Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
PROKLADKALARYŇ BAHASY GALDY
Aýbaşy garypçylygy – bu zerur aýbaşy serişdeleriniň elýetersiz ýa-da gyt bolmagydyr.
Aýbaşy garypçylygynyň döredýän meseleleri:
↪ Gyz-gelinler alternatiw aýbaşy serişdelerini (oýde, amatly/amatsyz matadan ýasalan, esgiler) ulanýarlar ýa-da serişdeleri bolmalysyndan has uzak ulanýarlar we bu saglyk gaýraüzülmelerine, infeksiýalara we uzak-möhletleýin saglyk meselelerine eltip bilýär.
↪ Gyz-gelinler aýbaşy garypçylygy zerarly işden, okuwdan ýa-da başga çärelerden galmaly bolýarlar.
↪ Bu mesele gyz-gelinleri kemsinmä, lapykeçlige we depressiýa eltip bilýär.
↪ Aýbaşy garypçylygy diňe jemgyýetiň saglygyna däl, eýsem jemgyýetiň bilimine hem täsir edýär.
Türkmenistanda öndürilýän gigiýenik prokladkalaryň bahasy soňky 1.5 ýylda 39.85% galdy. Netijede ençeme gelin-gyzlaryň olary ulanmagyny bes eden bolmaklary we hatda esgiler ýaly, alternatiw serişdelere geçen bolmaklary mümkin.
Türkmenistanda dürli markaly prokladkalar satylýar: ýerli önüm, daşary ýurt önümleri we has ýokary hilli prokladkalar. Olaryň bahalaryny 2 sany taryh (fewral 2020 we sentýabr 2021) boýunça deňeşdirdik. Hemme prokladkalaryň bahalary soňky 1.5 ýylda 14.29-64.84% aralygynda artypdyr. Berlen sanlara salgylansak, ähli 8 prokladkanyň baha artyşynyň ortaça göterimi 36% bolýar.
Ýokary hilli önümleri hasaba almasak, ýerli prokladkalar bilen daşardan import edilýänleriň bahalarynyň arasynda kän tapawut ýok.
Ýerli öndürilýän prokladkalaryň ortaça bahasy 16 manat. Aýbaşy ortaça 4-7 gün dowam edýär we aýbaşynyň her gününde 5 töweregi prokladka ulanylýar. Netijede, her aý ortaça 3 gap (her gapda 10 sany) prokladka gerek bolýar we bir zenan üçin her aý 48 manat çykdajy bolýar. Eger maşgalada 2 ýa-da 3 sany aýal-gyz ýaşaýan bolsa, onda her aý ol maşgala diňe prokladka üçin 144 manada çenli sarp etmeli bolýar. Bu bolsa, eger öýde bir adam işleýän bolsa, Türkmenistandaky iň az aýlygyň 15% deňdir.
Okyjylar näme diýýärler?
↪ Ildeşlerimiziň aýtmagyna görä, aýal-gyzlara diňe prokladkalar däl, eýsem gündelik gigiýenik prokladkalar (ýežednewkalar) hem gerek. Olaryň bahasy hem gymmatlady.
↪ Köp aýallar, esasanam gyzlary bolanlar bahalardan we prokladka hillerinden nägile. Çünki, gowy hilli prokladkalary we günlükleri aljak bolsaň başga zatlardan tygşytlamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.
↪ "Kotex", "Always" ýaly hili gowy prokladkalary hemme ýerden tapyp bolmaýar. Olaryň daşardan gymmat gelýänligi üçin dükanlarda geçmän başlady we söwdegärleriň köpüsi olary getirmegi bes etdi. Indi bular ýaly brendleri diňe ulurak ýa-da gelim-gidimli dükanlardan tapyp bolýar.
↪ Prokladkalaryň bahalarynyň galşynda durnuksyzlyk bar. Ýagny, 1-2 manatdan kem-kemden däl-de, 3-5 manatdan bir günde üýtgäýýär. Ýöne, awgustyň ortalaryndan bäri bahalar durgunlygyny saklaýar.
↪ Ýerli öndürilýän prokladklaryň hiliniň we rahatlygynyň gowy däldigi sebäpli olary ulanmaýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň "käbirleriniň içi 1-2 sagatdan soň düýrlenip galýar, yssyda teniňi bişirýär, kleýi gowy tutmaýar, süýşýär, suwuklyk siňdirijiligi ýaramazrak" – diýýärler.
Mähriban okyjy, seniň özüň ýa-da joralaryň hem gigiýenik prokladkalary almakda kynçylyk çekýärsiňizmi? Oba ýerlerindäki aýal-gyzlaryň ýagdaýlary nähili? Ýurdumyzda öndürilýän prokladkalaryň elýeterliligine we rahatlygyna nähili baha berýärsiň?
- 279 gezek okalan