Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GARPYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (22 Ses)

Garpyz – kädiler maşgalasyna degişli bolan bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň baldagy 2-3 metre çenli uzap, miwesi togalak, daşy ýylmanak, eti bolsa gülgüne ýa-da gyzyl bolýar.

Garpyzyň watany Günorta we Merkezi Afrika hasaplanylýar. Häzirki döwürde bu gök önüm ýer ýüzüniň gurak we yssy howaly ýurtlarynyň  96-synda ösdürip ýetişdirilýär. Biziň günlerimizde onuň 1200-den gowrak görnüşi belli.

Garpyzyň düzümi suwdan (agramynyň 80% çenli), fruktozadan, mikroelementlerden we ösümlik kletçatkadan ybarat. Fruktozanyň 30-40 gramyny adam organizmi insulinsiz siňdirip bilýär, şonuň üçin garpyzyň günde 200-300 gramyny süýji keselliler hem iýip bilýär.

Garpyzyň tagamy ondaky bar bolan şekerlere bagly. Garpyzyň etinde 5,5-den 13% çenli şekerler bar. Olar – glýukoza, fruktoza we köp bolmadyk möçberde saharoza. Garpyzyň süýjüiligini fruktoza kesgitleýär. Onuň möçberi garpyz şekeriniň 50% barabar. 3-4 kilogram garpyz miwesiniň düzüminde arassa fruktozanyň 150 gramyna çenli bar.   

Adamyň organizmine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberini ýetirmek üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.

Garpyz – pektin maddalaryň, kletçatkanyň, B1, B2, C, PP witaminleriniň, foliý turşusynyň we A prowitaminiň çeşmesi. Şeýle hem  onda margansyň, nikeliň, demriň, magniniň we kalinyň duzlary bar.

Garpyz etiniň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:

pektin maddalary – 0,68%, beloklar – 0,7%, kalsiý – 14 mg/%, magniý – 224 mg/%, natriý – 16 mg/%, kaliý – 64 mg/%, fosfor – 7 mg/%, organiki görnüşdäki demir – 1 mg/%; witaminler – tiamin, riboflawin, niasin, foliý turşusy, karotin – 0,1–0,7 mg/%, askorbin turşusy – 0,7-20 mg/%, aşgar maddalary.

Garpyzyň çigidinde25% çenli ýag bar. Bu ýag D witaminine baý we fiziki-himiki häsiýetlere görä badam ýagyna meňzeş.  

Garpyzyň 100 gramynda 38 kilokaloriýa bar.

Garpyz ter görnüşinde iýilýär. Garpyzyň eti teşnelegiňi gandyrýar. Onuň paçagyndan süýji müreppe, etinden bolsa toşap taýarlaýarlar.

Garpyz babatda garşy görkezmeleriniň ýoklugy sebäpli, ol islendik ýaşdaky adamlara peýdaly. Onuň şypa berijilik häsiýetleri lukmançylykda giňden ulanylýar.

Garpyzyň şypa berijilik häsiýetleri

Garpyz güýçli peşew we öt çykaryjy gök önüm. Şeýle hem ol gyzgyny gaçyryjy we umumy berkidiji häsiýetlere eýedir. Ony sowuklama garşy hem ulanýarlar. Ol adam bedeniniň madda çalşygyny kadalaşdyrýar, içegäniň işleýşini gowulandyrýar.

Halk lukmançykygynda garpyzyň peşew çykaryjy täsirini  böwrek, bagyr kesellerinde we ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan çişmelerde ulanýarlar.

Garpyz etiniň düzüminde adam organizmine ýeňil siňýän şekerler we suw bar. Şol sebäpli onuň dowamly we ýiti bagyr kesellerinde ulanylmagy örän peýdaly.

Garpyz çendenaşa semizlikden kösenýän adamlar üçin örän peýdaly.

Garpyz etiniň kletçatkasy iýmit siňdirmesini gowulandyrýar, adamyň organizminden holesterini çykarmaga ýardam berýär. Şeýlelikde garpyz aterosklerozda we gan basyşynyň ýokarlanmagynda (gipertoniýa) peýdaly. 

 Garpyzyň düzümindäki foliý turşusy, şeýle hem holin, C we P witaminy ýatdaşlyk bozulmalaryna (skleroza) garşy göreşýär.

