• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • A WITAMINI - IŇ OŇAT ANTIOKSIDANT

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

A WITAMINI - IŇ OŇAT ANTIOKSIDANT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlar tarapyndan açylan ilkinji witaminleriň biri-de retinoldyr. Retinolyň antioksidant häsiýetleri örän güýçli bolany üçin, alymlar ony «A» witamini diýip atlandyrdylar. A witamini ýaglary eredýär. Onuň özleşdirilmegi üçin ýaglar, käbir minerallar we beloklaryň belli bir mukdary gerekdir. Adamyň bedeni A witaminini bagyrda ýygnamaga ukyplydyr. Şoňa görä-de, adam belli bir wagt düzüminde A witamini bolan önümleri iýmän hem oňup bilýär.

Retinolyň adamyň bedenine edýän täsiri şeýle bir giň welin, ony gysga parçada beýän edip-de bolmaýar. A witamininiň kömegi arkaly adamyň bedenindäki alyş-çalyş işleri, beloklaryň we ýaglaryň emele gelmegi(sintezi) bolup geçýär. Ol dişleri we süňkleri oňat ýagdaýda saklamaga, öýjükleriň sagdyn bolmagyna ýardam berýär. A witamini adamy ir garramakdan goraýar.Şeýle-de ol adamyň görejiniň sagdyn bolmagyna örän oňaýly täsir edýär. A witamini ýagtylygyň kabul edilmegi üçin, gözüň torjagazynyň (setçatkasynyň) we görüş analizatorlaryň kadalaýyk işi üçin örän gerekdir. A witamini bedeniň kesellere garşy durnuklylygyna ýardam berip, adamy ýokançlyklardan goraýar, nemli gatlaklaryň wiruslara bolan durnuklylygyny ýokarlandyrýar, leýkositleriň işlenip çykarylmagyna ýardam berýär, aşgazan-içege, dem alyş, peşew-jyns ulgamlaryny ýokançlyklardan goraýar, endokrin ulgamynyň kadalaýyk işlemegine ýardam berýär.

Adamyň ýürek-damar ulgamy hem A witaminini mätäçdir. Aterosklerozdan we stenokardiýadan ejir çekýän adamlar üçin A witamini diýseň gerekli witamindir. Sebäbi A witamini gandaky holesteriniň mukdarynyň azalmagyna kömek edýär. A witamini adamyň derisi üçin-de örän möhümdir. Ol deriniň hemme gatlaklarynyň dikeldilmegine we sagdyn bolmagyna, nemli gatlaklaryň gurluşyny saklamaga ýardam edýär. A witamini täze sagdyn dokumalaryň emele gelmegine ýardam edip, kollageniň sintezini üpjün edýär. Şeýle-de ol öýjükleriň membranasyny erkin radikallardan gorap, rak keseliniň döremeginiň öňüni alýar.

A witamininiň doly özleşdirilmegi üçin E witamini gerekdir. B witaminler topary, D witamini, sink, kalsiy we fosfor dagy hem artykmaçlyk etmez. Önümleriň taýýarlanylan, bişirilen, gaýnadylan, gowrulan ýagdaýlarynda A witamini dargasa-da, onuň 60-80% saklanyp galýar. 

Azyk önümleriniň düzümindäki beta-karotin organizmdäki turşama täsirleriň netijesinde A witaminine öwrülýär. Ýöne organizmde sink ýetmezçiligi bolanda, beta- karotin A witaminine öwrülip bilmeýär.

A witaminiň ýetmezçiliginiň ilkinji alamaty gijekörlükdir. Şeýle ýagdaýda adam iňrik garalyp başlanda ýa-da az ýagtylykly otaglarda zatlary oňat görüp bilmeýär, gözleri ýaşarýar, gözüne «gum sepilen» ýaly bolýar, göz perdesi bulanyk bolýar, gözüň nemli gatlagy guraklanýar. A witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykanda, adamyň derisi we saçy guraklanýar, derä ýygyrt düşýär, goňak peýda bolýar, dişiň syrçasy ejizleýär, aşgazan-içege we peşew-jyns ulgamlarynyň keselleri döreýär.

A witamininiň ýetmezçilik eden ýagdaýlarynda sowuklamanyň agyr görnüşleri, ysgynsyzlyk ýüze çykýar, uky we psihiki deňagramlylyk bozulýar. Ýöne A witamininiň mukdary juda artyk bolan ýagdaýlary hem adamyň bedeni üçin käbir oňaýsyzlyklary döredip bilýändigi yadyňyzda bolsun: dalak we bagyr ulalýar, aşgazanyň we içegäniň işleýşi bozulýar, saçlar düşýär, dyrnaklar gatlaklanýar, süňklerde we bogunlarda agyrylar peýda bolýar, aýallaryň aýbaşy aýlawy bozulýar. Şu zatlary sanap geçenimizden soň, şuny belläsimiz gelýär: tebigy azyk önümleriniň kadaly kabul edilýän ýagdaýynda A witamini kadalaýyk derejede saklanylýar, sebäbi adamyň bedeni özüne gerek bolan mukdary kabul edenden soň, artykmaç mukdaryny bedeniň daşyna çykarýar. Şoňa görä-de, A witaminini mümkin boldugyndan tebigy önümlerden kabul etjek bolmaly.

Häzirki wagtda derman senagaty witamin tolplumlarynyň örän köp görnüşlerini teklip edýärler. Ýöne bu toplumlaryň arasynda adam bedeninde witamin deňagramlylygyny saklap bilýänleri sanlyjadyr.  Poliwitaminleriň köpüsinde witaminleriň mukdar taýdan köp bolmagyna üns berilýär. Şeýle poliwitaminlerde käwagt bir witamin beýleki witaminiň täsirini ýatyryp bilýär. Şonuň görä-de, ýene bir gezek ýatladýarys: witaminleri tebigy önümlerden aljak bolmaly. Emeli witaminler bolsa diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda kabul edilmelidir. 

A witamininiň tebigy gözbaşlary sary, gyzyl, ýaşyl reňkli ir-iýmişler we gök önümleridir. Käşir, kädi, erik, ysmanak, petruşka A witaminine örän baýdyr. Balyk ýagynda, bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, mesgede, gaýmakda we gaýmagy alynmadyk süýtde A witamini köp mukdarda bolýandyr. Sygyr etinde, noýbalarda we gaýmagy alnan süýtde A witamininiň mukdary ujypsyzdyr.  

Bir gije-gündüziň dowamyda kabul edilmeli A witaminiň mukdary her bir adamyň beden aýratynlyklaryna, beden gurluşyna, jynsyna, psihiki we fiziki ýagdaýlaryna, ýaşyna baglydyr. Uly ýaşly erkeklere bir gije-gündiziň dowamynda 700-1000 mkg, aýallara 600-800 mkg, daýaw erkeklere we aýallara 1100-1200 mkg kabul etmek maslahat berilýär. Çagalara we ýetginjeklere bir gije-gündiziň dowamynda 400 mkg kabul etmek bolýandyr.

Makalamyzyň ahyrynda ýene-de bir bellenmeli zat — dowamly dartgynlyk ýagdaýy, agyr zähmet A witamininiň bir gije-gündizlik mukdarynyň artdyrylmagyny talap edýändir. Howa şertleri hem A witamininiň kesgitli mukdaryna «garaşýandyrlar». Mysal üçin, adam bedeni yssy howada A witaminini köp mukdarda talap edýär. Salkyn we sowuk howada bolsa A witaminine bolan mätäçlik peselýändir.

  • 4104 gezek okalan