• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • AÝBAŞYDAN GALMA WE ÝÜREK KESELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝBAŞYDAN GALMA WE ÝÜREK KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gurcugy nahili bejerip bolyarÝaş gitdikçe ýürek keseliniň döreme töwekgelçiligi hemmelerde ýokarlanýar, emma aýallaryň aýbaşydan galma (klimaks) döwrüniň başlanmagy bilen keseliň alamatlary has aýdyňlaşyp biler.

Aýbaşydan galma ýürek-damar kesellerini döretmeýär. Şeýle-de bolsa, aýbaşydan galma döwründe käbir töwekgelçilik faktorlary köpelýär we ýagly naharlary bilen iýmitlenmek, çilim çekmek ýa-da ýaşlykda başlanan beýleki ýaramaz endikler erbet netijelere eltip bilýär. Aýbaşydan galma kesel däl-de, aýalyň ömründe tebigy tapgyrdyr. Aýallar aýbaşydan galma döwrüne ýakynlaşanda, saglygyna gowy üns bermeli. Aýbaşydan galma ortaça 54 ýaşda bolup geçýär.

Aýallarda ölümiň esasy sebäkärleriniň biri ýürek keselleri bolup, ABŞ-da uly ýaşly aýallaryň 3-den 1-inden gowragy ýürek-damar kesellerinden ejir çekýär. Aýbaşydan galma döwründen takmynan 10 ýyl soň aýallarda ýürek infarkty köp ýüze çykyp başlaýar.

Ýüregi nädip sagdyn saklamaly?

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerseň we klimaks döwründe hem ony dowam etseň, ýürek keselleriniň we insultyň döreme howpy peselýär. Maşgalanyň kesel taryhynda ýürek keselleriniň bolmagy töwekgelçiligi artdyryp biler. Aýallar yzygiderli maşk etmek, dogry iýmitlenmek we zyýanly endiklerden ýüz öwürmek arkaly ýüreklerine ideg etmelidirler.

Amerikan Ýürek Birleşiginiň ýürege ýokumly maddalary almak üçin maslahat berýän iýmitleri:

↪ miweler, gök önümler;

↪ bütin däneli ösümlikler;

↪ az ýagly süýt önümleri;

↪ guş eti, balyk we hozlar;

↪ gyzyl et, şekerli iýmitler we içgiler çäklendirilmeli.

Aýallar ýürek keselleriniň öňüni almak üçin her hepde azyndan 150 minut, horlanmak üçin bolsa, hepdede 300 minut (şahsy zerurlyga görä) ýa-da ondan hem köp fiziki hereket etmeli. Pyýada ýöremek, welosiped sürmek, tans etmek ýa-da ýüzmek az güýç bilen has uly myşsalary herekete getirýän gowy aerobiki maşklardyr.

Çeşme: American Heart Association

  • 1383 gezek okalan