• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ZENAN ÖNELGESIZLIGIŇ SEBÄPLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZENAN ÖNELGESIZLIGIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Belli bolşy ýaly, göwreliligiň önüni alýan serişdeleri we usullary ulanmazdan, kadaly jyns gatnaşygynda bolýan är-aýal jübütiniň 70-80%-de, birinji 12 aýyň dowamynda göwrelilik ýüze çykýar. Eger şol döwrüň dowamynda göwrelilik bolmasa, onda är-aýal jübütleri önelgesiz hasaplanyp, degişli barlag üçin lukmana ugradylýar.

Bütün dünýäde önelgesizlik uly sosial we medisina kynçylyklaryň hataryna girýändir. Onuň sosial ähmiýetliligi birnäçe faktorlar bilen düşündirilýär:

  • önelgesizlik ilatyň ösüşini kadalaşdyryjy esasy demografik görkezijilere täsir edýär;
  • bejergi netijeli bolmadyk ýagdaýynda, ýaş maşgalalaryň 50-70%-i dargaýarlar;
  • çagaly maşgalalar bilen deňeşdirlende, önelgesiz maşgaladaky är-aýal dürli psihiki we beden kesellerinden has ýygy ejir çekýändir.

Medisina taýdan önelgesizligiň ähmiýetliligi bolsa, barlaglaryň netijesi, sebäpleri anyklamak we jübütleri netijeli bejermekden ybaratdyr.

Soňky ýyllarda önelgesizligiň ösmegi, ylaýtada, ykdysadyýet taýdan ösen ýurtlarda has köp duş gelýär. Bu bolsa ekologiki faktorlaryň (himiýa, radiasiýa, önümçilik şertleri we başgalar), ýaramaz endikleriň (alkogol, neşekeşlik, çilimkeşlik), abortyň köpelmegi, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriň köp ulanylmagy, maşgala gurýanlaryň uly ýaşy we olaryň çaga dogurmagy gijikdirmegi, endokrin keselleri we jyns agzalaryň ýokançly keselleriniň köpelmegi bilen baglanşyklydyr.

Önelgesizligiň sebäpleri öwrenilende, ösen ýurtlardaky maddy taýdan üpjün adamlarda endokrin keselleriň, ösüp barýan ýurtlarda bolsa, aýal-jyns agzalaryň sowuklama keselleriniň agdyklyk edýänligi görünýär.

Oba ilaty bilen deňeşdirlende, önelgesizlik şäher ilatynda has köp duş gelýär. Önelgesizligiň maşgala we jemgyýetçilik durmuşyna hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini belläp geçmelidir. Önelgesiz maşgalada dartgynly ýagdaýlar, jedeller, alkogol içgilere, neşä ýykgyn etmek, maşgaladan daşary, nikasyz gatnaşyklar ýüze çykyp biler.

Medisina nukdaý nazaryndan, önelgesiz maşgalada är-aýal jübütleri çalt garraýarlar, olaryň ömri gysgalýar, ýygy keselleýärler. Bejergiden soň dogulýan çagalarda bolsa, ata-enesiniň uly ýaşy we bejerginiň ýaramaz täsiri netijesinde (meselem, rentgen şöhleleri) hromosom üýtgeşmeleriniň ýüze çykyp biljekdigini ýatda saklamalydyrys.

Önelgesiz maşgala bilen çagasyz maşgalany garyşdyrmaly däldir. Çagasyz maşgala has uly düşünjäni öz içine alýandyr. Göwreliligi göterilip bilmezligi, öli çagalaryň dogulmagy we çaga ölümçiligi çagasyz maşgalanyň ýüze çykmagyna getirip biler.

Zenanda başlangyç we ikilenç ýüze çykýan, dogabitdi we gazanylan, wagtlaýyn hem-de hemişelik, fiziologiki we belli bir sebäp bilen baglanşykly önelgesizlik bolup biler.

Başlangyç önelgesizlikde aýalda ilkibaşdan göwreli bolmak mümkinçiligi bolanok. Ikilenç önelgesizlikde aýalda göwrelilik bolup, ol dürli netijeler (abort, dogrum, ýatgydan daşary göwrelilik) bilen gutaryp biler. Ýöne käbir sebäplere görä, soň aýal göwreli bolup bilenok. 60-80% ýagdaýlarda başlangyç önelgesizligiň sebäbi endokrin keseller, ikilenç önelgesizligiň sebäbi bolsa, 80-90% ýagdaýlarda, jyns agzalaryň sowuklama keselleri bolýar.

Dogabitdi önelgesizligiň sebäbi nesil yzarlaýan keseller we jyns agzalaryň dogabitdi ýetmezçiligi bolup biler. Gazanylan önelgesizlige bolsa, gyzjagaz doglandan soň geçiren keselleriniň köpüsi getirip biler. Wagtlaýyn ýüze çykýan önelgesizlik geçýän sebäpler (çagalyk döwri, aýalyň çagany emdirýän döwri) bilen baglanşyklydyr.

Hemişelik önelgesizlik bolsa, hiç haçan üýtgemejek ýa-da üýtgedip bolmajak sebäp (meselem, ýatgy turbalarynyň aýrylmagy) bilen ýüze çykýar.

