• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • AÝALLAR NÄME BARADA AÝDYP BILENOK: AÝAL SEKSUALLYGYNYŇ BOZULMALARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝALLAR NÄME BARADA AÝDYP BILENOK: AÝAL SEKSUALLYGYNYŇ BOZULMALARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (80 Ses)

Eger aýal seksual gatnaşykda kynçylyk çekýän bolsa, onuň sebäbi nämedekä? Bu ýagdaý lukmana ýüz tutmaga esas döredýärmikä?

"Aýal seksuallygy" düşünjäniň tebigatyna doly göz ýetirme başardarmyka? Hatda seksologiýanyň "soltany" bolan Z. Freýd hem, erkek seksuallygynyň adatylyklara baýdygyny bellese-de, aýal seksuallygyň tebigaty onuň üçin çözüp bolmajak bir tapmaça bolupdyr.

Ýöne Z. Freýd XIX we XX asyrlaryň sepgidinde ýaşapdy. Belki, ondan bäri köp zat üýtgändir...

Ýer togalagynda ýaşaýan aýallaryň näçesiniň seksual bozulmalaryndan ejir çekýändigi barada takyk maglumat ýok. Dürli maglumat çeşmelerine görä, olaryň sany 40%-den 60%-e barabardyr.

Jynsy höwesiniň peselmegi ýa-da ýitmegi, jynsy gatnaşyklaryň seýreklemegi, gyjynma duýgusynyň gowşamagy, keýp almanyň (orgazm) ýitmegi, jynsy gatnaşyklar wagty agyrylary we başga biynjalyklary duýma, gatnaşyklara bolan gorky duýgusy ýaly bozulmalar jynsy gatnaşyklarda kynçylyklaryň ýüze çykýandygyndan habar berýändir.

Ýöne köp aýallar kynçylyklaryň barlygyna göz ýetirseler hem, lukmana ýüz tutmaga howlukmaýarlar.

Kim ol bozulmalaryň wagtyň geçmegi bilen düzeljegine ynansa, başgalar olaryň sebäbini öz ýanýoldaşyndan ýa-da ýüze çykan ýaşaýyş ýagdaýlaryndan gözleýär.

Onsoň hem seksual bozulmalar işe gitmäge, gowy görýän işiň bilen meşgullanmaga, çagalary terbiýelemäge päsgel berenok ahyryn. Bu içagyry ýa-da dişagyry, hat-da dümewleme hem däl. Bu kesel däl ahyryn.

Aýalyň seksual durmuşynda döreýän bozulmalar dürli faktorlar netijesinde emele gelip, olar köplenç biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýändir. Dörän "ýumagy" çöşläp, sebäpleri anyk anyklamak hat-da lukmanda hem  köp halatlarda kynçylyk döredýär.

Jynsy gatnaşyklarda ýüze çykýan bozulmalar birnäçe derejede  döräp biler:

► Neýroendokrin – gormonlaryň kadaly görkezijileri, aýbaşyň kadalylygy, ikilenç jyns agzalaryň dogry emele gelmegi we kadalaýyk üýtgemegi;

► Fiziologiki derejesi – jyns ulgamynyň gurluşynda we fiziologiýasyndaky kemçilikler bilen ýüze çykyp biler. Meselem, şikeslenmeleriň we operatiw bejerginiň geçirilmegi netijesinde jyns agzalaryň duýgurlygy peselip, seksual gatnaşyklary kynlaşdyryp biler.

► Psihososial derejesi – faktorlaryň uly toplumyny öz içine alyp, köplenç seksual bozulmalaryň sebäbi bolup durýandyrlar. Olary köplenç ýüze çykarma kyn bolup, olardan dynma bolsa has hem çylşyrymlydyr. Ýöne bejeriş çäreleri geçirilmese, aýal hiç haçan erkek bilen seksual gatnaşyklarda düşünişmäni, sazlaşygy  gazanyp bilmeýär.

Geliň, köp duş gelýän bozulmalaryň üstünde durup geçeliň.

