• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ÝATGY BOÝUNJYGYNYŇ RAGY WE WAKSINASY: KÖP SORALÝAN SORAGLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝATGY BOÝUNJYGYNYŇ RAGY WE WAKSINASY: KÖP SORALÝAN SORAGLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

apw garsy waksinaDünýä boýunça aýallaryň ölümçiliginiň sebäpleriniň arasynda ýatgy boýunjygynyň rak keseli ikinji orny eýeleýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) görä, bu kesel her ýylda 500 müňe golaý aýalda ýüze çykyp, şolardan 275 müň aýal aradan çykýar.

Adamyň papillomawirusy näme?

Adamynyň papillomawirusy (APW) ýokary ýokuşma häsiýetine eýe bolup, derä galtaşma we jynsy gatnaşyk arkaly geçýär. Bu wirus köp duş gelýän ýokançlykdyr we aýallaryň dörtden üç bölegine täsir edýär. APW bir ýokuşsa, ony bedenden doly aýryp bolmaýar, diňe kontrolda saklap bolýar. APW-nyň onkogen (rak keselini döretmäge ukyply) görnüşi ýatgy boýunjygynyň ragynyny hem-de iki jynsda hem göni içegäniň rak keselini döredip bilýär. Häzirki wagtda bu wirusyň 100-e golaý görnüşi belli bolup, olardan 13 görnüşi onkogen hasaplanýar. APW 99% ýagdaýlarda ýatgy boýunjygynyň ragyna getirýän sebäp hökmünde bellenilýär we takmynan 70% ýagdaýlarda ony wirusyň 16-njy hem-de 18-nji görnüşleri döredýär.

APW garşy waksina barmy?

Häzirki wagtda APW garşy iki sany waksina döredildi we ulanyş üçin tassyklandy: kwadriwalent waksina "Gardasil" we biwalent waksina "Serwariks". Bu waksinalar APW-nyň 16-nji we 18-nji görnüşleriniň ýokuşmagynyň we alamatlarynyň döremeginiň öňüni alýarlar. Şeýle-de, "Gardasil" 90% ýagdaýlarda siňňilleri döredýän wirusyň 11-nji görnüşiniň ýokuşmagynyň öňüni alýar. Waksinalaryň ikisi hem 3 dozadan berilýär.

Bu waksinalar wirusyň diňe öňüni alýarlar, ony bejermeýärler

Waksinalar düzümine girýän APW-nyň hemme görnüşlerinden 100% goraýarlar. Şeýle hem, ýatgy boýunjygynda döreýän displaziýanyň (CIN2 we CIN3) öňüni almakda 90%-den ýokary netijelilik görkezýärler.

Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, APW garşy waksinasiýanyň has köp geçirilmegi ýatgy boýunjygynyň ragy bilen keselleýänleriň sanyny ep-esli peseldip bilýär.

APW garşy waksinalar howpsuzmy?

Waksinalaryň ikisi hem öz howpsuzlyk häsiýetnamasy bilen bellidir. Ulanmaga rugsat alynmazdan öň, waksinalar onlarça müň adamlarda synagdan geçirildi. Ondan soň, waksinalaryň 100 müň dozasyndan köpüsi dünýä paýlanyldy we waksinasiýadan soňky gaýraüzülmelere gözegçilik we seljerme geçirildi. Bu adatça seýrek duş gelýän waksinasiýadan soňky gaýraüzülmeleri anyklamaga kömek edýär.

BSGG-nyň waksinalaryň howpsuzlygy boýunça global maslahat beriş komiteti yzygiderli waksinalaryň howpsuzlygyna degişli soraglara üns berip, seljerme geçirip durýar.

APW garşy ulanylýan waksinalaryň ýan täsirleri nähili?

Adatça ýan täsirler ýeňil derejede ýüze çykyp, çalt geçip gidýärler. Olara sanjym urlan ýerde deriniň gyzarmagy we agyry, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, baş aýlanma, kelleagyrylar we ýürek bulanma ýaly alamatlar degişlidir.

Waksinasiýa çynlakaý ýaramaz täsirleri döredip bilýärmi?

Waksinasiýadan soň çynlakaý ýaramaz täsirler örän seýrek duş gelýärler. Hemme waksinasiýalardan soň seýrek duş gelýän anafilaktiki şok ýaly gaýraüzülmäni bellemek bolar. Waksinasiýany geçirýän lukmançylyk işgärleri bu ýagdaýy anyklamak we degişli kömegi bermek babatda ýörite taýýarlykdan geçýärler.

Umumy keselçilik bilen deňeşdirilende, APW garşy waksinasiýadan soň Giýene-Barre sindromy, gan damarlarynda tromblaryň emele gelmegi, insult we pankreatit ýaly gaýraüzülmeleriň ýygy anyklanylýandygy barada hiç hili ylmy subutnama ýokdur. Waksinalaryň howpsuzlygyny seljerýän barlaglar, döreýän ýaramaz täsirleriň ýygylygynyň waksina etdirenler bilen etdirmedikleriň arasynda aratapawut etmeýändigini görkezdi.

APW garşy waksinalaryň esasy düzümi nämelerden ybarat?

Waksinalar öz düzüminde papillomawirusyň gabygyndan alnan, arassalanan proteinleri (beloklar) saklaýar. Ondan başga-da, waksinalar adýuwant (täsiri güýçlendiriji) höküminde alýuminiýniň duzlaryny saklaýar. Olar immun ulgamynyň jogabyny güýçlendirmek üçin 70 ýyldan köp wagt bäri ulanylyp, olaryň howpsuz, ujypsyz mukdary (0,225-0,500 mg.) goşulýar.

