• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ENDOMETRIOZ: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENDOMETRIOZ: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

endometriozEndometrioz keseli öz ýygylygy boýunça aýal jyns agzalarynyň keselleriniň arasynda we fibromiomadan soň üçünji orny eýeleýär. Ony käwagtlar endometrit (ýatgynyň içki gatlagynyň sowuklamagy) keseli bilen hem nädogry çalyşýarlar.

Ýatgynyň içki gatlagy aýbaşy halkasynyň gününe we jyns gormonlaryna baglylykda ösüp we bişişip, aýbaşy bilen sypyrlyp gaýdyp, üýtgemä ýykgyndyr. Endometrioz keseli ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriýanyň) ýatgydan daşary ýaýramagy bilen häsiýetlenýändir. Bu kesel ýatgynyň myşsa gatlagyny, beýleki jyns agzalary, kiçi çanaklyk agzalaryny örtýän garnyň ýylmanak perdesini, hatda başga agzalary hem (öýken, böwrek, içegeler, peşew halta) zeperlendirip bilýändir. Ýatgynyň endometriýasy başga dokumalara we agzalara ýaýrap (metastaz berip) we olaryň içine ösüp, olary şikeslendirmäge ukyplydyr. Kesel dowamly bolup, gaýtalanyp durýar.

Endometrioz keseli 30-45 ýaş aralygyndaky aýallarda ýygy düş gelýär.

Endometrioz näme sebäpler arkaly döreýär?

Sag aýallarda endometriý öýjükleri dargamagyň "genetiki programmirlenmegi" we garyn ýylmanak perdesiniň bökdençlik döretmegi netijesinde beden agzalarynyň başga ýerlerinde ýaşamaga ukyply däldir. Ýöne endometriozly aýallarda bu öýjükleriň dargama hadysasy peselen bolýar.

Endometriozyň döremeginiň birnäçe sebäpleri teoriýa görnüşde belli bolsa hem, olaryň hiç biri keseliň döremegini anyk düşündirip bilmeýär:

↪ Ýzyna gaýdýan (retrograd) aýbaşy teoriýasy – endometriozyň aýbaşy wagty endometriýa gatlagynyň öýjükleriniň ýatgy turbalarynyň üsti bilen kiçi çanaklyga zyňylmagy netijesinde döreýändigini nygtaýar.

↪ Metaplaziýa teoriýasy – immun we gormonal sebäpleriň netijesinde garnyň ýylmanak perdesiniň öýjükleriniň endometrioid ojagynyň öýjügine öwrülmegi bilen düşündirýär.

↪ Gormonal teoriýa – endometriozyň döremegini steroid gormonlarynyň düzüminiň we gatnaşygynyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar.

↪ Immun teoriýasy – immun ulgamynyň işiniň üýtgemegi netijesinde garyn boşlugyna düşen endometriýa öýjüklerinden "arassalanma" hadysasy bozulyp, bu öýjükleriň adaty bolmadyk ýerlerde ösmegine getirýär.

Endometriozyň esasy alamatlary nähili?

Endometriozly ojaklarda hem jyns gormonlaryň täsiri bilen ýatgynyň içki gatlagynda bolup geçýän üýtgemeler bolup geçýär. Aýbaşy wagty bu ojaklarda dokuma sypyrlyp, gan akma görnüşde beden boşluklaryna dökülýär.

Endometriozly aýallary garnynyň aşagynda we bilinde aşak çekýän agyrylar aýbaşy halkasynyň dowamynda biynjalyk edýärler. Agyrylar aýbaşy gelmeginiň öňýanynda has hem güýjeýär. Endometrioz ojaklaryň garnyň ýylmanak perdesine hatda biraz derejede ýaýramagy hem güýçli agyrylara getirip, aýalyň zähmete bolan ukyplylygyny peseldip bilýändir.

Aýbaşydan öň we soň goýy-şokolad reňkli ganly bölünip çykmalar syn edilip, aýbaşynyň uzak we köp gelmegi bilen häsiýetlenýär. Bu ýagdaý soňundan aýalda gan azlylygyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.

Aýallaryň ençemesi jynsy gatnaşyklaryň agyryly bolýandygy sebäpli, ýakyn gatnaşyklardan gaça durmaga synanyşýarlar.

