Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ZENAN ORGAZMY NIREDE "ÝAŞAÝAR"?
Soňky ýyllarda türkmenistanly zenanynyň öz bedenine, öz seksual isleglerine bolan gyzyklanmalarynyň, düşünme synanşyklarynyň döremegi meni, aýal lukmanyny begendirýär. Köplenç bolşy ýaly, seksual gatnaşyklarynyň esasy manysyny çaga dogmada we adamsyna lezzet we keýp bermede jemleýän zenanlarymyzyň bu gün öz seksual islegleri barada oýlanmalary, bu gatnaşyklarda özgermeleriň bolup geçýändiginden habar berýär.
Aýallar bilen söhbetdeşlikde "Näme üçin men adamym bilen gatnaşykda hiç zat duýamok?", "Aýal ugrumdan nemiň gelmegi meniň dökendigimi aňladýarmy?" ýaly soraglary eşitmek bolýar. Men aýallaryň aglaba böleginiň öz duýgulary barada aýdanynda "orgazm" sözüni ulanmaýandygyny we bu düşünjäni her aýalyň özüçe suratlandyrýandygyny belläsim gelýär.
Orgazm näme?
Orgazm (gadymy grek sözi – dyňzama, çişme manyny aňladýar) – seksual gyjynmanyň jemleýji tapgyry bolup, güýçli kanagatlanma, lezzet almak duýgusy bilen häsiýetlendirilýär.
Orgazm köpelmäniň, nesli dowam etmäniň hökmany şerti bolmasa hem (göwrelilik şonsuz hem döreýär), aýal üçin jynsy gatnaşygy gyzykly we özüne çekiji etmäge kömek berýändir. Orgazm duýgusyna erogen nokatlar, şol sanda jynsy agzalaryň gyjyndyrylmasy netijesinde, jynsy gatnaşyklaryň adaty däl görnüşleri (oral we anal gatnaşyklary), masturbasiýa, erogen nokatlaryň eller bilen gyjyndyrylmagy netijesinde ýetip bolýandyr. Ukyda seksual häsiýetli düýşleri görüp hem orgazma ýetmek bolýar; erkek adamlarda bu dölüň dökülmegi bilen bolup geçip, "pollýusiýa" diýip atlandyrylýandyr. Bu ýagdaýa esasan ýetginjeklik döwründe syn edilýär. Şeýle-de, gyjynma netijesinde, jyns agzalar ellenmezden ýa-da gipnoz ýagdaýynda hem orgazm ýüze çykyp bilýändir.
Orgazm nähili ýüze çykýar?
Aýallarda orgazm duýgusy duýdansyz "doňup galma" ýagdaýyna getirip, soňundan kinnigiň ýanynda ýa-da jynshananyň içinde güýçli itilme ýüze çykýar we bütin bedeni ýaýraýan ýylylyk düýgusy gurşap alýar. Bedenden bir zat itilip çykarylýan ýaly duýgy döreýär. Ýaýraýan ýylylyk duýgusy soňundan jynshanada, kiçi çanaklykda, käwagtlar daşky jyns agzalarda ygtyýarsyz ýygrylmalaryň döremegi bilen çalşylýar we lezzet almak duýgusy döreýär. Aýallaryň käbirinde jynshanadan nemli bölünip çykmalar bolup bilýändir, ýöne bu orgazmyň esasy alamaty däldir.
Hemme aýallar orgazma ýetip bilýärmi?
Orgazma ýetmek we ony başdan geçirmek başarnygy her aýalda dürli bolup, ol merkezi nerw ulgamynyň doga häsiýetnamalaryna baglydyr. Şeýle-de, ol fiziologiki aýratynlyklara hem baglydyr: daşky jyns agzalaryň we ýatgynyň boýunjygynyň nerw süýümleri bilen üpjünçiligi, kinnigiň ýerleşiş ýagdaýy (eger ol jynshana girelgeden biraz daşda ýerleşýän bolsa), gormonal durkuň ýagdaýy, duýujy reseptorlaryň mukdary.