Halk lukmançylygynda garpyzyň şiresini owadanlyk serişdesi hökmünde ulanypdyrlar. Ondan ýasalan ýapgy ýüzüň gurak, şeýle-de ýagly derisiniň garramagynyň öňüni alýar, ony ýumşak, ýylmanak edýär, reňkini gowulandyrýar. 

Dowamly we agyr kesellerden, şeýle hem narkoz ulanylmagy bilen geçirilen operasiýalardan soň garpyz iýmek örän peýdaly.

Dowamly sistit, nefrit kesellerinde, şeýle hem böwrekde we peşew haltada daşlar bolan ýagdaýynda garpyzdan peşew kowujy serişde taýarlamak gerek.

Foliý turşusyndan başga-da garpyzyň düzüminde demriň duzlary bar, şonuň üçin ol ganazlykda hem peýdaly. 

Gany duruzmak üçin üwelip süýde ezilen garpyz çigitleri ulanmaklyk täsirli.

Angina (basyk) we öýken inçekeselinde bokurdagy garpyz şiresi bilen çaýkamak maslahat berilýär.

Sarylama keselinden soň bagryň işleýşini dikeltmek üçin garpyz örän peýdaly.

Garpyz çigidi, kädi çigidi ýaly, gurçuklara garşy serişdedir. Ter garpyz çigitlerini ýençmeli, onsoň olary pes otda 45 minudyň dowamynda gaýnatmaly. Mundan soň süzmeli we günde 3 gezek 200-250 gramdan içmeli. 1 litr suwa 100 gram garpyz çigidi alynýar.

Kellagyrylarda, çakyzada maňlaýa galyň garpyz paçagyny goýup, daşyndan ýaglyk bilen daňyň. Bu agyrylaryň gowşamagyna kömek edýär.

Garpyzyň gündelik iýilmegi kadaly ukyny, ruhy rahatlygy üpjün edýär, erkekleriň bolsa - jyns işjeňligini (potensiýany) ýokarlandyrýar.

Garpyzy nädip saýlamaly:

  1. Garpyz möwsümi - iýul aýynyň aýagy awgust aýynyň ortasy.    
  2. Bişen garpyzy eliň aýasy bilen ýeňiljek kakyp görmeli. Ol özboluşly ses berýär.  
  3. Bişen garpyz çalaja basylanda-da şatyrdaýar.
  4. Çyzylan garpyzy hiç haçan almaň. Şikeslenen garpyz uzaga çekmeýär.
  5. Örän uly ýa-da örän kiçi garpyzy almaň. Orta göwrümdäki garpyzlary saýlaň. Olaryň agramy 5-7 kilogramdan uly bolmaly däl.
  6. Bişen garpyzyň gaptalyndaky tegmili ak däl-de sary bolmaly, şeýlede ol uly bolmasa gowy.
  7. Bişen garpyzy dyrnagyňyz bilen ýeňiljek çyzyp görüň. Daşynyň ýuka gatlagy eliňize gelmeli.
  8. Gara ýollaryň ugrunda satylýan garpyzlary hiç haçan satyn almaň! Ýolnan garpyz howadaky hapalary ýeňil siňdirýär.
  9. Garpyzyň baldagyny töweregindäki ýerine üns beriň – egerde ol daşyna çykyp çişip duran bolsa, gyralaram agaran bolsa, diýmek bu garpyz bişipdir.
  10. Garpyz bölejiginde görünýän süýümler ak bolmaly. Sary reňkli süýümler – nitratlaryň çendenaşa köpdiginiň alamaty.
  11. Nitratlaryň garpyzda ýerleşişi deň däl. Olaryň köp möçberi gabygyna we baldagyna ýakyn ýerleşýär. Çagalara garpyzyň etini ortasyndan kesip  bermeli. 
  12. Garpyzy öýe getirip keseniňizden soň, onuň etiniň bölejigini sowuk suwa  salyp goýuň . Egerde suw gülgüne reňk berse, diýmek garpyza boýaglar goşupdurlar. Şeýle garpyzy iýmek howply.
  13. Turşy ys berýän garpyzy iýmäň. Ol adam organizmini zäherlendirip biler.
  14. Bişen garpyz ýöne bir gyzyl däl-de, eýsem hökmän süýji bolmaly.
  15. Garpyzy bölekläp almaň we kesdirmäň. Kesilen garpyza mikroblar düşýär.
  16. Garpyzy iýmezden öň onuň daşyny ýuwmaly we üstünden gaýnan suw guýmaly.

Ulanylan WEB Salgy

  • 8363 gezek okalan