň agyrylarynyň işleýän zenanlar üçin çynlakaý meseledigini kabul etmäge bütin dünýä heniz hem gyssanmaýar. Emma käbir ýurtlaryň muňa bolan garaýyşlary üýtgemäge başlady. Günorta Koreýa, Taýwan, Indoneziýa we Ýaponiýa zenanlara aýbaşynyň ilkinji günlerinde birnäçe günläp işden jogaply galmaga rugsat berýän kanuny çykardylar. Aýbaşy sebäpli işden rugsat almak isleýän aýallar subutnama hökmünde lukmanyň hatyny görkezmeli.

Türkmenistanly gelin-gyzlar bu barada nähili pikirdekäler?

Makalanyň asyl nusgasy

  • 3201 gezek okalan