Fiziologiki önelgesizlik aýalda jynsy kämilligi çenli döwürde we aýbaşdan galandan soň, çaga emdirýän döwri bolup biler.

Patologiki önelgesizlik bolsa, başlangyç we ikilenç ýüze çykýan önelgesizligiň hemme sebäbi bilen baglanşyklydyr.

Zenan önelgesizliginiň dürli görnüşleriniň kliniki alamaty oňa getirýän sebäp bilen häsiýetlendirilýär.

 

Turba önelgesizligi.

Ýatgy turbalarynyň dürli şikeslenmesi esasynda ýüze çykýar. Ol şikeslenmeler jyns agzalarynyň sowuklama keselinden soň, şol sanda jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller netijesinde döräp biler. Dogrumdan we abortdan soňky sowuklama ýagdaýlary, gaýraüzülmeli geçen appendektomiýa operasiýasy (köriçegäni aýyrma), endometrioz keseli hem oňa sebäp bolup biler.

Galyberse-de, ýatgy turbajyklarynyň kadaly ýygrylmagy, tohumlanan öýjügi ýatga süýşürmek ukybyny dürli endokrin keselleriň ýüze çykmagy üýtgedip biler.

 

Peritoneal önelgesizlik.

Sowuklama keseli, jyns agzalarynda geçirilen hirurgiki operasiýalardan soň emele gelýän sepleşme keseli netijesinde ýüze çykýar.

Önelgesizligiň bu görnüşiniň emele gelmeginde endometriozyň täsiri uludyr. Bu kesel köplenç kliniki alamatsyz geçip, operasiýa wagty güýçli sepleşme ýagdaýy bilen ýüze çykýandyr. Önelgesizlikden ejir çekýän aýallaryň 30%-de endometrioz ýüze çykarylýar.

 

Endokrin bozulmalary sebäpli ýüze çykýan önelgesizlik.

Önelgesizligiň bu görnüşi, dürli sebäplere görä, aýbaşynyň kadaly gelmegi bozulan ýagdaýynda, aýbaşy halkasynyň döwürleriň kadasyzlygy ýüze çykanda we başga-da köp endokrin keseller bilen baglanşyklydyr.

Hemme endokrin keselleriň aňyrsynda, aýal öýjüginiň wagtynda we kadaly emele gelmeginiň dürli näsazlyklary ýatandyr.

 

Immunologiki önelgesizlik.

Önelgesizligiň bu görnüşinde, erkeklik tohumlygyna garşy bedende göreşiji öýjükleri (antitelalary) işläp çykarma ukybynyň döremegi ýüze çykýar. Bedende tohumlyga garşy döreýän antitelalaryň erkek öýjükleriniň biri-birine ýelmeşmegine getirip, erkeklik önelgesizliginiň sebäbi bolup biler.

Aýallardahemözadamsynyň tohumlygynaantitelalaryň işläpçykarylmagybolup, tohumlanmanyň geçmezliginesebäpbolupbiler.

Häzirki wagtda, immun önelgesizligiň gelip çykyş mehanizmy doly öwrenilen däldir. Bu görnüşi anyklamak üçin, jynsy gatnaşykdan soň, ýatgyň boýunjygynyň neminden bölejik alyp, erkeklik öýjükleriniň ýagdaýy kesgitlenýändir. (Postkoital test).

 

Dogabitdi ýetmezçilik we anatomiki kemçilik bilen ýüze çykýan önelgesizlik.

Dürli dogabitdi ýetmezçilik esasynda ýüze çykyp biler. Oňa jynshananyň doly emele gelmezligi, gyzlyk perdesiniň, jynshananyň, ýatgynyň boýunjygynyň tutuş ýapyk bolup emele gelmegi, ýatgynyň we jynshananyň dogabitdi bölünmegi, ýatgynyň çenden aşa öňe ýa-da yza gaýşmagy, ýatgynyň we ýumurtgalyklaryň täze döremeleri, jyns agzalaryň şikeslenmegi ýaly ýagdaýlar degişlidir.

Psihoemosianal ýagdaýlar bilen emele gelen önelgesizlik, esasan, uzaga çekýän stresslar, psihoemosianal dartgynlylygy netijesinde ýüze çykyp biler.

Dürli beden keselleri hem göniden-göni jyns agzalaryna täsirini ýetirip biler. Başga ýagdaýlarda, bu keseller gormonal üýtgeşmeleri ýüze çykarmak bilen (galkan şekilli mäziň, böwrek üsti mäziň keselleri) önelgesizligiň sebäbi bolup biler.

Önelgesiz är-aýal jübütleri wagtynda lukmana ýüz tutmalydyr. Degişli barlagdan, önelgesizligiň görnüşi anyklanandan soň, lukman bejergi çäreleriň yzygiderliligini bellär. Önelgesizligiň bejergisi, är-aýaldan uly sabyrlylygy, bejergini wagtynda we doly ýagdaýda almagy talap edýändir. Siz hemişe öz lukmanyňyz bilen gatnaşykda bolmalysyňyz.

  • 8634 gezek okalan