• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Bedeni sagaldyjy maşklar
  • BIL ÜÇIN 6 MAŞK: GARNY AÝYRMAGYŇ WE HALAHUPY AÝLAMAGYŇ DOGRY USULY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIL ÜÇIN 6 MAŞK: GARNY AÝYRMAGYŇ WE HALAHUPY AÝLAMAGYŇ DOGRY USULY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (16 Ses)

Biz daýananymyzda ilki bilen bilimiz ýognaýar, horlananymyzda bolsa ol iň soňky bolup inçelýär. Şoňa görä-de, semräp başlanyňyzy duýan bolsaňyz, tizden-tiz degişli çäreleri geçirip başlaň.  

Ine, biliňizi inçe saklamak babatda hünärmeniň berýän maslahaty:

Halahupa şöhrat!

Halahup (türkmençe "halka") – bil üçin iň oňat türgenleşik enjamydyr. Birinjiden, ony bilimizde aýlanymyzda bir maşk arkaly köp dürli myşsalar hereketlenýär. Ikinjiden bolsa, halahup aýlamanyň owkalama täsiri hem bardyr. Halahup bedene galtaşyp, ondaky gan aýlanyşygy güýçlendirýär. Bu bolsa organizmde bolup geçýän işleriň, şol sanda horlanmanyň hem tizleşmegine ýardam berýär. Şeýle-de halahup ýag gatlaklarynyň dargap, olary limfa we gan arkaly daşynda çykarýar. Ýöne şeýle netijäni diňe halahupyň dogry saýlanylan ýagdaýynda gazanyp bolýandygy ýadyňyzda bolsun. Halahup näçe agyr bolsa, onuň bedene salýan agramy şonda-da köpdür. Ýöne tiz horlanjak bolup, demir halahupdan başlamaly däl. Sebäbi türgenlişige ýaňy başlan döwrüňizde ony bir sagat töweregi aýlamaga gurbatyňyz çatmaz. Halahupy bir sagatdan az aýlanylan ýagdaýynda oňat netijeler bolmaz. Şonuň üçin-de, öz saglyk ýagdaýyňyzdan ugur alyp, ilki plastmass halahupdan başlaň. Türgenleşmä öwrenişeniňizden soňra demir halahupa geçseňiz-de bolar.

Häzir satuwda  diş-diş görnüşinde taýýarlanylan halahuplar-da duş gelýär. Ýöne olary satyn almakdan saklanyň, sebäbi olar bile çendenaşa agram salanlarynda, oňurga hem agram salýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Diş-diş halahuplar oňurga we içki organlara zeper ýetirmekleri ahmal. Eger siz bedene salynýan agramy artdyrjak bolsaňyz, demir halahuplaryň ikisini aýlaýyň. Halahupy aýlanyňyzda esasy zat – dyzyňyzy epmän, aýaklaryňyzy göni saklap, diňe göwräňizi işlediň. Siz aýaklaryňyzy däl-de, biliňizi türgenleşdirýärsiňiz ahyryn. 

Garyn: eglip galmak

Käbir adamlar çykyp duran garynlaryny aýyrmak üçin, ýatan ýerlerinde eglip galýarlar. Olar köpden-köp eglip galmak bilen billerini inçelder öýdýärler. Ýöne olaryň bu edýän hereketleri bütinleý başga netijeleri berýär. Sebäbi garyn boşlugyndaky myşsalaryň türgenleşdirilmeginiň netijesinde biliň has-da ýogyn bolmagy ahmal.  Şeýle ýagdaýa duçar bolmaz ýaly, bedene salynýan agramy köpeltmeli däl-de, hereketjeňligi köpeltmelidir. Bu näme diýildigi? Siz eglip galanyňyzda egilmäniň aralygyny däl-de, maşkyň sanyny artdyrmaly, ýagny her gezek ýere ýazylyp, soňra dyzyňyza ýetmäge synanyşmaly däl-de, ýüzleýräk eglip-galmanyň sanyny artdyrmaly. Ýöne ýüzleý elip galmaňyzyň sany 30-dan az bolmaly däldir.  Şeýle-de, beýleki myşsalary: arkanyň, gapdallaryň myşsalaryny hem hereketlendirmegi ýatdan çykarmaň. Munuň üçin eglip galanyňyzda göwräňizi bir gezek çep dyzyňyza, bir gezek sag dyzyňyza tarap gönükdiriň. Şeýle-de garnyňyzda ýatyp, arka myşsalaryny ýygryp ýazyň. Munuň üçin garnyňyzda ýatan halyňyzdan kelläňizi we gezek-gezegine çep ýa sag aýagyňyzy galdyryň.  

