• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ÇILIMKEŞLIGIŇ ZENAN SAGLYGYNA ÝETIRÝÄN ZYÝANY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇILIMKEŞLIGIŇ ZENAN SAGLYGYNA ÝETIRÝÄN ZYÝANY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Ösen ýurtlarda çilim çekýän zenanlaryň sany ýylsaýyn azalýar, ösýän ýurtlarda bolsa şeýle zenanlaryň sany ýylsaýyn artýandyr.

Başgalaryň elindäki oýnawaç

Temmäki öndürýän kompaniýalar ozallar zenanlara öz müşderileri hökmünde garamaýardylar. Sebäbi ХХ asyra çenli zenanlaryň arasynda puluny temmäkä sarp edip bilýänleri sanlyjady. Maşgala girdejesi erkekleriň elindedi. Galyberse-de, ozallar çilim çekýän zenana azgyn, biedep aýal hökmünde garaýardylar. Ýöne ХХ asyrda zenanlar deňhukuklygy gazanmak bilen, işläp başladylar. Bu bolsa olaryň öz hususy pullarynyň bolmagyna mümkinçilik döretdi. Indi zenanlar puly öz islän zadyna harçlamaga ygytyýarlydylar. ХХ asyrda bolup geçen Birinji we Ikinji Jahan uruşlary erkekleriň sanyny diýseň azaltdy. Netijede, temmäki öndürýän kompaniýalar öz müşderilerileriniň köp bölegini ýitirdiler.

Şonda temmäki öndürýän kompaniýalar öz ünsüni zenanlara gönükdirdiler. Olar dürli mahabatlandyrmalary döretmek bilen, zenanyň çilim çekmeginiň adaty zatdygyny nygtap başladylar. Bu kompaniýalar şowlulygyň, işewürligiň, garaşsyzlygyň, owadanlygyň çilim çekmekden başlanýandygyny zenanlaryň aňyna assyrynlyk bilen guýup başladylar. Mysal üçin, çilim gutusynyň daşynda şeýle bir mahabatlandyrma bardy: owadan zenan çilimini otlap dur. Onuň gapdalynda bolsa öý eşiginde iki legen kiri ýuwjak bolup duran sada zenan dur. Gutynyň daşynda «Sen nähili zenan bolmak isleýärsiň?» diýen sorag ýazylgydy. Eger-de owadan, işewür we rowaçly bolasyň gelýän bolsa, çilim çek! diýen jogap ýazylmadyk bolsa-da, ol zenanlary hut şeýle hereket etmäge iterýärdi. Netijede, çilimiň satuw derejesi artyp, temmäki öndürýän kompaniýalar öz girdejilerini artdyryp başladylar. Wah, biz şeýle oýnatgy eken!

ХХ asyryň 60-njy ýyllarynda Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň alymlarynyň geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde çilimkeşligiň öýken ragyna eltýändigi tassyklanyldy. Muňa ilki bilen 40 ýaşlaryndaky gurply erkekler seslendiler. Olar çilim çekmekden ýüz dönderip başladylar. Temmäki öndürýän kompaniýalar bolsa öz müşderilerini ýitirip başlansoňlar, zenanlara has-da güýçli «hüjüm etmäge» başladylar. Olary bu «hüjümi» oňat netijeleri berdi. Ýetginjeklere gönükdirilen mahabatlandyrma işi başlanandan alty ýyl soň, 12 ýaşly amerikan gyzjagazlarynyň arasynda çilim çekip başlanlaryň sany 110%-e çenli artdy. Ýaponiýada 1986-1991 ýyllar aralygynda çilim çekýän zenanlaryň sany 2 esse artdy. Günorta Koreýada zenanlaryň diňe 2%-i çilim çekýärdi. Emma ýurtdaky amerikan belgili çilimlerini bir ýylyň dowamynda mahabatlandyrylmagy çilimkeş zenanlaryň sanyny 4,5 esse artdyrdy!

Sanlar, sanlar we diňe sanlar

Çilim çekýän zenan çilim çekmeýän zenana garanyňda 7 ýyl az ýaşaýar. Çilim zerarly rak we ýürek-damar kesellerinden ýogalýan zenanlar bolsa 14 ýyl artyk ýaşap bilerdiler. Emma çilim olaryň ömür tanapyny gyrdy.

Çilim çekýän zenanlar öýken ragyna çilim çekmeýän zenanlara garanda 13 esse köp ýolugýandyrlar. Öýken ragyndan ölýän zenanlaryň 90%-ň ölümine çilim sebäp bolandyr.

Ejemiň jorasy bokurdagyň ragyndan ýogaldy. Ol gaty bir garry hem däldi. 30 ýyllap çilim çekipdi. Onuň iki sany agtyjagy bardy. Ol olaryň ösüp kemala gelenlerini görüp-de bilmedi. Onuň ölüm ýassygynda ýatyşy diýseň gözgynydy. Ol ömrüniň soňky hepdelerinde hiç zat iýip-de bilmeýärdi, diňe suwuk gatygy içip bilýärdi.

