• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • ŞEKERIM ŞEKER... NÄÇE IÝSEM AMAN GALARKAM?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ŞEKERIM ŞEKER... NÄÇE IÝSEM AMAN GALARKAM?

  • Maral Nazarowa
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (16 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gündelik kabul edilýän gandymyzyň mukdarynyň iki esse azaldylmagyna çagyrýär. BSGG-nyň täze tekliplerine görä, adamyň her gün umumy kabul edýan kaloriýalarynyň diňe 5%-i goşulan gantdan ybarat bolmalydyr. Bu san aýallar üçin şekeriň 5-6 çaý çemçesiniň (25 g), erkekler üçin 7-8 çaý çemçesiniň (35 g) kadaly mukdar bolup durýandygyny aňladýar. Adamlaryň aglaba bölegi kesgitlenen gandyň kada hasaplanýan mukdaryndan azyndan iki esse kän kabul edýärler. Gazlandyrylan şekerli içgileriň bir gabynda dokuz çaý çemçesine (!) golaý gant saklanýar.

Bu çäklendirme diňe iýmitlere goşulýan gandy içine alman, adaty ýagdaýda duş gelýän (gant goşulmadyk) önümleri hem içine alýar: bal, siroplar, miwely şireler.

BSGG-sy bu düzgünleri gandyň adam saglygyna ýetirýan täsiriniň ylmy delillerine esaslanyp öňe sürýär. Gandyň adamyň saglygyna ýetirýan ýaramaz täsirleri dişleriň çüýremegi, semizlik, süýji keseli we rak (düwnük) keselleri bilen ýüze çykyp bilýändir.

Köpsanly geçirlen barlaglara görä, şekerli içgileriň kabul edilmegi adamlaryň semiremegine getirýär. Gant adamyň "doýgunluk" duýgusyna böwet bolup durýar we adam gandyň boş kaloriýalaryndan doýman artyk iýmitlenýär.

Gandyň görnüşleri

Gant iki görnüşde bolýar: meselem, süýdüň (laktoza), miweleriň (fruktoza) düzüminde adaty ýagdaýda bolýan we çaýymyza, şireli içgilere, miwe şirelerine goşýan sukroz görnüşindäki gandymyz. Bu görnüş "goşundy" ýagny "tebigy ýagdaýda önümlerde bolmaýan" gant diýip atlandyrylýar.

Keýpiňi köklendiriji şekeriň ýaramaz täsiri

Şeker keýpiňi göterýär, bedeniňe düşende edil neşe serişdesi höküminde täsir edýär. Şonuň üçin durmuşymyzda bir zada begenemizde, gynanamyzda gantdan dalda gözlemäne çalyşýarys. Aramyzda şekeri halamaýanlar hem, islemeýänler hem bilmezlikden, ony bolmalysyndan kän iýmekleri mümkindir. Ýarym taýar, taýar naharlarda meselem çorbalar, irden iýilýän gury şüleler, çorek, gaplardaky ýapylan batyrmalar ýaly önümleriň düzüminde gandyň möçberi ýokary bolup durýar.

Dürli ýurtlardaky alymlar berhizimizde gandyň aşa köp bolmagynyň biziň saglygymyza zyýanly täsir edip, ony azaltmalydygyna güýçli delillendirmeler, esaslar bar diýip belleýärler. Alymlar gündelik kabul edýän gandymyz bilen semizligiň, süýji keseliň, rak keselleriň, dişleriň çüýremeginiň gönümel, anyk arabaglanşygynyň bardygyny belleýärler. Alymlar adamlara, häkimiýetlere bu babatda pikir etmäge çagyryş edýärler. Iýýän, içýän tagamlarymyza täzeden göz aýlamalydygy barada nygtaýarlar.

Azajyk iýsem bolarmyka?

Ýokumlylygy ýokary bolýän iýmitleri kabul edýän adamlar üçin, aslynda hem biziň aglaba bölegimize gandy kabul etmek zerurlyk bolman durýar. Şu döwürde biziň bedenimiz gandyň berýan boş kaloriýalaryna mätäçlik çekmeýär. Aglaba bölegimiz açlykdan ejir çekmän, ofis işleri bilen meşgul bolýarys.

Gant – ýokumlylygy, peýdasy bolmadyk boş kaloriýalardyr. Ondan başga-da, gant goşulan önümleriň düzüminde ýagyň mukdary hem ýokary bolup durýandyr. Näçe kän kaloriýälary, iýmitleri kabul etsek, şonça-da semizlige bolan töwekgelligimiz artýar we gant köp keselleriň, adam ölümçiliginiň esasy sebäbine öwrülýär.

Näme etmeli?

Alymlar, lukmanlar gündelik kabul edýän gandymyzyň möçberini azaldyp, iýmitimize iri süýümli önümleriň (gök önümler, däneliler, ir-iýmişler) goşulmagynyň durmuşymyzyň uzak we sagdyn bolmagynyň töwekgelligini artdyrýandygyny belleýärler. Mümkin, ertirden bäşlap emeli ýasalan miwe şireleriniň ýerine miweleri saýlarsyňyz ýa-da çaýyňyza goşýan gandyňyzy azaldarsyňyz? Ya-da şekerli gazlandyrylan suwlardan ýuz öwürersiňiz? Uzak, sagdyn, agyrsyz, gantsyz durmuşy saýlap almak mümkindir.

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3

  • 4650 gezek okalan