Endometrioz ojaklaryň ýaýrap döreýän ýerine baglylykda durli alamatlar ýüze çykyp bilýändir:

► Ýatgynyň ösüntgilerine düşmegi netijesinde sepleşme hadysasy we çişli ojak, güýçli agyrylar döräp biler;

► Endometrioz ojagyň ýumurtgalyklara düşmegi netijesinde 2-10 sm. ululykda endometriozly kista döräp, agyrylaryň sebäbi bolup biler. Şeýle hem, bu kistanyň deşilmegi peritonit ýaly agyr ýagdaýa getirip bilýändir;

► Endometriýanyň peşew haltasyna ösmegi netijesinde agyryly peşew etmeler we peşewde ganyň döremegi syn edilip bilner;

► Endometrioz ojaklaryň göni içegä ösmegi bilen täretde ganyň görünmegi agyryly täret etmeler ýüze çykyp biler;

► Öýkeniň şikeslenmegi netijesinde ganly gakylykly üsgürme döräp, bu alamat aýbaşy wagty syn edilip, ol geçenden soň aýrylyp biler.

Endometrioz keseliň nähili gaýraüzülmeleri bar?

↪ Önelgesizlik – iň agyr gaýraüzülmeleriň biri bolup, aýalyň psihoemosional durkuna täsirini ýetirip biler;

↪ Agzanyň deşilmegi netijesinde peritonitiň döremegi;

↪ Agyr derejede gan azlylyk;

↪ Howply döremä öwrülmegi-bu töwekgelçilik pes bolsa hem, şeýle öwrülme howpy bellenilýändir;

↪ Aýbaşy halkasynyň bozulmagy;

↪ Garyn boşlugynyň sepleşme keseli;

↪ Endometrioz göwrelilik bilen utgaşanda – düwünçegiň öz-özünden düşmegi, dogum güýçleriň gowşaklygy we dogumdan soň gan akmalar döräp bilýändir.

Endometriozy nähili anyklap bolýar?

Aýalyň arzlary we ginekologiki barlag diňe endometriozy güman etmäge kömek edip biler. Ony tassyklamak üçin goşmaça barlaglary geçirmek hökmanydyr:

► Kiçi çanaklyk agzalaryň ultrases barlagy – aýbaşynyň öňýany we ondan soň geçirilmelidir. Jyns agzalaryň ýagdaýyny, ululygyny, endometrioz üçin mahsus "şokolad gözjagazlaryny" – goýy gan bilen doly kiçijik 1-30-40 mm. diametrli düwünjikleri anyklamaga kömek edip biler.

► Garyn boşlugynyň we kiçi çanaklyk agzalarynyň kompýuter tomografiýasy, görkezme boýunça döş kapasasynyň KT geçirmek.

► Gisteroskopiýa – endoskopiki guralyň kömegi bilen ýatgynyň boşlugyny barlamak.

► Endometriozyň başga agzalara ýaýramagy güman edilende: içegeleri barlamak üçin – kolonoskopiýa, rektosigmoskopiýa, böwregi we peşew haltany barlamak üçin – urografiýa we sistoskopiýa.

► Laproskopiýa – garnyň diwarynda kesilen kiçijik deşiklerden endoskopiki gural salnyp, garyn boşlugý doly barlanýar we dokuma bölejigi gistologiki barlag geçirmek üçin alynýar. Endometriozy takyk anyklaýyş usuldyr.

Endometriozy nähili bejerip bolýar?

Endometriozyň bejergisi keseliň ýaýraýyş ýagdaýyna, aýalyň ýaşyna, çaga dogmaga bolan meýillerine baglylykda saýlanyp alynmalydyr. Derman bilen bejermek üçin lukman tarapyndan agyrsyzlandyryjy derman serişdeleri, gormonal bejergi (görkezme boýunça) – utgaşdyrlan gormonal serişdeler, gonadotropin gormonlary basyp ýatyryjy serişdeler, danazol ulanylýar.

Derman serişdeleri netijesiz bolanda, güýçli sepleşme keselinde, önelgesizlik dörände, güýçli agyrylarda hirurgiki bejergi-laparoskopiýa usuly ulanylýar.

Endometrioz keseliniň öňüni alyp bolýarmy?

↪ Ginekologyň kadaly gözegçiligini geçmek (ýylda 1 gezekden seýrek däl);

↪ Gormonal bozulmalaryň öňüni almak;

↪ Aýbaşy wagty jynsy gatnaşyklardan gaça durmak;

↪ Abortdan we ýatgynyň içinde geçirilýän lukmançylyk emlerinden saklanmak;

↪ Aýbaşy günleri agyr fiziki işleri etmeden gaça durmak;

↪ Maşgalasynda endometrioz geçiren garyndaşy bolan aýallara ýatga spiral goýdurmakdan saklanmak.

Çeşmeler:

Ищенко А. Кудрина Е. "Эндометриоз: диагностика и лечение" 2002 г.

"Гинекология" национальное (прим ред.-российское) руководство. 2013 г.

  • 1791 gezek okalan