• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • BEÝIK ÖKJELI AÝAKGAPLARDAN ÝÜZ ÖWÜRMEK ÜÇIN 8 SEBÄP

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEÝIK ÖKJELI AÝAKGAPLARDAN ÝÜZ ÖWÜRMEK ÜÇIN 8 SEBÄP

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (37 Ses)

Siz beýik ökjeli köwüşleri geýmegi halaýarsyňyzmy? Onda biz siziň dykgatyňyza ýetirýäris: beýik ökjeleriň saglygyňyza we göwräňizi sagdyn, dik tutmagyňyza zyýan ýetirmegi mümkin.

Biziň zenanlarymyz örän gaýduwsyz! Olar beýik ökjeli aýakgaplary geýip, hatda gazaply gyşda surçek ýollarda ýöremäge-de ukyply. Ýöne ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, beýik ökjeli ayakgaplar zenan saglygy üçin belli bir derejede howply bolup biler. Näme üçin şpilkalary seýrek, diňe toydur-baýramlara geýip, galan wagtlary ondan ýüz öwürmek ýerlikli bolarka?

1. Aşagy tekiz aýakgaplarda uzak gezelenç etmek mümkin. Özi hem aýaklaryňyzdaky gysyjy agyra we ýadawlylyga nalyş etmäge esas hem döremeýär. Aşagy tekiz, rahat aýakgaplary geýip, keýpine tebigata gezelenç ediň we lezzet alyň!

2. Beýik ökjeler aýaklaryňyzyň çişginliligine getirip biler. Aýaklaryňyzyň daş asylan ýaly bolup agralyp durmasyndan dynmak isleseniz, ökjesi beýik aýakgaplaryňyzy diňe toý-dabaralarda geýmek üçin niýetläp ýygnap goýuň! Şeýle eden ýagdaýyňyzda, her agşam şpilka köwüşleriňizi çykaranyňyzdan soň, aýaklaryňyzyň "gunt düşen" ýaly bolup sorkuldap durmasyndan dynarsyňyz.

3. Ökjesiz aýakgaplarda çalt ýöremek mümkin. Duralga ýa-da barmaly ýeriňe çalt ýetmek üçin howlugyp, emma bialaç öran haýaljak ädimläp gideniňize derek, şol artyk sarp edilen 15 minut wagtda kofe ýa-da çaýjagaz içip süňňüňizi ýeňledeniňiz has peýdaly bolar.

4. Beýik ökjeli aýakgaplar damar çekmesine sebäp bolup biler. Ökjeli aýakgaplary uzak wagtlap geýmekligiň, wagtyň geçmegi bilen saglygyňa zyýan ýetirmek howpy bar. Mysal üçin, ökjeli aýakgaplarda ýöreýän wagtyňda, aýaklaryň durşy nädogry ýagdaýda bolup, baldyr myşsalaryň dartylmagyna getirýar. Bu ýagdaý bolsa damar çekmäniň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

5. Beýik ökjeli aýakgaplar sellýulitiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şpilkalary yzygider geýmek, kadaly gan aýlanyşygynyň bozulmagyna eltýar. Şonuň netijesinde bolsa bedende sellýulit ýaly kynçylyklar peýda bolýar.

6. Aşagy tekiz aýakgaplarda ýöräp, dükanlara aýlanmakdan näçe diýseň lezzet alsa bolar. Dükanlara aýlanyp, göwün söýen zatlaryny saýlap-seçip satyn almak her bir zenan maşgalanyň söýgüli pişesi. Kellämizde "Bu şpilkada nädip durup ýa-da aýlanyp borka? Çaltrak öýe baryp köwşümi çykarsam, aýaklam hezil bir etse" diýen pikirler bolmasa, biz has göwnejaý söwda ederis. Onda-da, aýaklarymyza tekiz we rahat aýakgaplary geýip, howlukman dükanlara aýlansak, has peýdaly we ýerine düşen söwdany ederis. Netijede – biziň aýaklarymyz agyrmaýar we yadamaýar, dükanlara aýlanma biziň göwnümizi göterdi we biz özümize diňe gerekli zatlary aldyk.

7. Beýik ökjeli aýakgaplar göwräniň sagdyn, dik durmagyna ýaramaz täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle aýakgaplary yzygider geýmek oňurga we oňurganyň görnüşiniň üýtgemesi bilen bagly kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýar.

8. Beýik ökjeli aýakgaplar – ýygy döreýän kellagyrynyň sebäbi bolup biler. Belli bolşy ýaly, biziň bedenimizdäki ähli zatlar biri-biri bilen aýrylmaz baglydyr. Ökjelerimizde biziň ähli içki agzalarymyzyň ýagdaýyna jogap berip, örän işeňňir hereket edýän nokatlar yerleşendir. Ine beýik ökjeli aýakgaplar bolsa, şol nokatlaryň kelle beýnisine yzygider iberip duran impulslaryny tijendirip durýar. Ýöne dogry, emaý bilen geçirilen owkalama bilen kellagyryny aýryp hem bolýar. Şpilkalar bolsa dogry gan aýlanşygyny bozýar, bu bolsa beýni damarlaryna öz täsirini bildirýär. Siz ökjesi beýik aýakgaplary näçe ýygy geýdigiňizçe, şonça-da gan aýlanşygynyň kadasy bozulyp, kellagyry ýüze çykyp biler.

  • 7888 gezek okalan