• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • DÜRLI ÝAŞDAKY AÝAL-GYZLAR SAGLYK BARLAGLARYNDAN NIRELERDE GEÇIP BILERLER?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜRLI ÝAŞDAKY AÝAL-GYZLAR SAGLYK BARLAGLARYNDAN NIRELERDE GEÇIP BILERLER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ayal gyzlar saglyk barlagTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynyň reproduktiw saglyk bölüminde aýal-gyzlaryň her ýaşda nähili saglyk meselelerinden ägä bolmalydygy we haýsy öňüni alyş barlaglaryndan geçmelidigi barada maglumatlar ýygyndysy çap edilen. Bu ýygyndy köpçülige elýeterli we tölegsiz ýükläp alyp bolýar.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 95 sany aýallaryň we erkekleriň reproduktiw saglygy merkezleri we otaglary hereket edýär we aşakdaky hyzmatlary berýär:                         

↪ Maşgalany meýilleşdirmek we kontrasepsiýanyň görnüşini saýlamak;

↪ Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almak;

↪ Jyns ýollary arkaly geçýän ýokançlaryň öňüni almak we bejermek;

↪ Ýetginjekleriň reproduktiw saglygy;

↪ Andrologiýa – erkekleriň reproduktiw saglygy;

↪ Aýbaşy sikliniň bozulmasy Önelgesizlik.

Reproduktiw saglyk merkezlerini we otaglaryny nireden tapmaly?

AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝAŞAÝAN GELIN-GYZLAR WE MAŞGALA JÜBÜTLERI:

Milli nesil saglyk merkezi: Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi – Görogly, 80; telefon: (+993 12) 36-95-22; 36-91-74; 36-82-31;

Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti: Halkara "Ene mähri" merkezi – Berzeňňi, Arçabil saýoly, telefony (80012) 48-93-03;

Aşgabat şäher çagalar hassahanasy: 1997 (Garaja Burynow) köç., 29-njy jaý, telefony (80012) 92-72-14;

Siziň saglyk öýüňizde ýerleşýän Reproduktiw saglyk otaglary.

WELAÝAT MERKEZLERINDE ÝAŞAÝAN GELIN-GYZLAR WE MAŞGALA JÜBÜTLERI:

Ahal welaýaty: Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Aşgabat ş., Abadan etraby, Arçman köç., 15a jaý, telefony (80012) 33-53-44;

Balkan welaýaty: Balkan welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Balkanabat ş., 189 kwartal. Telefony +993 (222);

Daşoguz welaýaty: Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Daşoguz ş., Aşgabat köç., 2/3-nji jaý, telefony (800322) 2-22-34;

Lebap welaýaty: Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi - Türkmenabat ş., Mollanepes köç., 44 jaý, telefony (800422) 9-21-14;

Mary welaýaty: Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Mary ş., Bitaraplyk köç, 32-nji jaý, telefony (800522) 5-25-66.

ETRAPLARDA WE OBALARDA ÝAŞAÝAN GELIN-GYZLAR WE MAŞGALA JÜBÜTLERI:

Siziň saglyk öýüňizde ýa-da etrap hassahanasynda ýerleşýän reproduktiw saglyk otaglary.

Goşmaça maglumat we habarlaşmak üçin

  • 249 gezek okalan