Jynsy höwesiň döremeginiň bozulmalary

Düzgün bolşy ýaly, jynsy höwesiň bozulmasy sosial, fiziologiki we psihososial faktorlaryň sebäbi bolup biler. Bu kynçylygyň döremegine ilkinji seksual tejribäniň şowsuz geçmegi ýa-da göräýmäge ýönekeý sebäp bolup görünýän stress, ýadawlylyk ýagdaýy, ýaşyň ululygy, ýa-da başga sebäplere görä öz daşky sypatyňa kembaha garama ýaly ýagdaýlar itergi bolup biler.

Bu ýerde alkogol içgilere, neşe serişdelerine ýykgyn etme, az hereketlilik, ýaramaz, kadalaýyk iýmitlenmezlik hem öz "ýaramaz" goşandyny goşup biler.

Eger aýal ýa-da onuň ýanýoldaşy şunuň ýaly kynçylyga sezewar bolsa,  lukmana ýüz tutup, iň bolmanda dowamly keselleri anyklamak ýa-da gormonal bozulmalary kesgitlemek üçin ganyň barlagyny geçmäge çalyşmalydyr.

Uzak gatnaşyklar, gündeki ýaşaýyş kynçylyklary, häsiýetleriň, gyzyklanmalaryň dürlüligi, hysyrdyly öý işleri hem wagtyň geçmegi bilen biri-biriňden sowaşmanyň sebäbi bolup biler.

Uzak gatnaşyklaryň getirýän ýene bir ýaramazlygy-ol hem biri-biriňden ýadamakdyr.

Güýçli hyjuw, arassa duýgular ýuwaş-ýuwaş geçýär we ýaşaýşyň birmeňzeş aýlanyp duran çarhynyň arasyndan biziň ýanýoldaşymyz bize gyzykly bolup bilmejek ýaly bolup görünýär.

Biziň ýanýoldaşymyza sowuklyk dörese hem, başga adamlara (okaýan kitabymyzyň, görýän filmimiziň gahrymanyna, başga adama)  bizde  jynsy höweslenme döräp biler.

Köp ýagdaýlarda bu ruhy gamgynlylygyň, ýanýoldaşymyza ikilik edilmegiň, maşgalanyň dargamagynyň sebäbi bolup öňe çykyp biler.

Eger jynsy höwesiň peselmegi adamyň bütin ömrüniň dowamynda saklanýan bolsa, onda onuň sebäbini çagalykdan gözlemelidir. Bu ýagdaýa  adamyň aňynyň jümmüşinde saklanyp galan ruhy şikeslenmeler getirip biler.

Jyns gormony bolan testosteronyň peselmegi- jynsy höwesiň peselmeginiň ýene bir sebäbi bolup bilýändir.

Bu ýagdaýy ganyň barlagy netijesinde anyklap, kynçylyksyz bejerip bolýandyr.

Gyjynmanyň döremeginiň bozulmalary

Bu kynçylyk fiziologiki sebäplere görä ýüze çykyp biler: uzak gyjyndyrmalara hem-de seksual islege garamazdan aýalyň jynshanasynyň nemlenmeginiň peselmegi döräp biler. Jübütleriň ikisinde  hem bu ýagdaý fiziki oňaýsyzlyklary döredip, bejergisiz bu bozulma ömürboýy dowam edip biler. Köp ýagdaýlarda onuň ýaly kynçylygyň anyk sebäbini psihiki faktorlar düzýär: ýanýoldaşyňa düşünmezlik ýa-da onuň bilen dörän gapma-garşylylar (80% ýagdaýda), stress ýagdaýy.

Şular bilen birlikde, seksual sowatsyzlyk, gyjynmany döretmekde hemme jogapkärçiligi erkek adamyň üstüne ýükleme, jynsy gatnaşyklara aýyp zat höküminde garama ýaly häsiýetler hem bu bozulmanyň ýüze çykmagyna ýardam berip bilerler.

Ýöne gyjynmanyň bozulmalarynyň dürli keseller bilen baglanşyklygy hem bolýan halatlary bolýar.