Indi bolsa diňe sanlary mysal getirjek. Olaryň özi ýagdaýy düşündirýärler:

Çilim çekmeýän zenanyň infarkt keseline uçramagyň ortaça ýaşy 81-dir. Çilim çekýän zenanyňky — 66 ýaşdyr.

Çilim çekýän zenanlaryň ýatgynyň rak we daşky jyns agzalarynyň rak kesellerne uçramak howpy örän ýokarydyr. Şu keselleriň döremegine çilimiň tüssesi täsir edýändigi babatdaky pikire ynanar ýaly-da däl. Emma, gynansak-da, bu şeýledir. Wulwa ragynyň ýüze çykan ýagdaýlarynyň 40%-i çilim zerarly bolýandygy anyklanyldy. 

Çilimkeşlik osteoparozyň döremegine-de sebäp bolýar. Temmäkiniň tüssesindäki zäherler aýal garmony bolan estrogeniň işlenilip çykarylmagyna zyýan berýär. Estrogenleriň gereginden az bolan ýagdaýynda bolsa süňkler portlaşýar. Gije-gündiziň dowamynda 20 we ondan köp çilim çekýän zenanlar aýbaşydan galma döwrüne ýetenlerinde, çilim çekmeýän zenanlarynyňka garanda, süňkleriniň berkligi 5-10% pes bolýar. Olar aýbaşydan hem wagtyndan 2-3 ýyl öň galýarlar.

Ýene-de bir wajyp ýagdaý: agyzdan kabul edilýän kontraseptiwleri (göwrelilikden saklaýan derman serişdeleri) ýa-da garmonal serişdeleri bilen çilimkeşligi utgaşdyrmak bolmaýar. Bular ýaly «garyndy» ýürek tutgaýlarynyň ýüze çykmak howpuny 40 esse artdyrýandyr. Şeýle ýagdaýda garmonlaryň hiç günäsi ýokdur.

Biçäre çagalar!

Çilim çekýän zenan aňsatlap göwreli bolup bilmeýär. Şeýle zenan göwreli bolaýanda-da, ol sagdyn çagany dünýä indirip bilmeýär. Nikotin, çilimiň tüssesi çaga ýoldaşy arkalygöwredäki çaganyň ganyna geçýär. Emdirýän enäniň çilim çeken ýagdaýynda nikotin hatda onuň süýdende hem bolýandyr.

Çilim çekýän zenanlaryň çagany wagtyndan öň dogurmak howpy bolýandyr. Çaganyň öli dogulmagyna, diri doglaýanda-da, agramynyň kem bolmagyna nikotin günäkärdir. Sebäbi ol çagany kisloroddan mahrum edýär.

Lukmanlar göwreli zenanyň çilim çekmegi onuň çagasynyň tutuş ömrüne tagma basyp bilýändigi barada aýdýarlar. Şeýle çagalaryň ünsi pes bolýar, okuwda we akyl işlerinde ýetişigi hem pes bolýar. Şonuň üçin-de eziz eneler! Çilime eliňizi uzatmankaňyz, çagaňyzyň gelejegi barada oýlanyň!

Ýüzünden bellidir

1985-nji ýylda iňlis lukmany ylmy žurnalda çap eden makalasynda ilkinji gezek «çilimkeşiň ýüzi» diýen jümläni ulandy. Eýsem bu ýüzüň nähili aýratynlyklary bar?

Çilim çekýänleriň ýüzüniň reňki solgun çal reňkde bolup, ýüzündäki ýygyrtlary göze has ilginç bolýandyr. Bu aýratynlyklar çilim çekýänleriň 46%-de duş gelýär. Çilimiň tüssesi Gün şöhleleriniň derä ýetirýän zyýanyndan hem erbet eken. Eýsem bu nähili bolýar?

Çilimiň tüssesi elastine, ýagny deriniň ýylmanaklygyna we çeýelegine jogap berýän beloklara täsir edýär. Çilim çekýänlerde elastin dykyzlanýar we bölekleýin bolýar. Zenan näçe köp çilim çekýän bolsa, ýüzüne ýygyrtlaryň ir düşmek howpy şonça-da artýandyr.

Her bir zenan erkekler tarapyndan halanmagyny isleýär. Bu tebigy we adaty islegdir. Ýöne erkeleriň arasynda geçirilen sorag-jogaplar şuny mälim etdi: erkekleriň 79%-i çilim çekmeýän gyza öýlenmek isleýändiklerini mälim etdi. Olaryň 88%-i çilim çekýän zenany halamaýandygyny mälim etdiler. Şonuň üçin-de, eý, zenanlar, çilime eliňizi uzatmazdan öň ýokarda agzalan maglumatlar barada oňatja oýlanyň! Goý, çilim siziň gelejekki çagalaryňyzyň ömrüni zaýalamasyn, deriňiziň gözelligini soldurmasyn.

Ulanylan WEB Salgy

  • 7046 gezek okalan