Fiziologiki häsiýetnamalardan başga hem, orgazm almak başarnygyna aýalyň kämilleşme we ýetişme derejesi, onuň ösüp ýetişen maşgalasyndaky ýagdaýy we terbiýesi, saglyk ýagdaýy, dini garaýyşlary, masturbasiýa endigi we onuň ýygylygy, adamsy bilen gatnaşygy, emosional sarsmalaryň we stressleriň bolmagy ýaly ýagdaýlar öz uly täsirini ýetirýändir. Orgazma ýetmek başarnygy jynsy gatnaşygyň geçiriliş ýagdaýyna we usulyna, erogen nokatlaryň gyjyndyrylyş derejesine we aýalyň ýoldaşynyň özüni alyp barşyna juda bagly bolup durýandyr
Erkek adamlarda her dölüň dökülmegi (eýakulýasiýa) orgazm bilen jemlenýän bolsa, aýallara orgazma ýetmek üçin köpräk wagt gerek bolýandyr. Aýallar diňe gyjynmanyň ýokary derejesine ýetenlerinden soň (gyjynma tekizligi) orgazm almak mümkinçiligine eýe bolýandyrlar. Orgazmdan soň gyjynma duýgusy ol diýen peselmeýär we gyjyndyrmalar dowam eden halatynda aýal ýene orgazma ýetip bilýändir. Erkeklerden tapawutlylykda, bir jynsy gatnaşykda aýallaryň birnäçe gezek orgazma ýetip bilmek ukyby "multiorgazmiýa" diýip atlandyrylýar.
Aýal orgazmy nirede "ýaşaýar"?
Häzirki zaman ylmy garaýyşlara laýyklykda, "klitoral" (kinnigi gyjyndyrmak arkaly ýetirýän orgazm) we "waginal" (jynshanany gyjyndyrmak arkaly ýetilýän orgazm) orgazmlaryň görnüşleriniň bardygy ret edilip, ol ikisi bir agzanyň dürli hili gyjyndyrmalary ýaly kabul edilýändir. Günbatar seksologlary kinnigi esasy agza hasaplap, onuň gönümel gyjyndyrylmasynyň klitoral orgazma, göni däl – jynshananyň üsti bilen (jynsy gatnaşykda) gyjyndyrylmasynyň bolsa waginal orgazma ýetirýändigini belleýärler.
Aýallar masturbasiýa wagty kiçi jynsy dodaklary süýndirip (gönümel däl gyjyndyrma), çekip, onuň ýokarky gatlagynda ýerleşýän kinnigi gyjyndyrmanyň kömegi bilen hem orgazma ýetip bilýärler.
Orgazma ýetmegiň ýene bir adaty bolmadyk, seýrek usuly bellenilýär – miotoniki orgazm. Bu görnüşde orgazma but myşsalarynyň güýçli gysyp saklanmagy we butlaryň biri-birine gysylmagy netijesinde ýetilýär. Ýoldaşly jynsy gatnaşygyndan tapawutlylykda, beýle orgazma çalt ýetilip, aýratyn erogen nokatlaryň gyjyndyrylmagy talap edilmeýär. Şeýle görnüşli orgazma masturbasiýa wagty ýetmek bolýandyr.
Aýallaryň käbiri jynsy agzalary gyjyndyrmazdan hem orgazm almaga ukyplydyrlar. Meselem, göwüs emzikleriniň ýa-da göbekleriň sypalanmagy, dodaklaryň öpülmegi. Hatda erotiki edebiýatynyň (erotiki manyly eserler) okalmagy we göz öňüne getirilmeler arkaly hem aýal orgazma ýetip bilýändir.
Seksologlaryň bellemegine görä, orgazma ýetmegiň usullary köp hem bolsa, ol esasan beýnide "ýaşaýar". Belläp geçişimiz ýaly, oňa jyns agzalaryna galtaşmazdan hem, ukyda, gipnozyň kömegi bilen ýa-da güýçli emosional gyjynma arkaly hem ýetip bolýar.
Orgazma ýetmek ukyby we başarnygy aýallarda öz seksuallygyna ynam döredip, olaryň lezzet almaga hukugynyň bardygyny äşgär edýär.
Awtor: Selbi Myradowa
- 2201 gezek okalan