Şeýle-de, APW garşy waksinalar antibiotikleri, tiomersaly ýa-da başga konserwantlary saklamaýar.

Waksinalar önelgelilik ulgamyna täsir edýärmi?

Waksinalaryň önelgelilik ulgamyna ýaramaz täsir edip, önelgesizlige getirip biljek biologiki şertleri ýüze çykarylmady. Alakalaryň urkaçylarynda geçirilen tejribeler, olara berlen waksinalaryň uly mukdarynyň hem önelgesizlige getirmändigini görkezdi.

Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan tapawutlylykda, APW önelgesizlige getirmeýär.

Waksina wirusy ýokuşdyryp, rak döredip bilýärmi?

Waksinalar ýörite pekombinant tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilip, onuň düzümi wirusyň daşky gabygyndan alnan aýratyn proteinlerden ybaratdyr. Waksina bedene urlan wagty immun ulgamy olary "del zat" hökmünde tanap, antitela (goraýjy öýjükleri) işläp çykarýar. Şol öýjükler hakyky wirus bedene ýokuşanda ony hem "tanap" bedeni goramaga ukyplydyr. Waksinalar biologiki serişdeleri ýa-da wirusyň DNK-syny saklamaýarlar, şonuň üçin hem ýokançly däldirler.

Eger APW jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan bolsa, näme üçin waksinany kiçi ýaşlarda almak maslahat berilýär?

APW garşy waksinasiýa wirus ýokuşmazdan öň, ýagny jynsy gatnaşyga başlamazdan öň geçirilse goraglylygy ep-esli ýokary bolýar. Ulular ýa-da ýetginjekler bilen deňeşdirilende, kiçi ýaşly çagalarda immun ulgamynyň jogaby hem has güýçli bolýar. Bu bolsa, geljekde wirus bilen galtaşykda bolnanda goraglylygyň ýokary boljakdygyny aňladýar.

Şu maksatlary nazara alyp, TSG we DSM tarapyndan tassyklanan "Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibinde" APW garşy waksinasiýa 9 ýaşda geçirilýändir. Waksinasiýa "Gardasil" kwadriwalent waksinasy bilen geçirilip, sanjymy alan çaga maşgala we immunolog lukmany tarapyndan gözegçilikde saklanýandyr.

Jynsy gatnaşykda bolup ýören aýallar üçin hem waksinasiýa peýdaly bolup biler. Waksinanyň düzümine goşulan wirusyň käbir görnüşleri aýala eýýäm ýokuşan hem bolsa, ol ony wirusyň başga görnüşlerinden goramaga kömek edip biler. Ýöne aýallar üçin waksinasiýanyň goraglylygynyň has pes boljakdygyny bellemelidir.

Waksinasiýa tertipsiz jynsy gatnaşyklara sebäp bolup bilermi?

Bu soragyň esasynda, APW-a we rak keseline bolan gorkynyň jynsy gatnaşyklaryň ir we tertipsiz başlanmagyndan saklajakdygy baradaky düşünje ýatandyr.

Geçirilen seljermeler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellerden, prezerwatiwleriň ulanylyşyndan habardar bolmagyň we jynsy gatnaşyklar bilen bagly soraglaryň jogaplaryny bilmegiň jynsy gatnaşyklaryň ir başlanmagyna itergi bolmaýandygyny görkezdi.

Ene-atalar waksinasiýany howply hereketlere itergi hökmünde däl-de, "howpsuzlyk guşagy" ýaly kabul etmelidirler.

APW-dan diňe prezerwatiwleri ulanyp goranyp bolýarmy?

Jynsy gatnaşykda prezerwatiwleriň ulanylmagy APW-dan doly derejede goraglylygy üpjün edip bilmeýär. Çünki wirus deriniň prezerwatiwiň goragy ýetmeýän başga ýerlerinde bolup, deri bilen jyns agzanyň galtaşmagy netijesinde ýokuşýar.

Oňa garamazdan, prezerwatiwler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän köp kesellerden, şonuň ýaly-da islenilmedik göwrelilikden gorap bilýändirler.

Waksinasiýadan soň PAP-test tabşyrmak hökmanmy?

Waksinasiýa alan aýallara ýatgy boýunjygynyň ragynyň öňýanyndaky ýagdaýlary anyklamak üçin ýörite barlagdan (Papanikolau boýunça çyrşak, Pap-testi) geçmek maslahat berilýär. Şeýle barlag waksinanyň düzümine goşulmadyk wirusyň görnüşleriniň howply täsirlerini anyklamaga, şeýle hem waksinasiýadan öň waksina goşulan görnüşleri bilen bolup biljek ýokuşmanyň netijelerine gözegçilik etmäge kömek edip bilýär. PAP-testi adatça ýylda bir gezek tabşyrylýar.

Çeşme

ÝOKARDAKY MOWZUK BOÝUNÇA GYZYKLY MAKALALAR:

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAK KESELINIŇ ÖŇÜNI ALMAK, ÝÜZE ÇYKARMAK WE BEJERMEK ÜÇIN TÄZE GÖRKEZMELER

ADAMYŇ PAPILLOMAWIRUSYNYŇ WAKSINASY AGYZ-BOKURDAK RAKLARYNY AZALDAR

WAKSINA KÖMEK EDER

  • 226 gezek okalan