Ol ýagdaýlara aşakdakylar degişlidir:

► jynsy agzalaryň keselleri-endometrioz, sistit, waginit;

► beden keselleri-galkan şekilli mäziň işiniň ýetmezçiligi we süýji keseli (süýji keseli esasan hem erkek adamlarda seksual bozulmalary döredýändir);

► merkezi we periferiýa nerw ulgamynyň bozulmalary- meselem, ýaýraň skleroz;

► myşsa ulgamynyň keselleri-meselem, myşsa distrofiýasy;

► käbir derman serişdelerini kabul etmek-meselem, göwreliligiň öňüni almak üçin ulanylýan gormonal gerdejikler, gan basyşyny peseldýän serişdeler, rahatlandyryjy serişdeler.

Jynsy duýgyny (orgazm) duýmanyň bozulmalary

Kadaly jynsy gatnaşyklaryň getirýän bu ýakymly  duýgusyny ömrüniň dowamynda hemme aýallar hem başdan geçirmäge ukyplydyr. Dogrusy, ýaşyň ulaldygyça seksual işjeňliginiň peselmegi bolup, bu ýagdaý bedeniň fiziologiki üýtgemeleri, meselem, jynshananyň nemli örtüginiň atrofiýasy bilen bagly bolup biler.

Bu duýguny başdan geçirende erkek adam ony belli bir alamatlar bilen  ýüze çykarsa hem, tebigat aýallar üçin bu mümkinçiligi döretmändir. Bu ýagdaý aýal orgazmynyň ýüze çykyşy, ony kesgitlemek, aýallaryň jynsy sowuklygy, orgazmy ýalandan suratlandyrmak häsiýeti ýaly gapma-garşylykly pikirleri orta atmaga mejbur edýär.

Hakykatdan hem, bu duýguny her aýalyň nähili başdan geçirýändigini söz bilen suratlandyrmak kyn bolýandyr. Dogrudan hem, aýallaryň takmynan 10%-i hiç haçan jynsy keýplilik duýgusyny başdan geçirmändiklerini belleýärler. Jynsy gatnaşyklaryň oňaýsyz ýagdaýda geçirilmegi, diňe özi we öz gyjynma derejesine gözegçilik edýän ýanýoldaşynyň gyssanmaç hereketleri, aýaly bu duýguny başdan geçirmekden mahrum edip biler.

Eger Siz ýanýoldaşyňyzyň şeýle hereketlerini duýsaňyz, ýüze çykan kynçylygy beýan edip, maslahatlaşmaga çalşyň. Çünki bu kynçylygyň dowam etmegi Siziň özüňize kembaha garama, güýçli kinäniň, jynsy gatnaşyklara ýigrenç bilen garamagyň döremegine getirip, maşgala durmuşyňyza badak atyp biler.

Aýallaryň 50%-niň bellemegine görä,  jynsy gatnaşyklar bilen deňeşdirilende,olara masturbasiýa bilen orgazm duýgusyny başdan geçirme ýeňil bolýar. Bu ýagdaýyň hiç hili aýyplygy  ýokdur. Sebäbi aýalyň öz bedenini gowy öwrenmegi, onuň ýanýoldaşy bilen boljak jynsy gatnaşyklarda düşünişmekligi gazanmaga kömek edýär. Ýöne masturbasiýa wagty gyjynmanyň döräp, jynsy gatnaşyklar wagty döremezligi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy, bozulmalardan habar berip, seksolog lukmana ýüz tutmaga esas döredýändir.

Jynsy gatnaşyklarda gorky we agyrylar bolmaly däldir!

Eger jynsy gatnaşyklar agyryly geçýän bolsa, bu ýagdaý ýüze çykan keselden habar berýändir. Köplenç şunuň ýaly ýagdaýda "dispareuniýa" we "waginizm" kesel kesgidi goýulýar.

Dispareuniýa – jynsy gatnaşyklaryň  kynlyk bilen we agyryly ýagdaýda geçmegidir.