Ýumşak ýerimiz barada

Inçe biliň inçe bolmagyna diňe garyn we arka myşsalar däl, eýsem, geň görünse-de,  ýumşak ýerimiz, ýagny otyrýerimiz hem ýardam berýär. Ýumşak ýerimiziň myşsalary berk bolanda, biziň katdy-kamatymyz inçe görünýär. Şonuň üçin-de, ýumşak ýeriň myşsalaryny hem türgenleşdirmegi ýatdan çykarmaň. Munuň üçin ýumşak ýere agram salýan maşklary  ýerine ýetirmeli. Mysal üçin, dik duran ýeriňizden oturyp turmak, aýaklaryňyzy ýokary galdyryp goýbermek. Aýaklaryňyzy hereketlendiriňizde, baldyryňyza agram daşlaryny baglasyňyzda bolar (ýöne olaryň agramy 2 kileden artyk bolmaly däldir). Bu maşky 6-10 gezek gaýtalaň. Bedeniňiz agrama öwrenişenden soňra, agram daşlaryň agramyny artdyrsa-da bolýar.

1. Ilkibaşdaky durum. Çep gapdalyňyza ýatyň-da, çep eliňiziň  gary süňküne daýanyň. Sag eliňizi öňüňizde goýup, aýaňyzy ýere diräň. Çep aýagyňyz öňde, sag aýagyňyz biraz yzda bolmaly.  Çanaklygyňyz ýerden 1 sm saýlanmaly.

Maşk. Uludan dem alyň. Demiňizi goýbereniňizde çep böwrüňizi mümkin boldugyndan köp egip, çanaklygyňyzy ýokary galdyryň. Dabanlaryňyzy ýerden götermäň. Diňe butlaryňyzy galdyryň. 

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:  her aýak üçin 30 gezekden 3-4 gezek etmeli.

2. Ilkibaşdaky durum.  Aýaklaryňyzy eginleriňizi ininde goýuň. Çep eliňize agramly daşy (gantelýany) alyň. Onuň agramy 2 kileden köp bolmaly däl. Soňra çep eliňizi öň tarapyňyzda aşak goýberiň, sag eliňizi arka tarapyňyzda bolsun.

Maşk. Uludan dem alyň. Demiňizi goýbereniňizde, arkaňyzyň we garnyňyzyň kese myşsalaryny dartdyryp, biliňizi aýlaň. Şunuň bilen birlikde göwräňizi göneldip, çep egniňizi yza çekiň. Bilden aşak bölegini hiç ýere aýlamajak boluň.

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:  her el üçin üçin 30 gezekden 3-4 gezek etmeli.

3. Ilkibaşdaky durum.  Aýaklaryňyzy egineleriňiziň ininden biraz giňräk aralykda goýuň. Dabanlaryňyzy biraz gapdala öwrüň. Dyzlaňyzy epmejek boluň. Çanaklygyňyzy biraz yza çekiň-de, elleriňizi biliňizde goýuň.

Maşk. Uludan dem alyň. Demiňizi goýbereniňizde, çep böwrüňizi mümkin boldugyndan egiň-de, sag böwrüňizi uzaldyň. Sag eliňizi ýere parallel edip uzadyň. Çanaklygyňyzy hereketlendirmejek boluň.

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:  her el üçin üçin 30 gezekden 3-4 gezek etmeli.

4. Ilkibaşdaky durum.  Ýerde oturyp, aýaklaryňyzy uzadyň (dyzyňyzy biraz epseňiz-de bolýar). Elleriňizi haýsydyr bir agramly zat (agyr top, kiçiräk kädi, gawun we ş.m.) alyň. Çanaklygyňyzdan 30 sm uzaklykda iki kagyz goýuň.

Maşk. Ilki göwräňizi çepe öwrüp, topy kagyza degirmäge synanyşyň. Bu hereketi saga öwrülip hem gaýtalaň. Eger başararyn öýtseňiz, kagyzy biraz yza (gapdala däl) süýşüräýiň.

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:   30 gezekden 3-4 gezek etmeli.

5. Ilkibaşdaky durum.  Ýatan ýeriňizden elleriňizewe aýagyňyzyň barmaklaryna  daýanyň.

Maşk. Uludan dem alyň. Demiňizi goýbereniňizde sag aýagyňyzyň dyzyny çep tirsegiňize gönükdiriň. Soňra muny çep aýagyňyz babatda hem gaýtalaň.

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:  her aýak üçin üçin 15 gezekden 3-4 gezek etmeli.

6. Ilkibaşdaky durum.  Ýerde ýatyň, elleriňizi gapdalyňyza uzadyň. Dyzyňyzy epip, aýaklaryňyzy gapdallaýyň goýuň.

Maşk. Uludan dem alyň. Demiňizi goýbereniňizde dyzyňyzy ýazman, aýaklaryňyzy galdyryň. Soňra aýaklaryňyzy beýleki gapdala goýuň.

Maşky näçe gezek gaýtalamaly:  15 gezekden 3-4 gezek etmeli.

Ulanylan WEB Salgy

  • 10549 gezek okalan