Başlangyç dispareuniýa jynsy gatnaşyklaryň başynda ýüze çykyp, gorky, bilmezlik duýgusy bilen baglydyr. Ilkinji gijede gyzlyk perdesiniň agyryly ýyrtylmagy, utanjaňlyk we çekinjeňlik, sypatsyz ýa-da emelsiz bolup görünmekden çekinmek bu ýagdaýyň döremegine getirýän esasy sebäplerdir.

Gatnaşyklarda iki tarapyň hem gyssanmagy, aýalyň jynshanasynyň ýeterlik nemlenmezligine getirip, ýakymsyz ýanaşma duýgularyny döredip  biler.

Ikilenç dispareuniýa fiziologiki sebäplere görä ýüze çykyp, ol ýagdaý esasan uly ýaşda duş gelýändir.

Ol ýagdaýlara aşakdakylar degişli edilip bilner:

► bilden galma döwrüne mahsus bolan jynshananyň nemli örtüginiň guraklygy;

► dogrumda geçirilen epiziotomiýa ýa-da jynshanany dikeltmek üçin geçirilen plastiki operasiýalardan soň galan tagaşyksyz tyg yzy;

► endometrioz keseli;

► jynshananyň sowuklama ýagdaýy;

► jyns agzalaryň sowuklama keselleri.

Jynsy gatnaşyklary kynlaşdyrýan psihologiki sebäpleri aradan aýyrma, lýubrikantlary (jynshanany nemlendirijileri) ulanma, agyryny gowşatmak üçin dürli seksual orunlary tapmak, jyns agzalaryň sowuklama keselleri babatda bejergini geçirmek disparauniýa ýagdaýyny aradan aýryp biler.

Kähalatlarda är-aýalyň ikisine hem barlagdan geçip, bejergi almak üçin seksolog, psiholog lukmanlara ýüz tutma zerurlygy ýüze çykyp biler.

Waginizm – jynshananyň, çanaklygyň iň esasy myşsasy bolan gasyk-guýruk myşsasynyň ýygrylmalary netijesinde döreýändir. Bu myşsanyň ýygrylmalary jynsy gatnaşyklara bolan synanyşygynyň islendik ýagdaýynda agyryny döredip, ujydyň jynshana girmegine böwet bolýandyr.

Jübütleriň islegine, biri-birine bolan mähirli  garaýşyna bagly bolmazdan kadaly jynsy ýanaşmany geçirme mümkin bolmaýar.

Waginizm disparauniýa bozulmasynyň dowamy ýaly hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýa getirýän sebäpler psihososial faktorlara degişli bolup, olardan aşakdaky ýagdaýlara döreýän gorky bilen bagly duýgyny  sebäp höküminde bellemek  bolar:

► ilkinji gijäniň şowsuzlyklary;

► islenilmedik göwrelilik we aborta gitmegiň ähtimallygy;

► erkege bolan ruhy we maddy garaşlylyk;

► jynsy ýanaşykdan agyryly şikeslenmeler almak.

Waginizmiň bejergisi uzak bolup, ol seksopatologyň, psihologyň maslahatyny talap edýändir.

Onuň bejergisi köp usullaryň utgaşmasy bilen geçirilip, lukmanlar diňe aýal bilen däl-de, onuň ýanýoldaşy bilen hem bejergi işlerini alyp barmaly bolýandyr.

Esasy zat, aýaly öz gorky bilen gaplanan duýgularyndan azat bolmaga kömek etmekdir.

Islendik ýagdaýda hem jynsy gatnaşyklara  borç, barlag ýa-da erkekleriň talap edýän, Siziň zenan tebigatyňyzyň bolsa ýazgarýan ahwalaty ýaly seretmäň.

Öz duýgularyňyzy saklamaň hem-de özüňizi sowuk, perwaýsyz görkezjek bolmaň.

Belki-de, jynsy ýanaşmadan lezzet, şatlyk, ägirt söýgüni almak üçin, Size öz ýanýoldaşyňyza bütinleý ynanmak ýeterlik bolar.

  • 39734 gezek okalan